Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • YLYMLAR GÜNI MYNASYBETLI GEÇIRILEN YLMY-AMALY MASLAHAT
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • EÝRANLY ÝAŞ DIPLOMATLAR ÜÇIN GEÇIRILEN TANYŞLYK SAPARY
        • ILÇI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ITALIÝALY WEKIL BILEN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNÜNE BAGYŞLANAN OKUW SEMINARY GEÇIRILDI
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Ylmy-amaly maslahatlar / Dil we medeni gatnaşyklaryň häzirki zaman halkara hyzmatdaşlygyndaky ornuna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
    Dil we medeni gatnaşyklaryň häzirki zaman halkara  hyzmatdaşlygyndaky ornuna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
    Dil we medeni gatnaşyklaryň häzirki zaman halkara  hyzmatdaşlygyndaky ornuna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
    Dil we medeni gatnaşyklaryň häzirki zaman halkara  hyzmatdaşlygyndaky ornuna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
    Dil we medeni gatnaşyklaryň häzirki zaman halkara  hyzmatdaşlygyndaky ornuna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
    Dil we medeni gatnaşyklaryň häzirki zaman halkara  hyzmatdaşlygyndaky ornuna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
    16/04/2026

    675

    Dil we medeni gatnaşyklaryň häzirki zaman halkara hyzmatdaşlygyndaky ornuna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat

    2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Dünýä dilleri kafedrasynyň guramagynda «Dil we medeni gatnaşyklaryň häzirki zaman halkara hyzmatdaşlygyndaky orny» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
    Häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda dilleriň ornuny we medeni diplomatiýanyň ähmiýetini ylmy taýdan seljermäge gönükdirilen bu çäre, halkara hyzmatdaşlygynda dil syýasatynyň, terjimeçilik işiniň we medeni gatnaşyklaryň döwrebap usullaryny öwrenmek hem-de bu ugurda tejribe alyşmak maksady bilen gurnaldy. Maslahatyň dowamynda dünýä dillerini öwrenmegiň diplomatik gatnaşyklary ösdürmekdäki ähmiýeti, milli medeni mirasymyzy halkara derejesinde wagyz etmekde dil biliminiň orny, sanly bilim şertlerinde dilleri okatmagyň usulyýeti hem-de talyp ýaşlaryň ylmy-barlag işlerine bolan höwesini artdyrmak ýaly meseleler boýunça dürli dillerde çykyşlar diňlenildi.
    Maslahatda institutyň meýletinçi mugallymy M.Gerwiniň «Türkmenistan – Germaniýa: medeni we ynsanperwer gatnaşyklary», Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň arap dili mugallymy D.Baýmyradowyň «Medeni mirasymyzy halkara derejesinde wagyz etmekde arap diliniň orny», Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi D.Babahanowanyň «Türkmenistan – Ýaponiýa: medeni we ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary» hem-de meýletinçi mugallym J.Tiltonyň «Halkara hyzmatdaşlygynda iňlis diliniň wajyp orny» atly çykyşlary has-da täsirli boldy.
    Çäre sorag-jogap alyşmalary bilen dowam etdi. Dünýä dillerini öwrenmegiň halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmekdäki ähmiýeti baradaky täsirli pikirleri diňlän gatnaşyjylar, maslahatyň ahyrynda döredilen mümkinçilikler üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza öz hoşallyklaryny bildirdiler.

    Hemragylyç NURMÄMMEDOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.

    Soňky täzelikler

    YLYMLAR GÜNI MYNASYBETLI GEÇIRILEN  YLMY-AMALY MASLAHAT surady

    08/06/2026

    YLYMLAR GÜNI MYNASYBETLI GEÇIRILEN YLMY-AMALY MASLAHAT
    «YLYM WE BILIM XXI ASYRDA» ATLY HALKARA ONLAÝN YLMY MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    05/06/2026

    «YLYM WE BILIM XXI ASYRDA» ATLY HALKARA ONLAÝN YLMY MASLAHATY GEÇIRILDI
    HALKARA YLMY-AMALY MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    04/06/2026

    HALKARA YLMY-AMALY MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI