08/01/2024
1524
Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ekologiýa maksatnamasynyň ileri tutulýan möhüm ugry
Häzirki döwürde ýurdumyzda durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm ugurlaryň biri bolan ekologiýa babatda alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmegine uly ähmiýet berilýär. Çünki ykdysady we ýaşaýyş-durmuş ulgamlarynda amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeler ekologiýa meseleleri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygy bilen häzirki döwürde daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklaryny aýawly saklamak we artdyrmak bilen bagly meseleler ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ekologiýa maksatnamasynyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýar. Tebigaty goramak boýunça milli strategiýany durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyz bu ugurda iri halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar.
Soňky ýyllarda suw, ýer we geologiki serişdelerden netijeli peýdalanmak, biologiki köpdürlüligi hem-de tebigy aýratynlyklary goramak, çölleşmä, gür tokaýlaryň ýitip gitmegine garşy göreşmek, ilatyň ekologiýa düşünjesini ýokarlandyrmak, şeýle hem howanyň hapalanmagyny azaltmak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Tutuş ýurdumyzda tokaý zolaklary, seýilgähler döredilýär. Şäherleriň we obalaryň töwereklerini büreýän «gök zolaklar» ilatly ýerleriň epgekden we tozanly ýellerden goralmagyna mümkinçilik berýär.
Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli we oýlanyşykly syýasaty netijesinde ýaşaýan ýerimiziň daşky gurşawynyň abat saklanylmagyny, tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylmagyny düzgünleşdirýän kanunçylyk namalarynda berkidilen kadalar ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işleriň hukuk ýörelgesidigini subut edýär.
Howanyň üýtgemegi baradaky meseläniň halkara gün tertibinde möhüm orun eýeleýändiginden ugur alyp, Türkmenistan bu ugurda dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar we pes uglerodly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça çäreleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyzda tebigy gazdan wodorod öndürmegiň taslamalaryny amala aşyrmaga hem “ýaşyl” ykdysadyýetiň çäklerinde geljegi uly ugurlaryň hatarynda garalýar. Bularyň ählisi Türkmenistanyň ekologik abadançylygy üpjün etmek wezipelerini çözmäge örän jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň aýdyň güwäsidir. Munuň özi ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ekologik meseläniň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendigini bellemek gerek. Ekologiýa we tebigaty goramak babatdaky talaplaryň ýerine ýetirilmegi ýurdumyzda iri düzümleýin we şähergurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmegiň hem esasy şerti bolup durýar. Bu babatda Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde gurlan täze “akylly” şäheri — Arkadag şäherini mysal getirmek bolar.
Ýurdumyz howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde ählumumy tagallalary utgaşdyrmak boýunça halkara başlangyçlara we ylalaşyklara işjeň gatnaşmak bilen, Pariž ylalaşygyny goldady hem-de ony 2016-njy ýylyň oktýabrynda tassyklady. Howa gün tertibi boýunça maksatlara ýetmek üçin Türkmenistan degişli kanunçylyk-hukuk binýadyny yzygiderli kämilleşdirýär. Soňky ýyllarda Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýa, 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýa hem-de “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. 2020-nji ýylda ýurdumyz BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan yglan edilen “Şäherlerdäki baglar” atly halkara maksatnama goşuldy. Şeýle hem Pariž ylalaşygy esasynda Türkmenistan Milli derejede kesgitlenen goşandyny (NDC) taýýarlady we ony tassyklady.
“СOP-28” maslahatynda howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde esasy ädimleriň biri hökmünde Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak meselesine dünýäniň iri döwletleriniň ünsi çekiler. Türkmenistanyň bu ugurdaky işi barada aýdylanda, daşky gurşawy goramak meselesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Ýurdumyz howanyň ählumumy üýtgemeginiň öňüni almaga gönükdirilen Pariž ylalaşygyny işjeň goldady we 2016-njy ýylyň oktýabr aýynda ony tassyklady. 2019-njy ýylda howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasy kabul edildi. 2020-nji ýylda ýurdumyz BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan yglan edilen “Şäherlerdäki baglar” atly halkara maksatnama goşuldy. 2022-nji ýylda Pariž ylalaşygy esasynda Türkmenistan milli derejede kesgitlenen goşandyny taýýarlady we ony tassyklady.
Ýurdumyz olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri amala aşyrýar. Ilkinji nobatda, bu ugurda ygtybarly kadalaşdyryjy hukuk binýady döredilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagyna hem-de daşky gurşawyň goralmagyna döwlet gözegçiligi hakynda düzgüniň berkidilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Tebigaty goramak babatda alnyp barylýan işleriň hatarynda milli kanunçylygymyzda amala aşyrylýan özgertmeler aýratyn bellärliklidir we daşky gurşawy goramak meselelerini çözmekde möhüm ähmiýetlidir. Ekologiýa degişli «Tebigaty goramak hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Bulardan başga-da, «Ekologiýa maglumaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ekologiýa maglumatlaryna elýeterliligi üpjün etmegiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýän möhüm resminama boldy. Şeýle hem, ýuridiki we fiziki şahslaryň daşky gurşawyň ýagdaýy we tebigy serişdeler barada doly, dogry we öz wagtyndaky maglumaty almaga bolan hukuklaryny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Aýmyrat SAPAROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hususy hukugy ugrunyň magistranty
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI