16/08/2023
1112
BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly ÝUNESKO bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň BMG-niň parahatçylygyň, howpsuzlygyň esaslarynyň pugtalanmagyna we ählumumy ösüşiň gazanylmagyna gönükdirilen strategik hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup durýär.
ÝUNESKO 192 sany hemişelik agza, 6 sany assosirlenen agza döwletleriniň arasynda bilim, ylym, medeniýet we aragatnaşyk babatda halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine ýardam edýär. Umumyadamzat gymmatlyklaryna, islendik siwilizasiýanyň we medeniýetiň özygtyýarlylygyna hormat goýmak bu guramanyň ileri tutýan ýörelgesidir. Medeni mirasy goramak bu guramanyň işiniň esasy ugurlarynyň biridir. 1972-nji ýylyň 16-njy noýabrynda medeni we tebigy mirasy goramak barada ÝUNESKO-nyň Konwensiýasy kabul edildi. 1976-njy ýylda Bütindünýä mirasy komiteti döredildi. 1978-nji ýylda onuň sanawyna ilkinji obektler girizildi. 2010-njy ýylyň awgust aýyndaky ýagdaýa görä, Bütindünýä mirasynyň sanawynda — 911 obýekt bolup, şolaryň 704-sy medeni, 180-si — tebigy we 27-si — garyşyk ýadygärliklerdir. Olar dünýäniň 145 ýurdunda ýerleşendir.
Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda Londonda ÝUNESKO-nyň Konwensiýasyna gol çekilensoň, bu abraýly halkara guramasynyň doly ygtyýarly agzasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-nji ýylyň 9-njy sentýabryndaky ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli iş topary döredildi. 1995-nji ýylyň dekabrynda Parižde Türkmenistanyň ÝUNESKO-daky wekilhanasy açyldy. Türkmenistan ÝUNESKO-nyň ugry boýunça Aziýa we Ýuwaş okeany sebitinde ýokary bilim boýunça okuw kurslaryny, diplomlary we derejeleri ykrar etmek baradaky sebit Konwensiýasyna, biologik dürlülik baradaky Konwensiýa, Bütindünýä mirasy boýunça Konwensiýa goşuldy.
Täze Galkynyş zamanasynda halkymyzyň medeni mirasyny öwrenmek babatda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda abyrsyz uly işler alnyp barylýar. Müňýyllyklardan habar berýän gadymy binalary ýüze çykarmakda, öwrenmekde daşary ýurtly hünärmenler bilen hyzmatdaşlygyň çygry giňelýär. Adamzat medeni mirasynyň altyn hazynasyna giren şol taryhy binalaryň, ýadygärlikleriň ygtybarly goralyp saklanylmagy üçin, olary rejelemek we dikeltmek meselesine aýratyn üns berilýär. Dünýäniň medeni mirasynyň bir bölegi hasaplanylýan taryhy tapyndylary öwrenmek, dikeltmek boýunça işler jahankeşdeligiň we syýahatçylygyň ösdürilmegi bilen utgaşykly alnyp barylýar. ÝUNESKO-nyň goldawy bilen Türkmenistanda 2002-nji ýylyň 16-18-nji oktýabrynda «Türkmenistanyň we Gündogaryň halklarynyň taryhy-medeni mirasy dünýä bileleşiginde», 2004-nji ýylda «Türkmenistan — Änew medeniýetiniň we ak bugdaýyň watanydyr», 2006-njy ýylda «Baky Bitarap Türkmenistan — ÝUNESKO: taryhy-medeni gymmatlyklara baha bermek we dünýä mirasynyň ýadygärliklerini gorap saklamagyň ýollaryny kesgitlemek», 2006-njy ýylda Mary welaýatynda «Gadymy Margiana dünýä siwilizasiýasynyň täze merkezidir», 2008-nji ýylda «Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň we siwilizasiýalaryň ojagydyr» atly Halkara ylmy maslahatlary geçirildi.
