08/11/2023
906
ADAM HUKUKLARYNYÑ 75 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN YLMY-AMALY MASLAHAT
Türkmenistan BMG-niñ işjeñ agzasy bolup, adam hukuklaryny goramak baradaky meseleler-de öz goşandyny goşýar. Ine, bu gün hem adam hukuklarynyň şanly 75 ýyllygy mynasybetli BMG-niñ Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyñ Müdirliginiñ Merkezi Aziýa boýunça wekili hanym Matilda Bogneriñ gatnaşmagynda Milli diplomatiýanyñ mejlisler zalynda ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahatyñ dowamynda hanym Matilda Bogner häzirki wagtda adam hukuklaryny goramak çygrynda alnyp barylýan işler barada gürrüň berip, talyplaryň gyzyklanýan soraglaryna uly buýsanç bilen jogap berdi.
Bellenişi ýaly, Adam hukuklaryny goramak baradaky ilkinji maksatlar 1948-nji ýylyñ 10-njy dekabrynda Parižiñ Pale de Şaýo köşgünde BMG-niň Baş Assambleýasynda “Adamyň hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyñ” kabul edilmegi bilen başlanýar. Jarnamanyň kabul edilmegini BMG-niň şol wagtky 58 agzasynyň 48-si goldapdyr. “Adamyň hukuklarynyň ählumumy Jarnamasy” girişden, 30 maddadan ybaratdyr. Resminamanyň asyl nusgasy iňlis dilinde çap edilip, Pale de Şaýo köşgünde saklanýar.
Jarnamada adam durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan, ähli döwletler tarapyndan ýerine ýetirilmegi hökmany hasaplanýan kadalar beýan edilipdir. Jarnamanyň 1-nji maddasy ähli adamlar tarapyndan “Altyn kada” hökmünde ykrar edilen şu sözlemler bilen başlanýar: “Ähli adamlar mertebe we hukuklar babatda azat we deň bolup dogulýar”. 2-nji maddada adamyň jynsy, derisiniň reňki, aýal-erkekligi, dili, dini, syýasy ýa beýleki ynamlary, milli ýa-da jemgyýetiň belli bir gatlagyna degişliligi, emläk gelip çykyşy we beýleki ýagdaýlar ýaly haýsydyr bir tapawutlyklara garamazdan, deň hukuklara we azatlyklara eýedikleri barada nygtalýar.
Durdynýaz GUWANJOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň II ýyl talyby.