1013
Beýik ösüşleri nazarlaýan dost-doganlyk gatnaşyklary
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her bir güni şanly senelere, baý taryhy wakalara beslenýän Diýarymyzda ähli ulgamlarda uly ösüşler gazanylýar. Esasan hem halkara gatnaşyklary ulgamyny has-da ýokarlandyrmak, dünýä döwletleri bilen ysnyşykly gatnaşyklaryny berkitmek ýaly meseleler boýunça birnäçe maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Muňa Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Kasym-Žomart Tokaýewiň döwlet sapary bilen biziň ýurdumyza gelmegi we bu ugurda iki ýurduň arasynda möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy hem aýdyň mysal bolup biler. Gadymy döwürlerden bäri doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, umumy taryhy kökleri, dili, ruhy däp-dessurlary baglanyşdyrýan taryhy dostluk gatnaşyklaryndan gözbaş alyp gaýdýan türkmen-gazak hyzmatdaşlyklarynda häzirki wagtda has-da ýokary netijeli wezipeler ýola goýuldy. Syýasy, ykdysady, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurdaky, medeniýet, syýahatçylyk hem-de sport ulgamlaryndaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde ikitaraplaýyn maksatnamalaryň ençemesi ýerine ýetirilýär. Iki Hazarýaka döwletleriň arasynda esasan hem söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigine aýratyn üns berilýär, bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmek, özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, işewürler toparlarynyň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin birnäçe işler alnyp barylýar. Bu ugurdan ulag-kommunikasiýalar pudagy ýaly örän möhüm ugurda hyzmatdaşlyk ýola goýulmagy, munuň özi goňşy ýurtlaryň çäk taýdan amatly ýerleşmegi hem-de üstaşyr mümkinçilikleri bilen şertlendirilendir.
Hormatly Prezidentimiz ýakynda Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Mamini bilen duşuşygynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin biziň ýurtlarymyzyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläpdi we döwletara gatnaşyklaryň täze geljegi uly ugurlaryny kesgitlemekde ykdysady, ylmy-tehniki hem-de medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gazak toparynyň işiniň ähmiýetini nygtapdy.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde türkmen we gazak halklarynyň gadymy doganlyk hem-de birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine daýanylýar. Iki döwletiň halkara gatnaşyklarynda parahatçylyk söýüjilik hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolmagy abraýly halkara düzümleriň çäklerindäki ýakyn gatnaşyklary, ählumumy we sebit ösüşiniň esasy meseleleri boýunça özara düşünişmek ýörelgelerini ösdürmek üçin oňyn binýat bolup durýar.
Häzirki wagtda goňşy ýurtlaryň ägirt uly ykdysady we serişde kuwwatynyň doly derejede amala aşyrylmagyna gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalaryň, şol sanda gazhimiýa pudagyndaky wezipeleriň durmuşa geçirilmegine, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine bolan özara gyzyklanmalar döreýär. Şeýle hem «Demirgazyk — Günorta» halkara demir ýolunyň hem-de türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça ýakyn wagtda iki goňşy ýurduň arasynda haryt dolanyşygynyň, ýolagçy gatnatmagyň we ýük daşamagyň mukdarynyň artdyrylmagyna mümkinçilik berjek häzirki zaman Türkmenbaşy — Gazagystan awtomobil ýolunyň gurluşygynyň ähmiýeti örän uludyr.
2018-nji ýylyň 11-nji awgustynda Aktau şäherinde 2017-nji ýylyň 18-nji aprelinde gol çekilen, Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama hem iki döwletiň arasynda deňlige, birek-birege ynanyşmaga we ähli taraplaýyn hyzmatdaşlyga esaslanýan strategiki gatnaşyklary ýola goýýar şeýle-de türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň häzirki zaman talaplaryna we kuwwatyna laýyk gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarýar.
Soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda energetika we ulag ulgamyndaky özara gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň hem-de Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň gurluşygynyň taslamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Olar diňe bir sebit möçberinde däl, eýsem halkara giňişliginde hem uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň başlangyçlaryndan ugur alnyp, energetika we ulag meseleleri boýunça degişli kararnamalaryň ikisiniň kabul edilendigi bellärliklidir.
Ýygjam ikitaraplaýyn gatnaşyklar, halkara giňişligindäki işjeň hyzmatdaşlyk, ulag we energetika ulgamyndaky bilelikdäki düzümleýin taslamalaryň ýerine ýetirilmegi Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň häzirki ýeten derejesiniň, ýurtlarymyzyň ählumumy durnuklylygyň, howpsuzlygyň, sebitleýin ýagdaýlaryň oňyn çözülmeginiň, halklarymyzyň we döwletlerimiziň ösüşiniň hem-de abadançylygynyň ýola goýulmagynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Energetika ulgamy türkmen-gazak gatnaşyklarynda strategiki ähmiýete eýedir. Bu ulgamda taraplar eýýäm Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ysnyşykly hyzmatdaşlygyň tejribesini topladylar. Häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara almak bilen, bu möhüm ulgamda özara gatnaşyklary ösdürmek üçin täze mümkinçilikler açylýar. Hormatly Prezidentimiz bu pudak barada: "Energetika we ulag ulgamlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarydyr. Türkmenistan we Gazagystan yklymda energiýa serişdeleriniň önümçilik möçberleri boýunça öňdäki orunlary eýeleýär. Biz döwrebap düzüme eýe bolmak bilen, Ýewropada we Merkezi Aziýada energetika hem-de ulag akymlarynyň işjeňleşmegine bolan umumy garaýyşlarymyzy beýan etdik. Biziň ýurtlarymyzyň gatnaşmagynda giň möçberli taslamalar durmuşa geçirildi. Munuň özi Gazagystanyň çäginden geçýän Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisidir we Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoludyr" diýip jaýdar belleýär.
Iki ýurduň ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy olaryň üstünlikli ykdysady ösüşinde, ählumumy gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagynda möhüm orun eýeleýär. Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ugry boýunça demir ýoluň gurulmagy onuň anyk netijeleriniň biridir. Bu demir ýol häzirkizaman ulag düzüminiň kemala getirilmeginiň möhüm bölegine öwrüldi we Merkezi Aziýa hem-de goňşy sebitleriniň ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady we söwda gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga, uzak geljek üçin sebitara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine mümkinçilik berer.
Beýleki ugurlar bilen birlikde energetika, ulag ulgamynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklar goňşy döwletimiz bolan Gazagystan Respublikasy bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da berkemegine örän uly ýardam berýär.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň durnuklylyk, dostluk, hoşniýetlilik ýaly syýasatyny dünýä ýüzünde dabaralandyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Gaýgysyz KERIMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.
Soňky täzelikler
20/12/2024
ÝAŞ TÜRGENIMIZIŇ ÝEŇŞI