Medeni-taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak, medeni mirasy öwrenmek we halka ýaýmak Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu babatda ençeme işler durmuşa geçirildi. 1999-njy ýylda gadymy Merwiň, 2005-nji ýylda Köneürgenjiň ýadygärlikleri, 2007-nji ýylda gadymy Nusaý galasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite karary bilen 2007-nji ýylyň 5-7-nji dekabrynda «Nusaý dünýä medeni ösüşiniň gadymy ojagydyr», 2008-nji ýylyň 27-29-njy awgustynda geçirilen «Täze Galkynyşlar zamanasy we Dehistanyň gadymy taryhy» atly halkara ylmy maslahatlary bolsa hökümetimiziň taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmäge we goramaga uly ähmiýet berýändigini dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine ýene bir ýola aýan etdi.
2011-nji ýylyň 3-6-njy maýy aralygynda ÝUNESKO-nyň Ýüpek ýoluny Bütindünýä mirasynyň sanawyna teklip etmek baradaky Utgaşdyryjy geňeşiniň ikinji duşuşygy geçirildi. Ýeri gelende ýatlasak, Aşgabatda Ýüpek ýolunyň ugrundaky medeni mirasy öwrenmek babatda ÝUNESKO tarapyndan öň birnäçe işler durmuşa geçirilipdi. Hususan-da, 1988 we 1997-nji ýyllar aralygynda «Ýüpek ýolunyň düzümleýin barlagy: Dialogyň ýollary» atly taslama amala aşyryldy. 1994-1995-nji ýyllarda ÝUNESKO-nyň ýardam bermeginde gadymy Merwiň 2500 ýyllygy bellenilip geçildi. Turizmiň medeniýete täsiri, Ýüpek ýoly boýunça medeni turizm taslamasy amala aşyryldy. Bu gezekki Aşgabat forumyna dünýäniň 12 ýurdundan, şeýle hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy Merkeziniň, Ýadygärlikleri we ajaýyp ýerleri aýawly saklamak boýunça halkara geňeşiniň, Merkezi Aziýa barlaglarynyň halkara institutynyň ýokary wezipeli işgärleri we Londonyň uniwersitet kollejiniň bilermenleri gatnaşdylar. Utgaşdyryjy geňeşiň bir ýarym ýyl mundan ozal Hytaýda geçirilen birinji duşuşygynda bu teklibiň deslapky görnüşi tassyklanypdy. Gürrüň gadymýetdäki ähmiýeti bu günki günde-de birjik-de peselmän, gaýtam artýan Beýik ýüpek ýolunyň ugrundaky taryhy we medeni ýadygärlikleri dünýä derejesinde goramak hakda barýar.
Beýik Hytaý diwaryndan çykyp, Ýewropa sary rowana bolan söwda kerwenleriniň Merkezi Aziýanyň şäherleriniň üstünden ýol salandygy bize taryhdan mälim. Diňe bir söwda ýoly bolmadyk, eýsem ençeme asyrlaryň dowamynda Gündogaryň we Günbataryň siwilizasiýalaryny baglanyşdyran bu ýoly XIX asyrda ýaşan nemes geografy we geology Ferdinand fon Rihtgofen «Beýik Ýüpek ýoly» ady bilen ylmy dolanyşyga girizipdir. Türkmen topragy Ýüpek ýolunyň ugrunda iň bir amatly çatryk bolupdyr. Gadymy Gürgenjiň, Amulyň, Zemmiň, Merwiň, Sarahsyň, Abywerdiň, Nusaýyň, Ferawanyň, Jürjanyň, Dehistanyň kerwensaraýlary dürli ýurtlaryň kerwenleriniň goş ýazdyrýan ýerleri bolupdyr. Ýüpek ýolunyň ähli ugruny doly geçmegi niýet edinmedik hytaý täjirleri özleriniň harytlarynyň köp bölegini türkmen topragynda ýerläpdirler. Bu ýerden üzüm çybyklaryny ýorunja tohumyny öz watanyna