16/08/2023
993
BEÝIK YNSANPERWERLIGIŇ YKRARNAMASY
Medeni-gumanitar hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Bu ugurda halkara guramalary, hususanda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy, ýagny UNESCO bilen hyzmatdaşlyga uly orun degişli. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly UNESCO bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň BMG-niň parahatçylygyň, howpsuzlygyň esaslarynyň pugtalanmagyna we ählumumy ösüşiň gazanylmagyna gönükdirilen strategik hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup durýär. 6-njy maýda milli medeniýeti ösdürmäge, medeni-taryhy ýadygärlikleri aýawly saklamaga goşan uly goşandy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa UNESCO-nyň ýokary sylagy bolan «Awisenna» altyn medaly gowşuryldy. Sylagy gowşurmak üçin UNESCO-nyň Baş sekretary Koiçiro Masuuri Aşgabada geldi. Iri halkara guramasy tarapyndan döredilen hem-de ildeşimiz Ibn Sinanyň adyny göterýän, diňe döwlet baştutanlary sylaglanýan Altyn medalyň hem syýasatçynyň, hem alym-lukmanyň häsiýetlerini özünde jemleýän adama — biziň hormatly Prezidentimize gowşurylmagynyň simwoliki manysy bardyr. Ýeri gelende ýatlasak, hormatly Prezidentimiz entek hökümetde ylym, bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlaryna ýolbaşçylyk edýän mahalynda bu tanymal alymyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» kitaby ilkinji gezek türkmen diline terjime edilip, neşir edilipdi. Hormatly Prezidentimize UNESCO-nyň «Awisenna» atly altyn medalynyň gowşurylmagy bilen baglanyşykly şatlykly wakanyň ýaňynyň biziň watandaşlarymyzyň ýüregini joşduran günlerinde bu halkara guramasynyň işi, onuň bilen Türkmenistanyň alyp barýan hyzmatdaşlygy hakda has anygrak gürrüň etmek ýerlikli bolardy.
Islendik jemgyýet ylym-bilimsiz, medeniýetsiz öňe gidip bilmez. Asyrlaryň dowamynda adamzat tarapyndan toplanan ylym-bilim hazynasy, medeni gymmatlyklar — umumadamzat medeniýetiniň genji hazynasy. Ol gazna her halkyň öz goşandyny goşmaga, öz medeniýeti bilen täzeçe röwüş çaýmaga, öz gezeginde beýleki halklaryň döreden gymmatlyklaryndan özi üçin «susup» almaga haky bardyr. Köp ugurly, dürli öwüşginli ylym-bilim we medeniýet geçen asyrda milli serhetleriň, dini tapawutlaryň çygryndan çykdy. XX asyrda adamzat ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynda ähli döwletleriň tagallalarynyň birleşdirilmelidigine hasam ýiti düşündi. 1922-1946-njy ýyllarda hereket eden Milletler Ligasynyň intellektual hyzmatdaşlyk baradaky ýörite komiteti bu baradaky işleri utgaşdyrdy. Ikinji jahan urşy tamamlanandan soň döredilen UNESCO guramasy bolsa bu işi hasam guramaçylykly ýagdaýda alyp barýar.
UNESCO — Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasy bolup, ol 1945-nji ýylyň 16-njy noýabrynda döredildi. BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň maksady bilimiň, ylymyň we aragatnaşygyň esasynda adamlaryň aňynda beýik pikiri — parahatçylygy goramak, hoşniýetlik, geçirimlilik pikirini oýarmakdan ybaratdyr. Bu guramanyň tertipnamasynda «Uruş hakdaky pikir adamyň aňynda döreýär, şonuň üçin hem olaryň aňynda parahatçylygy goramak, pikirini oýarmaly» diýen sözler ýöne yglan edilen şygar däl-de, onuň ýörelgesidir. Guramanyň maksady adalatlylygy, kanunylygy we adam hukuklaryny ählumumy hormatlamagy, şeýle hem BMG-niň tertipnamasynda ykrar edilen teniniň reňkine, jynsyna, diline ýa-da dinine garamazdan, ähli halklar üçin ykrar edilen esasy hukuklaryny üpjün etmek maksady bilen halklaryň bilim, ylym we medeniýet pudagynda hyzmatdaşlygyny giňeltmek arkaly parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge ýardam etmekdir.
UNESCO 192 sany hemişelik agza, 6 sany assosirlenen agza döwletleriniň arasynda bilim, ylym, medeniýet we aragatnaşyk babatda halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine ýardam edýär. Umumadamzat gymmatlyklaryna, islendik siwilizasiýanyň we medeniýetiň özygtyýarlylygyna hormat goýmak bu guramanyň ileri tutýan ýörelgesidir.
Öz mandatyny amala aşyrmak maksady bilen UNESCO bäş sany esasy wezipäni durmuşa geçirýär:
* Dünýäniň ertirki geljegi üçin zerur bolan bilimiň, ylmyň, medeniýetiň we aragatnaşygyň görnüşleri barada geljege gönükdirilen barlaglary alyp barýar;
* Ylmy barlaglara, hünärmenleri taýýarlamaga we okatmaga daýanmak bilen bilimleri ilerletmegi, bermegi we alyşmagy guraýar;
* Normatiw işleri alyp barýar: halkara resminamalaryny hem-de ýerine ýetirilmegi hökmany hödürnamalary taýýarlaýar we kabul edýär;
* Agza döwletleriň bilermenlerine ösüş syýasatyny kesgitlemekde we taslamalary taýýarlamakda tehniki hyzmatdaşlyk etmekde hyzmatlaryny hödürleýär;
* Ýöriteleşdirilen maglumatlaryň alyş-çalşygyny guraýar.
Baş maslahat UNESCO-nyň ýolbaşçy edarasydyr. Oňa agza döwletleriň wekilleri girýär. Ol iki ýyldan bir gezek ýygnanýar. Baş maslahat UNESCO-nyň işiniň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Guramanyň indiki iki ýyla niýetlenen maksatnamasyny we býujetini tassyklaýar. Dört ýylda bir gezek Ýerine ýetiriji geňeşiň agzalaryny we Baş direktory saýlaýar. Iňlis, arap, ispan, hytaý, rus, fransuz dilleri onuň iş dilleri hasaplanýar. Guramanyň ştab-kwartirasy Parižde ýerleşýär.
UNESCO bütin dünýäde ählumumy sowatlylygy gazanmak üçin ençeme işleri durmuşa geçirýär. 1948-nji ýylda UNESCO hökmany we ählumumy başlangyç bilim hakynda hödürnamany kabul etdi.
Medeni mirasy goramak bu guramanyň işiniň esasy ugurlarynyň biridir. 1972-nji ýylyň 16-njy noýabrynda medeni we tebigi mirasy goramak barada UNESCO-nyň Konwensiýasy kabul edildi. 1976-njy ýylda Bütindünýä mirasy komiteti döredildi. 1978-nji ýylda onuň sanawyna ilkinji obektler girizildi. 2009-njy ýylyň aprel aýyndaky ýagdaýa görä, Bütindünýä mirasynyň sanawynda — 878 obýekt bolup, şolaryň 679-sy medeni, 174-si — tebigy we 25-si — medeni we tebigy ýadygärlikleriň garyşyk ýadygärliklerdir. Olar dünýäniň 145 ýurdunda ýerleşendir. Bütindünýä mirasynyň sanawyna giren obýektlere aşaky artykmaçlyklar berilýär:
* Seýrek tebigy toplumlaryň bitewiligine we goraglylygyna goşmaça kepilnamalar berilýär.
* Bu çäge giren ýerleriň we ony dolandyrýan edaralaryň abraýy ýokarlanýar.
* Sanawa giren obýektleriň meşhurlygy artýar we tebigatdan peýdalanmagyň alternatiw (ilkinji nobatda, ekologiýa turizmi) usullary döreýär.
* Bütindünýä medeni we tebigy mirasynyň obýektlerini goramak üçin maliýe serişdelerini, ilkinji nobatda Bütindünýä mirasynyň Gaznasyndan serişdeleri çekmäge mümkinçilik berýär.
*Tebigy obektleriň ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin monitoringi guramaga ýardam edýär.
UNESCO adamyň işjeň hojalyk işiniň täsiri, hem-de tebigy täsirleriň netijesinde dünýäniň ençeme taryhy ýadygärlikleriniň ýok bolmagynyň öňüni almakda ençeme işleri bitirdi. Muňa mysal hökmünde Müsürdäki Nubiýa döwletiniň ýadygärlikleriniň goralmagyny agzap bolar. 1960-njy ýylda guramanyň tagallasy bilen Abu Simbel uly ybadathanasy göçürildi. Netijede, Asuan bendiniň gurulmagy zerarly bu ýadygärligiň Niliň suwunyň astynda galmagynyň öňi alyndy. 20 ýylyň dowamynda alnyp barlan bu iri möçberli işiň netijesinde başga-da 22 sany arhitektura ýadygärligi goralyp saklandy. Päkistandaky Mohenjo-daro, Marokkodaky Fesa, Nepaldaky Katmandu, Indoneziýadaky Borobodura, Gresiýadaky Afiny akropoly halas edildi.
1952-nji ýylda UNESCO tarapyndan guralan hökümetara konferensiýasynda awtorlyk hukugy hakda Bütindünýä konwensiýasy kabul edildi.
UNESCO ençeme halkara baýraklaryny döretdi. Olaryň arasynda Feliks Ufuýe-Buan adyndaky parahatçylyk baýragy hem-de L’Oreal adyndaky «Aýallar we ylym» atly halkara baýraklary bar. UNESCO halkara günlerini, ýyllaryny, onýyllyklary hem belleýär. Agza döwletleriň möhüm wakalarynyň bellenmegine gatnaşýar. Meselem, 2006-njy ýylda UNESCO Samarkandyň 2750 ýyllygyny, meşhur kompozitor Mosartyň doglan gününiň 250 ýyllygyny, Tretýakow galereýasynyň 150 ýyllygyny belledi.
UNESCO-nyň ýokary sylaglarynyň birem 1980-nji ýylda döredilen «Awisenna» altyn medalydyr. Onuň örän ýokary statusy bar. Ol diňe döwlet baştutanlaryna berilýär. Şu wagta çenli sanlyja döwlet baştutanyna berlen bu ýokary sylagyň ýakynda hormatly Prezidentimize gowşurylmagy biziň üçin hasam guwandyryjy ýagdaýdyr. Bu sylag mertebeli döwlet Baştutanymyzyň ençeme ýyllaryň dowamynda alyp barýan ynsanperwer maksatly işleriniň giden toplumynyň halkara bileleşigi tarapyndan ýene bir ýola ykrar edilmesiniň aýdyň subutnamasydyr.
Ylym-bilime hemaýat, medeni mirasy gorap saklamak hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Milli Liderimiziň entek ählihalk goldawyny alyp, Prezidentlige saýlanmanka hem bu ugurda ençeme işleri durmuşa geçirendigini turuwbaşdan nygtamakçy bolýarys. Hökümetiň Baştutanynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlaryna jogapkär Orunbasary bolup işlän ýyllarynda hormatly Prezidentimiz bu ugurlardan ençeme uly işleri bitiripdi. Medeni-taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak, medeni mirasy öwrenmek we halka ýaýmak babatda ençeme işleriň başy başlanypdy. Bu babatda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýlupdy. Netijede, 1999-njy ýylda gadymy Merwiň, 2005-nji ýylda Köneürgenjiň ýadygärlikleri, 2007-nji ýylda gadymy Nusaý galasy UNESCO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Hut hormatly Prezidentimiziň pudaga ýolbaşçylyk eden ýyllarynda türkmen halkynyň milli taryhyny öwrenmek, medeni-taryhy ýadygärliklerimizi gorap saklamak babatda uly möçberli işleriň başy başlanypdy. Gadymýetiň syrly sahypalaryny öz goýnunda gizläp ýatan türkmen topragynyň dürli künjeginde daşary ýurtly alymlar bilen bilelikde arheologiýa gazuw-agtaryş işlerine türkmen hökümeti ýakyndan ýardam beripdi. Olaryň netijesinde bolsa uly açyşlaryň üstünden barlypdy. Muňa belli arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidiniň gadymy Marguş ýurdunyň paýtagty hasaplanýan Goňurdepede soňky 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda geçiren gazuw-agtaryşlarynyň netijesinde dünýä medeniýetiniň öň ylma näbelli bolan täze ojagynyň — Margiana siwilizasiýasynyň üstüniň açylmagam mysaldyr. Dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çeken bu açyşlaryň edilmeginde hormatly Prezidentimiziň gönüden-göni tagallasynyň we hemaýatynyň bardygyny tekrarlamak zerur. Alyma Goňurdepede giň möçberli gazuwlary geçirmek üçin döwlet tarapyndan ähli zerur maddy we ruhy kömek berildi. Goňurdepdäki açyşlaryň dünýä ylmy jemgyýetçiligine gyzgyny bilen ýetirilmegi üçin W. I. Sarianidiniň birnäçe kitaplary türkmen hökümetiniň ýardam bermeginde türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edildi. Hormatly Prezidentimiz 2006-njy ýylyň maýynda Aşgabatda we Daşoguz welaýatynda UNESCO-nyň goldamagynda geçirilen «Baky Bitarap Türkmenistan — UNESCO: taryhy-medeni gymmatlyklara baha bermek we dünýä mirasynyň ýadygärliklerini gorap saklamagyň ýollaryny kesgitlemek», şol ýylyň noýabrynda Mary welaýatynda «Gadymy Margiana dünýä siwilizasiýasynyň täze merkezidir» atly Halkara ylmy maslahatyň guralmagynda uly işleri bitiripdi.
Türkmenistan — ençeme döwletleri, medeniýetleri, siwilizasiýalary dünýä beren toprak. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiz özüniň çykyşlarynda uly buýsanç bilen ýatlaýar. 2007-nji ýylda Kolumbiýa uniwersitetinde eden çykyşynyň başyny hormatly Prezidentimiziň «siziň ýurduňyza hem häzirki ýaşaýan halklara hem-de taryhy wakalaryň dowamynda ýitip giden halklara wekilçilik edýän iňňän gadymy siwilizasiýalaryň sebitinden geldim» diýen sözleri bizi ol ýere ýygnananlarda aýratyn täsir galdyrdy. Öz halkynyň taryhyna, medeni mirasyna çuňňur sarpa goýýan döwlet Baştutanymyz Türkmenistany syýahatçylarda hem, alymlarda hem birmeňzeş gyzyklanma döredýän gadymylyklaryň hazynasy hökmünde häsiýetlendirdi.
Täze Galkynyş zamanasynda halkymyzyň medeni mirasyny öwrenmek babatda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda abyrsyz uly işler alnyp barylýar. Müňýyllyklardan habar berýän gadymy binalary ýüze çykarmakda, öwrenmekde daşary ýurtly hünärmenler bilen hyzmatdaşlygyň çygry giňelýär. Adamzat medeni mirasynyň altyn hazynasyna giren şol taryhy binalaryň, ýadygärlikleriň ygtybarly goralyp saklanylmagy üçin, olary rejelemek we dikeltmek meselesine aýratyn üns berilýär. Dünýäniň medeni mirasynyň bir bölegi hasaplanylýan taryhy tapyndylary öwrenmek, dikeltmek boýunça işler jahankeşdeligiň we syýahatçylygyň ösdürilmegi bilen utgaşykly alnyp barylýar. Halkymyzyň ruhy-medeni gymmatlyklaryny, akyldarlarymyzyň we şahyrlarymyzyň bize goýan ylmy-edebi miraslaryny düýpli öwrenmek we dünýä ýaýmak maksady bilen halkara ylmy maslahatlary ýygy-ýygydan geçirilýär. Munuň özi döwletimizde halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen ruhy gym-matlyklaryny öwrenmekde halkara ylmy jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlykda netijeli işleriň alnyp barylýandygyny görkezýär. Soňky iki ýylyň dowamynda milli Liderimiziň başlangyjy bilen Mahmyt Zamahşarynyň, Abusagyt Abylhaýyr Mänebabanyň, Mahmyt Kaşgarlynyň, Nejmeddin Kubranyň, Muhammet Gaýmaz Türkmeniň ylmy-edebi miraslaryna bagyşlanan halkara ylmy maslahatlary geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite karary bilen 2007-nji ýylyň 5-7-nji dekabrynda «Nusaý dünýä medeni ösüşiniň gadymy ojagydyr», 2008-nji ýylyň 27-29-njy awgustynda geçirilen «Täze Galkynyşlar zamanasy we Dehistanyň gadymy taryhy» atly halkara ylmy maslahatlary bolsa hökümetimiziň taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmäge we goramaga uly ähmiýet berýändigini dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine ýene bir ýola aýan etdi.
Medeni mirasymyzy öwrenmekde we gorap saklamakda UNESCO bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyga uly orun degişlidir. Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda Londonda UNESCO-nyň Konwensiýasyna gol çekilensoň, bu abraýly halkara guramasynyň doly ygtyýarly agzasy boldy. Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak boýunça UNESCO-nyň Konwensiýasyna Türkmenistan 1994-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda gol çekdi. Aşgabatda UNESCO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli iş topary işjeň hereket edýär. Iş toparynyň işçi organy hökümet bilen ysnyşykly işläp, UNESCO bilen hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary boýunça teklipleri taýýarlaýar, işleri utgaşdyrýar. UNESCO-nyň ýardam bermeginde ýurdumyzda taryhy ýadygärlikleri goramak we rejelemek, tebigaty goramak, biodürlülik babatda birnäçe halkara maslahatlary, seminarlary geçirildi. Hormatly Prezidentimiz hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin UNESCO-nyň Tährandaky sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kunli Hany ençeme gezek kabul etdi. Bu gurama bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygyň çäklerinde diňe bir taryhy ýadygärlikleri däl, eýsem Bütindünýä mirasynyň sanawyna türkmen tebigatynyň täsin künjekleri bolan döwlet tebigy goraghanalarynyň 6-sy — Sünt-Hasardag, Bathyz, Amyderýa, Repetek, Hazar, gadymy dinozawrlaryň yzlaryny goýnunda saklaýan Köýtendag goraghanalary, şeýle hem ajaýyp hem gaýtalanmajak ekoulgam bolan Garagum çölüni goşmak barada teklipler taýýarlanyldy we garamagyna berildi. Bu tebigy ýadygärlikler dünýäde gaýtalanmaýanlygy, ýeke-täkligi üçin bu sanawa hödürlenýär.
Sözümiziň ahyrynda hormatly Prezidentimizi UNESCO-nyň «Awisenna» atly altyn medaly bilen sylaglanmagy mynasybetli tüýs ýüregimizden gutlaýarys. Türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak babatdaky işlerinde üstünlikleriň ýar bolmagyny dileýäris.
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň DIM-niň
Halkara gatnaşyklary instituty
«Türkmenistan», №127, 13.05.2009.