Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / DÖWLET GURLUŞYNYŇ KÄMIL BINÝADY
    DÖWLET GURLUŞYNYŇ KÄMIL BINÝADY surady
    23/03/2021

    734

    DÖWLET GURLUŞYNYŇ KÄMIL BINÝADY

    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň hukuk ulgamy ösýär, kanunçylyk binýady gün-günden berkeýär we degişli ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy giňeýär. Muňa «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda milli parlamentiň iki palataly ulgama geçilmegi, Baş Kanunymyz bolan Konstitusiýanyň  täze rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi hem-de Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) «Merkezi Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam» atly sebitleýin taslamasynyň çäklerinde ýurdumyzda webinar sapaklaryň geçirilmegi aýdyň şaýatlyk edýär.

    Mälim bolşy ýaly, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) bilen bilelikde «Merkezi Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam» atly sebitleýin taslamasynyň çäklerinde 2021-nji ýylyň 27-nji ýanwaryndan mart aýynyň 24-i aralygynda Türkmenistanda Administratiw hukugy we önümçiligi boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly 5 sany webinar sapaklarynyň geçirilmegi babatda ylalaşyk gazanyldy. Ýeri gelende bellesek, «Merkezi Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam» atly sebitleýin taslamasyna Merkezi Aziýa döwletleri bolan Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan we Türkmenistan gatnaşýar. Bu taslama Merkezi Aziýa döwletleriniň hukuk ulgamyny pugtalandyrmaga hem-de olarda Administratiw hukugy we önümçilgi boýunça giň gerimli işleri amala aşyrmaga giňden ýardam berýär.

    Bu taslama Merkezi Aziýa döwletleriniň özgerdilen, ösen Administratiw  düzgüniň talaplaryna laýyklykda hökümet we jemgyýetçilik dolandyryşyny gowulandyrmak ugrundaky tagallalaryna goldaw berýär. Bu bolsa, ilkinji nobatda, dolandyryş edaralaryna maslahat hyzmatlaryny we dolandyryş işgärlerine, Administratiw kazyýetlerde kazylara okuw sapaklaryny bermek arkaly amala aşyrylýar.

    Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda Gyrgyzystan, Özbegistan we Türkmenistan Administratiw düzgün barada, ýagny Administratiw hukugy we önümçiligi boýunça özleriniň kanunlaryny kabul etdiler. Şol kanun, kanun çykaryjy hökümetiň başlangyçlary bilen, Merkezi Aziýadaky ähli döwletleriň kanun çykaryjy ulgamyny kämilleşdirmäge, ykdysadyýetini we maýa goýum üçin oňyn şertleri döretmäge we ösdürmäge gönükdirilýär.

    Taslamanyň strategiýasy dört derejäni göz öňünde tutýar: Birinjiden, taslama ykdysady dolandyryş, Içeri işler we Adalat ministrlikleri bilen bilelikde  Administratiw hukugy we önümçiligini ýerine ýetirmekde ykdysady ösüş bilen baglanyşykly döwlet edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy goldaýar. Ikinjiden, telekeçiligi hasaba almak bilen önümçilik üçin iş ygtyýarnamany we oba hojalyk ýerlerini ulanamak ýaly Administratiw hukugy we önümçiliginiň sazlaşygyny göz öňüde tutup, hukuk ülňülerine laýyklaşdyrmak üçin tagallalar edýär. Üçünjiden, Administratiw kazyýetlere we ygtyýarnama berýän guramalara içerki dolandyryş önümçiliginiň täze hukuk ülňülerine we durmuşa geçiriş kadalaryna laýyklaşdyrmaga ýardam berýär. Dördünjiden, Administratiw hukugy we önümçiligi boýunça kararlar kabul edilende täze standartlary ulanyp bilmekleri üçin okuw sapaklaryny, çärelerini geçirýär. Bu taslama raýat-döwlet gatnaşyklarynda ynamly hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşant goşýar. Şeýlelikde bolsa ösen kanunçylykly hukuk binýady bolan dolandyryş ulgamy emele gelýär.

     

    Beggeldi GUTLYÝEW,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary

     institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi surady

    03/06/2025

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi
    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK surady

    03/06/2025

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE  OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    02/06/2025

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI