Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Bildirişler / “Arkadagyň ylhamy sen, Aşgabat!” atly foto bäsleşigi
    “Arkadagyň ylhamy sen, Aşgabat!” atly foto bäsleşigi surady
    09/05/2023

    1572

    “Arkadagyň ylhamy sen, Aşgabat!” atly foto bäsleşigi

    25-nji maý – Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň arasynda yglan eden “Arkadagyň ylhamy sen, Aşgabat!” atly foto bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY

    Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340 belgili Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek, bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, döwrebap žurnalistikany ösdürmek, hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 23-nji fewralynda hem-de 2021-nji ýylyň 9-njy fewralynda internet žurnalistikasyny, fotožurnalistikany ösdürmek boýunça beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmek, talyp ýaşlarda öz hünärine bolan höwesini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bu ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda 25-nji maý – Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli “Arkadagyň ylhamy sen, Aşgabat!” atly foto bäsleşigini yglan edýär.

    I. Umumy düzgünler

    Bäsleşigiň maksady Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi we milli ruhda terbiýelenmegi ugrunda edilýän tagallalary, tebigata, ýurdumyza hormat-söýgüni döretmek, talyplarda fotožurnalistikanyň fotoreportaž, fotooçerk, fotokorrespondensiýa we beýleki žanrlarynda surata düşürmek endiklerini kämilleşdirmekden ybarat.

    II. Bäsleşigiň şertleri

    “Arkadagyň ylhamy sen, Aşgabat!” atly döredijilik bäsleşigine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary öz düşüren, çeken syratlary bilen gatnaşyp bilerler. Bäsleşige iberilýän eserlerde Aşgabat şäheriniň ajaýyp binagärlik keşbi öz beýanyny tapmalydyr.

    Bäsleşige hödürlenýän eserler şular esasynda bahalandyrylar:
    A) “Iň gowy düşürilen surat”;
    B) “Iň gowy çekilen surat”.

    Bäsleşigiň jemini jemlemek

    Bäsleşige hödürlenýän eserleriň iň gowulary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň “Ýaş diplomatyň sesi” elektron gazetinde çap edilip, institutyň saýtynda ýerleşdirilip, olara baha bermek üçin guramaçylar tarapyndan ýörite eminler topary düzüler. Iberilen eserleriň döwrebaplygyna, çeper beýan ediliş we žanr aýratynlygyna üns berler. Bäsleşigiň ýeňijileri eminler toparynyň gelen netijesi boýunça kesgitlener.

    Bäsleşige ugradylýan suratlar şular esasynda bahalandyrylar:
    a) paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik keşbi;
    b) suratyň tema bilen sazlaşygy;
    c) bäsleşige ugradylan suratyň reňk sazlaşygy;
    d) suratyň reňk öwüşginleri;
    e) düşürilen suratyň aňladýan belli bir garaýşy we manysy;
    f) suratyň düşüriliş tarapy.

    III. Bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň tertibi

    Bäsleşige bu ýokary okuw mekdebinde dürli ugurlarda, hünärlerde okaýan talyplar gatnaşyp biler. Her bir gatnaşýan talyp hgi.hzdek@gmail.com elektron salgy arkaly hasaba alynmalydyr. Bäsleşige gatnaşyjylary hasaba almak 2023-nji ýylyň 3-nji maýyndan 20-nji maýy aralygynda dowam eder. Bäsleşige gatnaşýan talyp bellenen internet sahypasyna öz salgylanmasyny ugratmaly; ugradan salgylanmalaryna her bir gatnaşyja belli bir ID nomer mysal üçin: 001 berler we şol ID-ni suratyň adyna ýazyp, öz düşüren suratyny ugratmaly. Eger dalaşgär diňe 1 surat hödürleýän bolsa, 001.JPG görnüşde, eger birnäçe surat hödürleýän bolsa ID nomeriň yzyna hödürleýän surat sanyna görä belgi goýup ugratmaly. Mysal üçin: 001_1.jpg, 001_2.jpg, ............. 001_5.jpg görnüşinde hgi.hzdek@gmail.com elektron salga ugratmaly. Bäsleşige gatnaşýan talyp suraty özbaşdak düşürmeli, göçürilen bolmaly däl. Surat awtoryň özi tarapyndan tabşyrylmaly, suratlar ozal hiç bir ýerde çap edilen ýa-da ýerleşdirilmedik bolmaly, eger-de surat plagiat bolan ýagdaýynda bäsleşikden aýrylar. Eminler topary bäsleşige gatnaşýan talyplaryň işlerini bahalandyrýar we netijelerini jemleýär.

    Bäsleşigiň jemi Aşgabat şäheriniň gününiň öňüsyrasynda — maý aýynyň 23-ne jemlener. Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanarlar.

    Tel: +993 12 226852,
    Elektron salgy: hgi.hzdek@gmail.com

    Вы также можете прочитать об этом здесь:
    https://salamnews.tm/section/ylym-bilim/bilim/talyplaryn-arasynda-foto-baslesigi-yglan-edildi-aeef09

    https://salamnews.tm/ru/section/ylym-bilim/bilim/talyplaryn-arasynda-foto-baslesigi-yglan-edildi-aeef09


    Bäsleşigiň şu ýerde netijeleri.

    Soňky täzelikler

    II halkara bäsleşigine gatnaşyjylaryň MAKSATNAMASY surady

    06/05/2025

    II halkara bäsleşigine gatnaşyjylaryň MAKSATNAMASY
    II halkara bäsleşik surady

    28/04/2025

    II halkara bäsleşik
    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK! surady

    22/04/2025

    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI