899
“Beýik ýüpek ýolunyň medeni gatnaşyklary we ekologiýa boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki ähmiýeti” atly ylmy-amaly maslahat
2021-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Beýik Ýüpek ýolunyň medeni gatnaşyklary we ekologiýa boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki ähmiýeti” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Ogulgurban Ezimowa, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgärleri Paşaguly Garaýew hem-de Merdan Nepesow çykyş edip, Beýik Ýüpek ýolunyň medeni gatnaşyklaryny ösdürmekdäki hem-de ekologiýany goramakdaky ähmiýetini hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyndan gyzykly maglumatlaryň üsti bilen düşündirdiler. Şeýle-de Beýik ýüpek ýoly iki sany beýik siwilizasiýanyň Günbataryň we Gündogaryň arasyndaky gepleşiklerde esasy wezipäni ýerine ýetirendigi, kerwen ýollary bilen diňe bir haryt däl, eýsem, ylym-bilim ýaýradylyp, medeni, ruhy gymmatlyklar, açyşlar, hojalygy dolandyrmagyň tejribesi alyş-çalyş edilendigi barada täsirli gürrüň berip, Beýik Ýüpek ýolunyň sebitara ekologiýany we abadançylygy pugtalandyrmakdaky wezipesini hem-de diplomatik gatnaşyklary aýratyn-da parahatçylygy üpjün etmekdäki ähmiýetini aýdyňlaşdyrdylar.
Ylmy-amaly maslahat özüniň täsirliligi bilen tapawutlanyp, oňa gatnaşanlar, hususan-da talyp ýaşlar üçin uly ähmiýete eýe boldy.
Batyr ESENOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby,
“Paýhas we parasat” gurnagynyň agzasy.