29/02/2024
1141
Änew şäheriniň taryhy muzeýine gezelenç
2024-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarydyr talyplarynyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň çäginde ýerleşýän milli ‹‹Ak bugdaý›› muzeýine gezelenç gurnaldy.
Änew şäheri biziň eýýamyzdan öňki IV—III müňýyllyklara degişli bolup, birnäçe taryhy medeni ýadygärliklere şeýle-de arheologik tapyndylara baýdyr. Bu ýerde talyplar ýurdumyzyň çäginden tapylan ilkinji bugdaý dänejiklerini, keramiki toýundan ýasalan önumleri, ene-mamalarymyzyň geýen milli egin-eşiklerini, agaçdan we misden ýasalan dürli görnüşli gap-gaçlary, dürli nagyşlar bilen gaýalan kürteleri, mundan başga-da dürli gymmat bahaly tapyndylary synladylar. Milli ‹‹Ak bugdaý›› muzeýine edilen gezelenç örän täsirli, ýatda galyjy pursatlara baý boldy.
Zumrat HAMDAMOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.