äkidipdirler. Parfiýa atlaryna hytaý täjirleri aýratyn isleg bildiripdirler. Hut türkmen topragyndan Ýüpek ýoly ýene-de ençeme ugurlara bölünipdir. Amul şäherinden bir ýol Owganystana we Hindistana, beýlekisi Horezme we Merwe gidipdir. Merwden çykan kerwenler Sarahsa, Nyaşapura, Abiwerde, Nusaýa, Ferawa, Gürgene, Dehistana, ol ýerlerdenem Hazar deňziniň günorta kenarlary bilen günorta-günbatarlygyna arap ýurtlaryna we Ýerwopa tarapa gidipdirler. Köneürgenjiň üsti bilen Ýüpek ýolunyň bir şahasy Wolganyň aşak akymlary bilen Kawkaza we Gara deňziniň demirgazyk kenaryndaky ýurtlara barypdyr. Parfiýa türkmenleriniň şadöwleti Hytaý bilen Rimiň aralygyndaky bu ýoluň ugrundaky araçynyň wezipesini ýerine ýetiripdir. Beýik Seljuk-türkmen şadöwleti öz çäklerinden geçen kerwenleriň goragyny öz üstüne alypdyr. Seljuklar döwrüniň kerwensaraýlarynda täjirleriň oňat dynç alyp, ýene-de ýola rowana bolmagy üçin amatly şertler döredilipdir.
Aşgabat forumynda hünärmenler Ýüpek ýoluny Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek barada indi birnäçe ýyl bäri dowam edýän işiň barşyna seljerme berdiler. Şol wagtyň dowamynda bu taryhy-medeni täsinligiň anyk çäkleri anyklanyldy. Dürli ýollaryň 35 müň kilometrinden 7500 kilometre barabar bolan has möhüm böleklerine, olaryň ugrunda ýerleşen ýadygärlikleriň 2500-sine garamak bellenildi. Türkmenistanyň UNESKO-nyň işleri boýunça Milli topary medeniýetleriň özara dialogyny guramakda, taryhy we tebigy ýadygärlikleri gorap saklamak, ekologiýa hem-de beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy alyp barmakda birnäçe işleri alyp barýar. Türkmenistanyň medeni mirasynyň seriýalaýyn nominasiýasynyň deslapky sanawyna gadymy Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ajaýyp medeni-taryhy ýadygärlikleriň 25-si hödürlenildi. Olaryň köpüsi Bütindünýä mirasynyň sanawyna alnan Merw, Köneürgenç, Nusaý taryhy-medeni goraghanalarynyň çäginde ýerleşendir. Bular hünärmenler bilen birlikde dünýä jahankeşdeleriniň ünsüni özüne çekýän kerwensaraýlardyr, köşklerdir, metjitlerdir, keramatly ýerlerdir. Utgaşdyryjy geňeşiň işine gatnaşan hünärmenler ol ýadygärlikleriň ençemesinde bolup, taryhy-medeni mirasa aýawly garamak baradaky döwlet syýasatynyň miwelerini öz gözleri bilen görmäge mümkinçilik aldylar. Hormatly Prezidentimiz bu günki günde dünýäde Beýik ýüpek ýoluny häzirki zamanyň iň kämil kommunikasiýa serişdeleri arkaly gaýtadan dikeltmegiň başyny başlaýjy bolup çykyş edýär. Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi, Transaziýa demir ýol geçelgesi, Pars aýlagy-Merkezi Aziýa ulag we üstaşyr geçelgesi munuň aýdyň subutnamasydyr. Beýik Ýüpek ýolunyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna alynmagy bilen Türkmenistanyň dünýäde taryhy-medeni syýahatçylygyň jennet mekanyna öwrüljekdigi şübhesizdir.
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň DIM-niň
Halkara gatnaşyklary instituty.
«Diýar» žurnaly, №5, 2011, 10-11 s.