1511
Diplomat bolasym gelýär
...Mekdep döwrüniň iň soňky okuw ýylynyň sentýabrydy. Şol gün taryh dersinden okadýan mugallymymyz Bike Öwezberdiýewa sapak başlamazdan ozal bize täze habarynyň bardygyny aýtdy. Ol: «Okuwçylar, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň web-saýtynda bildiriş goýlupdyr. Geçen ýylky geçirilen «Parahatçylygyň ýaş çaparlarynyň» II möwsümi başlaýarmyşyn. Ýerli-ýerden taýýarlanyň! Bilýänsiňiz, geçen ýylky uçurymlarymyzyň hem birnäçesi bäsleşige gatnaşyp, şol ýokary okuw mekdebiniň talyby boldular» diýdi. Bu habar meni hem ganatlandyrdy.
Nesibäm çekip, bäsleşigiň saýlama tapgyrlaryndan üstünlikli geçdim. «Ýaş diplomatlar» mekdebiniň agzalygyna kabul edildim. Ady agzalan institut bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýardyk. Ol ýerde geçirilen ylmy-amaly maslahatlara, konferensiýalara, halypa diplomatlar bilen guralan duşuşyklara yzygiderli gatnaşdyk. Garaşylan gün — «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň III oýny hem ýetip geldi. Arzuwym hasyl bolup, nobatdaky oýnuň ýeňijisi boldum. Bu ýeňiş türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talyby bolmak arzuwyma has-da golaýlaşdyrdy.
Men ynsanperwer hem-de tebigy bilimler bilen düýpli gyzyklanýaryn. «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda biologiýa dersi boýunça 10-njy hem-de 11-nji synplarda III orny, şol bäsleşigiň çäklerinde geçirilen taslama bäsleşiginde biologiýa dersinden höweslendiriji baýragy eýelemegi başardym. Şeýle-de 10-njy synpda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti tarapyndan biologiýa dersi boýunça geçirilen bäsleşikde III orna, 11-nji synpda bolsa II orna, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň guramagynda 11-nji synp okuwçylaryň arasynda ekologiýa dersi boýunça geçirilen bäsleşikde I orna, ýene şol ders boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň guramagynda 10-11-nji synp okuwçylaryň arasynda geçirilen bäsleşikde I orna mynasyp boldum. Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýetiniň hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde guran «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşiginde hem Hormat haty bilen sylaglandym. 2022-nji ýylda bolsa Halkara Mendel olimpiadasynda bürünç medala mynasyp boldum.
Şanly wakalara beslenip, taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň bagtly uçurymy bolmagym, «Soňky jaň» dabarasynda hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýynyň gowşurylmagy begenjimi goşalandyrdy.
Taryh mugallymymyzyň aýdyşy ýaly, adam öz gyzyklanmasyny geljekki hünäri bilen utgaşdyrsa, onuň üstünlik gazanjakdygy ikuçsuzdyr. Men hem geljekde türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi hasaplanýan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda okuwymy dowam etdirip, ata-babalarymyzdan miras galan milli diplomatiýamyzy içgin öwrenip, Watanymyza gerekli hünärmen bolup ýetişmegi arzuw edýärin.
Sahydöwlet HÜMMETJUMAÝEW,
Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky
umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň uçurymy
"Nesil", 25.06.2023.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/7/articles/113039
Soňky täzelikler
01/06/2024
ÝAŞ ÇAPAR