2564
Türkmenistanyň diplomatiýasynyň energetika, ulag we suw ugurlary boýunça internet olimpiadasy
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň
Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň guramagynda
ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda
Türkmenistanyň diplomatiýasynyň energetika, ulag we suw ugurlary boýunça geçiriljek internet olimpiadasynyň
DÜZGÜNNAMASY:
Türkmenistanyň Prezidentiniň giň gerimli özgertmeleriniň esasy strategik güýji hökmünde zehinli ýaşlaryň ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen taslamalarydyr maksatnamalaryny hem-de döredijilikli başlangyçlaryny amala aşyrmaklaryna goldaw bermek we höweslendirmek, ylym we bilim babatda halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmek barada beren möhüm tabşyryklaryndan, «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022-2028-nji ýyllar üçin konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», şeýle hem «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň gurnamagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň energetika, ulag we suw ugurlary boýunça internet olimpiadasyny şu Düzgünnama laýyklykda geçirýär.
Bu internet olimpiadanyň esasy maksady Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasatyny, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda, halkara we sebitara guramalarynyň sammitlerinde energetika, ulag we suw meseleleri boýunça öňe süren netijeli halkara hyzmatdaşlygyny alyp barmaga gönükdirilen halkara başlangyçlaryny hem-de olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişini çuňňur bilýän kämil, döwrüň talabyna laýyk we zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr.
Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistanyň dünýäde energiýa howpsuzlygyny ygtybarly üpjün etmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygy we möhüm başlangyçlary halkara bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýar we iş ýüzünde öz beýanyny tapýar. Muňa BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2008-nji ýylyň 19-njy dekabrynda we 2013-nji ýylyň 17-nji maýynda Baş Assambleýa tarapyndan kabul edilen “Energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň orny” atly Rezolýusiýalarynyň kabul edilmegi aýdyňlygy bilen subut edýär. Şeýle-de, giň ykdysady diwersifikasiýa maksatnamasyny amala aşyrýan Türkmenistan tebigy baýlyklaryny dünýä bazaryna çykarmakda hem köpugurly taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär.
Türkmenistan özüniň daşary syýasatynyň we halkara hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ulag ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyny giňden ösdürýär. Bu ugurda ýurdumyzyň durmuşa geçirýän iri halkara taslamalary we BMG we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlary daşary-syýasy strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň aýdyň subutnamalarynyň biri bolup durýar. Biziň ýurdumyz halkara gatnaşyklarynda ulag ulgamynyň köpugurly ösdürilmegine, ulaglaryň arasynda arabaglanyşygy berkitmäge, deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ykdysadyýetini goldamaga gönükdirilen başlangyçlaryň ençemesiniň başyny başlady hem-de bu ugurda syýasy-diplomatik tagallalary amala aşyrýar. Türkmenistan sebit we bütindünýä ähmiýetli taslamalaryň işe girizilmegine we durmuşa geçirmegine hem işjeň gatnaşýar. Halkara we sebit derejesinde ulag-logistika ulgamyny ösdürmek, onuň häzirki zaman şertlerine görä hereket etmegini gazanmak üçin Türkmenistan tarapyndan ulag ulgamynda öňe sürülýän başlangyçlar dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda durnukly ulag ulgamyny ösdürmek boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki belent abraýyndan habar berýär.
Ýurdumyz daşary syýasatda ekologiýa we suw diplomatiýasynyň ösdürilmegine gönükdirilen işleri umumadamzat bähbitlere gönükdirmek bilen yzygiderli alyp barýar. Halkara giňişliginde, dürli maslahatlarda, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklarynda Türkmenistanyň öňe süren ekologiýa we suw çygryndaky başlangyçlary möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen, dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Bu ýörelgeler Milli Liderimiziň 2012-nji ýylyň iýunynda Braziliýada geçirilen Durnukly ösüş boýunça “Rio+20”, 2015-nji ýylyň martynda Ýaponiýanyň Sendaý şäherinde geçirilen BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça III Bütindünýä maslahatynda, 2015-nji ýylyň aprelinde Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherinde geçirilen VII Bütindünýä suw maslahatynda we 2018-nji ýylyň 20-nji iýunynda Täjigistan Respublikasynda BMG-niň howandarlygynda geçen “Durnukly ösüş üçin suw, 2018-2028-nji ýyllar” forumlardaky çykyşlarynda öz beýanyny tapdy. Aral meselesi Türkmenistanyň daşary syýasatynda sebit howpsuzlygyny we bütewiligini goramagyň esasy ugry hökmünde çykyş edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Araly goramak meselesine içerki, sebit meselesi hökmünde garalyp bilinmez. Ony üstünlikli çözmek üçin dünýä bileleşiginiň goldawy, täze jemlenen, toplumlaýyn halkara çemeleşmesi, bu işe Birleşen Milletler Guramasynyň yzygiderli gatnaşmagy zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, 2012-nji ýylyň iýunynda Rio-de-Žaneýroda geçirilen Durnukly ösüş boýunça maslahatda (Rio+20) Türkmenistan BMG-niň işiniň aýratyn ugruny işläp taýýarlamagy, ony BMG-niň Aral üçin ýörite maksatnamasy diýip atlandyrmagy teklip etdi, ol Aral deňzi sebitinde ýagdaýy durnuklaşdyrmak we gowulandyrmak boýunça anyk meýilnamalary öz içine alýar. Şunuň bilen baglanyşykly, türkmen tarapynyň bu meseleler boýunça garaýyşy anyk we aýdyňdyr. Aral sebitinde köpugurly hyzmatdaşlyk ähli döwletleriň bähbitlerini göz öňünde tutmaly we bu iş yzygiderli häsiýete eýe bolmaly. Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işine 2017-2019-njy ýyllarda ýolbaşçylyk etmegi hem-de 2018-nji ýylyň awgustynda Türkmenbaşy şäherinde guramanyň agza döwletleriniň döwlet baştutanlarynyň sammitiniň üstünlikli geçirilmegi Aralyň ekologik ýagdaýyny goramak boýunça hyzmatdaşlygy üpjün etmeklige ýurdumyzyň ägirt uly goşandynyň görkezijisidir.
Geçirilýän internet olimpiadasy ýokarda agzalýan ugurlar boýunça amala aşyrylýan ähmiýetli işlere we ýetilen belent sepgitlere talyplaryň ünsüni çekmek bilen, olarda ýurdumyzyň agzalyp geçirýän ugurlarda toplan ylym-bilim başarnyklaryny açyp görkezmekligi maksat edinýär.
Internet olimpiadanyň geçirilmegi boýunça guramaçylyk meseleler we umumy düzgünler:
· Internet olimpiada Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň energetika, ulag we suw ugurlary boýunça esasy meseleleri öz içine alýan test görnüşinde geçiriler.