Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / ARKADAGYŇ GARAŞSYZLYK SOWGADY
    ARKADAGYŇ GARAŞSYZLYK SOWGADY surady
    30/11/-0001

    775

    ARKADAGYŇ GARAŞSYZLYK SOWGADY

    2021-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiziň “Garaşsyzlyk – bagtymyz” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgärleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary, şeýle hem ýerli we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

    Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli halkymyza peşgeş beren täze eseriniň many-mazmuny, ylmy we terbiýeçilik ähmiýeti giňişleýin beýan edildi.

    Tanyşdyrylyş dabarasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty J.Gurbangeldiýew hormatly Prezidentimiziň kitabynyň taryhy ähmiýetini, ensiklopedik eser hökmünde gymmatlydygyny nygtap belledi. Şadiwanynda Türkmenistan döwletiniň Garaşsyzlyk ýolunyň türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgesinden gözbaş alyp gaýdýandygyny, Garaşsyzlygyň türkmen halkynyň bagty bolmak bilen, nesillerimiziň öňünde ony gorap saklamagyň, onuň çuňňur many-mazmunyna düşünmekleriniň wajyplygyny filosofik garaýyşlaryň üsti bilen taryhy mysallara, halk pähimlerine daýanylyp beýan edilendigini belläp geçdi. Aýratyn hem, Garaşsyzlygyň we Bitaraplygyň döwletiň goşa ganatydygyna, olardan gözbaş alýan Türkmenistanyň hoşniýetli daşary syýasaty dogrusynda hormatly Prezidentimiziň öňe süren gymmatly ylmy pikirlerini beýan etdi. Bu gymmatly eseriň halkaraçy talyp ýaşlaryň ýankitabyna öwrüljekdigini, ylmy işlerinde baş çeşme bolup hyzmat etjekdigini nygtady.

    Dabarada çykyş eden Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory Ý.Nuryýew öz çykyşynda hormatly Prezidentimiziň “Garaşsyzlyk – bagtymyz” atly kitabynyň ynsany döredijilige ruhlandyrýandygyny bellemek bilen, kitabyň 13 bölümden durýandygyny we her bölümde 30 ýylyň dowamynda asyrlara barabar edilen beýik işleriň öz beýanyny tapandygyny belledi. Garaşsyzlygyň özeninde duran kanunçylyk namalary, şeýle hem Türkmenistanyň iki palataly parlamentiniň döwletiň eýesiniň halkdygyny ýene bir ýola subut edýändigi hakyndaky hormatly Prezidentimiziň dürdäne pikirlerini dabara gatnaşyjylara ýetirdi.

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa ýurtlary bölüminiň geňeşçisi, Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçi N.Amanmyradow hormatly Prezidentimiziň kitabynyň gymmatyny Garaşsyzlyga tarap ädilen ilkinji ädimlerden başlap, geçilen ýoly deňeşdirmeler esasynda talyp ýaşlaryň dykgatyna ýetirdi. Her bir ýetilen sepgitde hormatly Prezidentimiziň kitabynda belleýşi ýaly, halkymyzyň zähmetiniň durandygyny aýratyn belledi. Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň many-mazmunynyň özeniniň ýaşlara Garaşsyzlygyň 30 ýylynyň dowamynda beýik sepgitlere ýetmek üçin ençeme çarkandakly ýollaryň geçilendigini düşündirmek bolup durýandygyny belledi.

    Şeýle-de dabaranyň dowamynda institutyň Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy G.Çopanowa, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň Demokratiýa meseleleri we halkara gatnaşyklary bölüminiň ylmy işgäri A.Annalyýewa hormatly Prezidentimiziň “Garaşsyzlyk – bagtymyz” atly kitabynda beýan eden Türkmenistanyň içeri we daşary syýasaty dogrusyndaky pikirlerini dabara gatnaşyjylara ýetirdiler. Maslahatda institutyň II ýyl talyby G.Atdaýewa hem çykyş edip, ýaşlaryň öňünde durýan wezipeleriň uludygyny, her bir işe jogapkärçilikli çemeleşmelidigini belledi. Hormatly Prezidentimiziň şadiwanynyň ýaşlaryň ýankitabyna, ylmy işleriniň gönezligine öwrüljekdigine ynandyrdy.

    Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar berkarar Watanymyzyň abraýyny Ýer ýüzünde belentden belende galdyrýan hormatly Arkadag Prezidentimiziň belent başynyň aman, röwşen ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini, galamynyň ýiti bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

    Aýna BAÝMURADOWA,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi surady

    03/06/2025

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi
    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK surady

    03/06/2025

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE  OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    02/06/2025

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI