09/05/2023
1360
“Arkadagyň ylhamy sen, Aşgabat!” atly foto bäsleşigi
25-nji maý – Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň arasynda yglan eden “Arkadagyň ylhamy sen, Aşgabat!” atly foto bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340 belgili Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek, bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, döwrebap žurnalistikany ösdürmek, hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 23-nji fewralynda hem-de 2021-nji ýylyň 9-njy fewralynda internet žurnalistikasyny, fotožurnalistikany ösdürmek boýunça beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmek, talyp ýaşlarda öz hünärine bolan höwesini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bu ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda 25-nji maý – Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli “Arkadagyň ylhamy sen, Aşgabat!” atly foto bäsleşigini yglan edýär.
I. Umumy düzgünler
Bäsleşigiň maksady Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi we milli ruhda terbiýelenmegi ugrunda edilýän tagallalary, tebigata, ýurdumyza hormat-söýgüni döretmek, talyplarda fotožurnalistikanyň fotoreportaž, fotooçerk, fotokorrespondensiýa we beýleki žanrlarynda surata düşürmek endiklerini kämilleşdirmekden ybarat.
II. Bäsleşigiň şertleri
“Arkadagyň ylhamy sen, Aşgabat!” atly döredijilik bäsleşigine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary öz düşüren, çeken syratlary bilen gatnaşyp bilerler. Bäsleşige iberilýän eserlerde Aşgabat şäheriniň ajaýyp binagärlik keşbi öz beýanyny tapmalydyr.
Bäsleşige hödürlenýän eserler şular esasynda bahalandyrylar:
A) “Iň gowy düşürilen surat”;
B) “Iň gowy çekilen surat”.
Bäsleşigiň jemini jemlemek
Bäsleşige hödürlenýän eserleriň iň gowulary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň “Ýaş diplomatyň sesi” elektron gazetinde çap edilip, institutyň saýtynda ýerleşdirilip, olara baha bermek üçin guramaçylar tarapyndan ýörite eminler topary düzüler. Iberilen eserleriň döwrebaplygyna, çeper beýan ediliş we žanr aýratynlygyna üns berler. Bäsleşigiň ýeňijileri eminler toparynyň gelen netijesi boýunça kesgitlener.
Bäsleşige ugradylýan suratlar şular esasynda bahalandyrylar:
a) paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik keşbi;
b) suratyň tema bilen sazlaşygy;