Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ZIMBABWE RESPUBLIKASYNYŇ WEKILLERI BILEN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY
        • OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
        • Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň diplomatlary bilen jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça okuw sapagy geçirildi
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Новый формат общения экспертов ЦА региона и Азербайджана
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ V SAÝLAMA OÝNY
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Habarlar / AŞGABATDA ÄHLUMUMY SAGLYGY GORAÝYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI DIALOG GEÇIRILDI
    AŞGABATDA ÄHLUMUMY SAGLYGY GORAÝYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI DIALOG GEÇIRILDI surady
    19/02/2026

    73

    AŞGABATDA ÄHLUMUMY SAGLYGY GORAÝYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI DIALOG GEÇIRILDI

    2026-njy ýylyň 16–18-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherindäki “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Bütindünýä saglygy goraýyş çygrynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli Dialogy” atly halkara okuw maslahaty üstünlikli geçirildi. Üç günüň dowamynda bu iri forum halkara lukmançylyk hyzmatdaşlygynyň täze strategiki ugurlaryny kesgitlemek we dünýäde saglygy goraýyş diplomatiýasynyň ornuny pugtalandyrmak maksady bilen, ýokary derejeli döwlet wekillerini, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSSG) öňdebaryjy bilermenlerini we diplomatlary bir ýere jemledi.
    Çäräniň birinji güni, 16-njy fewralda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Myratberdi Gaýypowyň moderatorlyk etmeginde dabaraly ýagdaýda açyldy. Forumyň açylyşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedow, BSSG-niň Ýewropa sebiti boýunça sebitleýin direktory Hans Henri P. Klýuge we Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa çykyş edip, saglygy goraýşyň häzirki zaman halkara gatnaşyklaryndaky “ýumşak güýç” hökmündäki ähmiýetini nygtadylar. Şeýle hem, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Kaha Imnadze, GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Nurlan Seýtimow we Türkmenistanyň Mejlisiniň komitetiniň başlygy Annamuhammet Sarjaýew global howpsuzlyk we saglyk meseleleri dogrusynda çykyş etdiler. Sebitara hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen, Özbegistanyň saglygy goraýyş ministriniň orunbasary Alişer Boboýew, Gyrgyzystanyň saglygy goraýyş ministriniň orunbasary Temirbek Erkinow we Ermenistanyň saglygy goraýyş ministriniň orunbasary Astgik Grigorýan öz ýurtlarynyň tejribeleri bilen paýlaşdylar. Birinji günüň işi Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň MDHGI-niň prorektory Wladimir Morozowyň we BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň çykyşlary bilen jemlendi.
    Dialogyň ikinji güni, 17-nji fewralda, diplomatiýanyň nazary we amaly meselelerine bagyşlandy. Irdenki mejlisde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Azat Öwezow we BSSG-niň Ýewropa Bileleşigindäki wekili Oksana Domenti gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. Wladimir Morozow “Esaslardan geljekki ugurlara çenli: dünýäde özara baglanyşykly diplomatiýa” hem-de “Diplomatiýa — köptaraplaýynlyk we özara ylalaşyk (konsensus) gazanmak” atly temalar boýunça giňişleýin çykyş etdi. Soňra Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Bejeriş-öňüni alyş bölüminiň başlygy Muhammet Ergeşow “Türkmenistanda lukmançylyk diplomatiýasynyň orny” barada, şeýle-de bilermenler Bagtygül Karryýewa we Wiktor Dolidze saglygy goraýyşda sebit hyzmatdaşlygynyň sinergiýasy barada çykyş etdiler. Günüň jemi Hans Klýuge bilen geçirilen “Dünýäde saglygy goraýyş diplomatiýasynyň häzirki orny” atly açyk söhbetdeşlik (fireside chat) bilen tamamlandy.
    18-nji fewralda, çäräniň jemleýji gününde BSSG-niň halkara bilermenleri Willi Palm we Rudi Koninks ynsanperwerlik ýagdaýlarynda lukmançylyk diplomatiýasy barada çykyş etdiler. BSSG-niň bilermeni Gauden Galea ýokanç däl keselleriň öňüni almakda diplomatiýanyň orny barada gymmatly maglumatlary berdi. Günüň ikinji ýarymynda “Klimat howpsuzlygy we daşky gurşaw hem-de saglygy goraýyş diplomatiýasy” atly ýygnagy geçirildi. Onda BSSG-niň geňeşçisi Nino Şarazidze we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hünärmeni Haýns Habegger çykyş etdiler. Forum Kaha Imnadze bilen geçirilen jemleýji söhbetdeşlik we gatnaşyjylara şahadatnamalaryň gowşurylmagy bilen tamamlandy.
    Bu halkara çärä Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň işjeň gatnaşmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Geljekki diplomatlar dünýä derejeli bilermenler bilen göni aragatnaşykda bolup, halkara saglygy goraýyş syýasaty boýunça gymmatly bilim we tejribe topladylar.

    Aýjahan HOJAGELDIÝEWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    “Türkmenistan we Ýaponiýa: Dünýä medeniýetiniň bitewiligi we aýratynlygy” atly okuw sapagy geçirildi surady

    24/02/2026

    “Türkmenistan we Ýaponiýa: Dünýä medeniýetiniň bitewiligi we aýratynlygy” atly okuw sapagy geçirildi
    Talybymyzyň sport üstünligi surady

    23/02/2026

    Talybymyzyň sport üstünligi
    HALYPA DIPLOMAT BILEN DUŞUŞYK surady

    19/02/2026

    HALYPA DIPLOMAT BILEN DUŞUŞYK
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI