864
8-nji maksat “Mynasyp iş we ykdysady ösüş”
Durnukly ykdysady ösüşi gazanmak maksady bilen döwlet tarapyndan önümçilik goruny giňeltmeklige we hususyýetçilik pudagyny has giňden çekmeklige mümkinçilik berýän birnäçe maksatnamalar işlenilip taýýarlanyldy. Muňa mysal edip, döwletiň bazar gatnaşyklaryna meýilnamalaýyn geçişiň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasynda kesgitlenendir. Bu bolsa köp ugurly bazar ykdysadyýetine esaslanýan özgertmeleriň ornaşdyrylmagyny, täze iş orunlarynyň döredilmegini, kiçi we orta telekeçiligiň höweslendirilmegini, hususyýetçilikde iş orunlarynyň artmagyny üpjün edýär.
Döwlet kärhanalary hususylaşdyrylanda işgärleriň durmuş taýdan goraglylygy, ekologiýa howpsuzlygy, daşky gurşawy goramak çäreleri bilen üpjün edilmegi hökmanydyr. Şol bir wagtyň özünde, ilata goldaw bermek üçin döredilen çäreler toplumy, döredilýän kärhanalaryň hasaba alyş işini ýönekeýleşdirilmegini, salgyt ulgamynyň ýönekeýleşdirilmegini we onuň durnuklylygynyň ýokarlandyrylmagyny, maliýe goldawynyň (karz bermegi) berilmegini, ähli pudaklarda zähmet haklarynyň ýokarlandyrylmagyny we tölenilmegini öz içine alýar. Döwlet tarapyndan ykdysady pudakda durmuşa ornaşdyrylýan çäreler ýurtda täze kärhanalaryň açylmagyna we täze iş orunlaryň döredilmegine mümkinçilik berýär.
Zähmeti goramak medeniýetini goldamaklygyň üsti arkaly oňyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgesi üçin amatly şertleri döretmeklige, ygtybarly we howpsuz iş şertlerini üpjün etmeklige aýratyn uly üns berilýär.
Türkmenistan Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) düýpli konwensiýasyny tassyklady. Zähmeti goramak meselesine, öwezini doluş töleglerine we agyr şertlerde zähmet çekýän işçilere ýeňillikleriň berilmegine kärdeşler arkalaşyklary tarapyndan gözegçilik edilýär. Şol bir wagtyň özünde, zähmeti goramak boýunça iş berijiniň borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine jemgyýetçilik gözegçiligi giňden amala aşyrylýar.
Türkmenistanda çagalaryň hukuklarynyň goralmagyna, hususan-da olaryň zähmet işine çekilmegine aýratyn üns berilýär.
Şol maksat bilen hem, UNICEF bilen bilelikde işlenilen Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasy kabul edildi. Bu meýilnamada hem beýlekiler bilen bir hatarda, olaryň hukuklarynyň we abadançylygynyň üpjün edilmegini göz öňünde tutuýar.
Geografiki çägiň we syýahatçylyk ugurlarynyň giňelmeginiň, milli syýahatçylyk toplumynyň emele gelmeginiň ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynyň ösmegine oňyn täsir etmegi ýurduň medeni we tebigy mirasynyň ýaýbaňlandyrylmagy, şeýle hem durnukly syýahatçylyk strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi hem-de onuň ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşine goşandynyň artmagy üçin şertleri döredýär.
Arslankerim Kerimow
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnasyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnasyklary fakultetiniň talyby,
Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçisi