16/09/2024
711
Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleriniň halkara ykrary
Maýa goýum — boýagyň guramagyna ýa-da otlaryň ösmegine syn etmek ýaly bolmaly. Eger tolgunmak isleseňiz, jübüňize 800 amerikan dollaryny salyň we Las-Wegasa gidiň. Bu diňe bir ykdysady ylymlar boýunça Nobel baýragynyň eýesi, amerikaly ykdysatçy Paul Entoni Samuelsonyň pikiri. Soňky ýyllarda diňe bir şahsyýet däl, eýsem, iri halkara maliýe guramalarynyň wekilleri, dünýäniň iň tejribeli ykdysatçylary maýa goýujylary Türkmenistana gönükdirýär. Eýse näme! Geografik ýerleşişi bilen diýjekmi, çogup duran tebigy baýlyklary bilen diýjekmi, garaz, Türkmenistan dünýä halklarynyň ünsüni özüne çekýär. Ine, şu mümkinçilikler Türkmenistany daşary ýurtly maýadarlaryň arzuwlaýan mekanyna öwürdi-oturyberdi. Indi maýa goýmak üçin dünýäniň o ujuna gitmek gerek däl, dünýäniň merkezine — Türkmenistana geläýmeli. Elbetde, bu sözleri dünýä ykdysatçylary aýdýar. Biz muňa 10-11-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumyna hem-de ugurdaş sergä, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahata, «HI-TECH Türkmenistan — 2024» atly sergä şaýat bolanymyzda hem aýdyň göz ýetirdik.
Türkmenistanyň Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilen giň möçberli forumyň işine dünýäniň abraýly bilermenleri, öňdebaryjy milli we halkara nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa kompaniýalaryň, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriň, ylmy merkezleriň wekilleridir ýolbaşçylary gatnaşdylar. Türkmen tarapyna bolsa ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary wekilçilik etdiler. Gatnaşyjylar iki günläp dowam eden forumyň çäginde ýurdumyzda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Forumyň işi «Halkara energetiki geçişi üpjün etmekde Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň orny: ileri tutulýan ugurlar we maýa goýum mümkinçilikleri, energetiki durnuklylyk» atly umumy mejlisde hem-de «Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň dünýä bazaryndaky orny, ileri tutulýan ugurlar we maýa goýum mümkinçilikleri», «Energetikany we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek, energetiki durnuklylyk» atly bölümçelerde alnyp baryldy. Olarda halkara hyzmatdaşlygy has-da berkitmek, sebit we dünýä ähmiýetli nebitgaz taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly çözgütleri kabul etmek, täzeçil strategiýalary işläp taýýarlamak ýaly meseleleriň üstünde durlup geçildi. Mejlisiň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanda maýa goýum maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, häzirki zaman deňiz portunyň işe girizilmeginiň, awtomobil, demir ýollaryň durkunyň täzelenilmeginiň, howa menzilleriniň işiniň kämilleşdirilmeginiň ýurduň halkara derejeli ulag-üstaşyr geçelgesi hökmünde eýeleýän derejesini ýokarlandyrýandygy bellediler. Türkmen tarapy daşary ýurtly gatnaşyjylary uglewodorod serişdeleri gazylyp alnanda metan zyňyndylaryny azaltmagyň mümkinçliklerini öwrenmek, Hazar deňzindäki ýerasty tebigy baýlyklary özleşdirmäge göni maýa goýmak we bu işlerde ösen innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, «Galkynyş» gaz käniniň täze tapgyrlary, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny durmuşa geçirmek bilen bagly alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy hem-de ýurdumyza halkara maýadarlary çekmek babatdaky teklipleri bilen çykyş etdi.
Maýa goýum forumynyň çäginde «Bütindünýä çig mal bazarlarynda bar bolan meýilleriň seljermesi: dünýä derejesinde ileri tutulan meýillere syn bermek we Türkmenistanyň orny», «Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy» atly tegelek stol maslahatlary geçirildi. Olaryň dowamynda degişli ugurda iş alyp barýan öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalaryň tejribeleri hem-de ýurdumyzyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy bilen bagly mümkinçilikleri dogrusynda pikir alşyldy.
Forumyň jemleri boýunça türkmen hem-de daşary ýurtly wekilleriň arasynda energetika, dokma, himiýa senagaty, gämigurluşyk, demir ýol enjamlaryny satyn almak, gaz pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmek bilen bagly ylalaşyklardyr ähtnamalaryň gazanylmagy iri möçberli çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy. Has dogrusy, 1100 gatnaşyjyny bir ýere jemlän forumyň dowamynda 70-den gowrak ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi hem-de ylalaşyklaryňdyr ähtnamalaryň 18-ine gol çekildi. Bu bolsa ýakyn ýyllarda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýurdumyzyň ykdysady ösüşini has-da pugtalandyrjak iri taslamalaryň ençemesiniň durmuşa geçiriljekdigine güwä geçýär.
Ýeri gelende bellesek, giň gerimli çäräniň jemleýji gününde oňa gatnaşyjylaryň sanly ulgam arkaly Watanymyzyň ýyl ýazgysyna möhüm sahypa bolup ýazyljak taryhy waka — Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika desgalarynyň açylyş hem-de düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşmagy aýratyn ähmiýete eýe boldy. Iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, owgan halky üçin 12 müňe golaý iş orny dörär hem-de ýylda 1 milliard amerikan dollaryndan gowrak girdeji geler. Bu bolsa diňe bir türkmen-owgan söwda-ykdysady gatnaşyklaryna däl, eýsem, tutuş sebitiň döwletleriniň durmuş-ykdysady ösüşine oňyn täsirini ýetirer. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, täze desgalaryň ulanylmaga berilmegi we birnäçe desgalaryň gurluşygyna ak pata berilmegi Aziýa-Ýuwaş ummany sebitine, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň örän giň, çalt depginler bilen ösýän sebitlerine we bazarlaryna harytlarydyr hyzmatlary çykarmaga, logistika mümkinçiliklerini ulanmaga ýardam berer.
Jahantäç OWEZOWA,
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby,
«Biznes reklama».
Çeşme: “Biznes reklama” gazeti – 16.09.2024 ý. // https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/50/articles/163202