855
“Aşgabat – Orta Aziýanyň merjeni” atly ylmy-amaly maslahat
2021-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli “Aşgabat – Orta Aziýanyň merjeni” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda “Aşgabat – sebitiň ekologiýa taýdan arassa paýtagty”, “Aşgabadyň ykdysady ösüşleri”, “Aşgabadyň taryhy we şu güni”, “Aşgabat dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan şäheri”, “Geçmişiň ýalkymy – mermer şäher Aşgabat”, “Aşgabat – parahatçylyk dörediji merkez”, “Aşgabadyň doganlaşan şäherleri”, “Aşgabat – Ginnesiň rekordlar kitabynda” ýaly temalar boýunça täsirli çykyşlar ýerine ýetirildi.
Şeýle hem, çykyşlaryň dowamynda ak şäherimiz Aşgabadyň janly keşbini beýan edýän prezentasiýaly we wideoşekilli teswirler görkezildi. Şeýle ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň uly dabara bilen garşylanýandygynyň aýdyň alamaty bolup durýar.
Tawus AKJAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.