Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Bildirişler / Türkmenistanyň diplomatiýasynyň energetika, ulag we suw ugurlary boýunça internet olimpiadasy
    Türkmenistanyň diplomatiýasynyň energetika,  ulag we suw ugurlary boýunça internet olimpiadasy surady
    10/05/2023

    2834

    Türkmenistanyň diplomatiýasynyň energetika, ulag we suw ugurlary boýunça internet olimpiadasy

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň guramagynda

    ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda

     Türkmenistanyň diplomatiýasynyň energetika, ulag we suw ugurlary boýunça geçiriljek internet olimpiadasynyň

    DÜZGÜNNAMASY:

              Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşine, halkymyzyň aň-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ylmyň, tehnikanyň we önümçiligiň bitewiliginiň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň ykdysady we durmuş ösüşi babatda dünýäniň ösen döwletlerine mahsus bolan sepgitlere çykmagyna gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar we meýilnamalar düýpli ylmy esaslara daýanýar.

    Türkmenistanyň Prezidentiniň giň gerimli özgertmeleriniň esasy strategik güýji hökmünde zehinli ýaşlaryň ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen taslamalarydyr maksatnamalaryny hem-de döredijilikli başlangyçlaryny amala aşyrmaklaryna goldaw bermek we höweslendirmek, ylym we bilim babatda halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmek barada beren möhüm tabşyryklaryndan, «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022-2028-nji ýyllar üçin konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda»,  şeýle hem «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary  boýunça okuw merkeziniň gurnamagynda ýurdumyzyň  ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň energetika, ulag we suw ugurlary boýunça internet olimpiadasyny şu Düzgünnama laýyklykda geçirýär.

    Bu internet olimpiadanyň esasy maksady Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasatyny, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda, halkara we sebitara guramalarynyň sammitlerinde energetika, ulag we suw meseleleri boýunça öňe süren netijeli halkara hyzmatdaşlygyny alyp barmaga gönükdirilen halkara başlangyçlaryny hem-de olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişini çuňňur bilýän kämil, döwrüň talabyna laýyk we zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr.

    Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistanyň dünýäde energiýa howpsuzlygyny ygtybarly üpjün etmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygy we möhüm başlangyçlary halkara bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýar we iş ýüzünde öz beýanyny tapýar. Muňa BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2008-nji ýylyň 19-njy dekabrynda we 2013-nji ýylyň 17-nji maýynda Baş Assambleýa tarapyndan kabul edilen “Energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň orny” atly Rezolýusiýalarynyň kabul edilmegi aýdyňlygy bilen subut edýär. Şeýle-de, giň ykdysady diwersifikasiýa maksatnamasyny amala aşyrýan Türkmenistan tebigy baýlyklaryny dünýä bazaryna çykarmakda hem köpugurly taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. 

    Türkmenistan özüniň daşary syýasatynyň we halkara hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ulag ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyny giňden ösdürýär. Bu ugurda ýurdumyzyň durmuşa geçirýän iri halkara taslamalary we BMG we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlary daşary-syýasy strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň aýdyň subutnamalarynyň biri bolup durýar. Biziň ýurdumyz halkara gatnaşyklarynda ulag ulgamynyň köpugurly ösdürilmegine, ulaglaryň arasynda arabaglanyşygy berkitmäge, deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ykdysadyýetini goldamaga gönükdirilen başlangyçlaryň ençemesiniň başyny başlady hem-de bu ugurda syýasy-diplomatik tagallalary amala aşyrýar. Türkmenistan sebit we bütindünýä ähmiýetli taslamalaryň işe girizilmegine we durmuşa geçirmegine hem işjeň gatnaşýar. Halkara we sebit derejesinde ulag-logistika ulgamyny ösdürmek, onuň häzirki zaman şertlerine görä hereket etmegini gazanmak üçin Türkmenistan tarapyndan ulag ulgamynda öňe sürülýän başlangyçlar dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda durnukly ulag ulgamyny ösdürmek boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki belent abraýyndan habar berýär.

    Ýurdumyz daşary syýasatda ekologiýa we suw diplomatiýasynyň ösdürilmegine gönükdirilen işleri umumadamzat bähbitlere gönükdirmek bilen yzygiderli alyp barýar. Halkara giňişliginde, dürli maslahatlarda, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklarynda Türkmenistanyň öňe süren ekologiýa we suw çygryndaky başlangyçlary möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen, dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Bu ýörelgeler  Milli Liderimiziň 2012-nji ýylyň iýunynda Braziliýada geçirilen Durnukly ösüş boýunça “Rio+20”, 2015-nji ýylyň martynda Ýaponiýanyň Sendaý şäherinde geçirilen BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça III Bütindünýä maslahatynda, 2015-nji ýylyň aprelinde Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherinde geçirilen VII Bütindünýä suw maslahatynda we 2018-nji ýylyň 20-nji iýunynda Täjigistan Respublikasynda BMG-niň howandarlygynda geçen “Durnukly ösüş üçin suw, 2018-2028-nji ýyllar” forumlardaky çykyşlarynda öz beýanyny tapdy. Aral meselesi Türkmenistanyň daşary syýasatynda sebit howpsuzlygyny we bütewiligini goramagyň esasy ugry hökmünde çykyş edýär. Türk­men halkynyň Milli Li­de­ri­niň bel­leý­şi ýa­ly, Ara­ly go­ra­mak me­se­le­si­ne içer­ki, se­bit me­se­le­si hök­mün­de ga­ra­lyp bi­lin­mez. Ony üs­tün­lik­li çöz­mek üçin dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň gol­da­wy, tä­ze jem­le­nen, top­lum­la­ýyn hal­ka­ra çe­me­leş­me­si, bu işe Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň yzy­gi­der­li gat­naş­ma­gy ze­rur bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, 2012-nji ýy­lyň iýu­nyn­da Rio-de-Ža­neý­ro­da ge­çi­ri­len Dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça mas­la­hat­da (Rio+20) Türk­me­nis­tan BMG-niň işi­niň aý­ra­tyn ug­ru­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­gy, ony BMG-niň Aral üçin ýö­ri­te mak­sat­na­ma­sy di­ýip at­lan­dyr­ma­gy tek­lip et­di, ol Aral deň­zi se­bi­tin­de ýag­da­ýy dur­nuk­laş­dyr­mak we go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça anyk me­ýil­na­ma­la­ry öz içi­ne alýar. Şunuň bilen baglanyşykly, türkmen tarapynyň bu meseleler boýunça garaýyşy anyk we aýdyňdyr. Aral sebitinde köpugurly hyzmatdaşlyk ähli döwletleriň bähbitlerini göz öňünde tutmaly we bu iş yzygiderli häsiýete eýe bolmaly. Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işine 2017-2019-njy ýyllarda ýolbaşçylyk etmegi hem-de 2018-nji ýylyň awgustynda Türkmenbaşy şäherinde guramanyň agza döwletleriniň döwlet baştutanlarynyň sammitiniň üstünlikli geçirilmegi Aralyň ekologik ýagdaýyny goramak boýunça hyzmatdaşlygy üpjün etmeklige ýurdumyzyň ägirt uly goşandynyň görkezijisidir.

    Geçirilýän internet olimpiadasy ýokarda agzalýan ugurlar boýunça amala aşyrylýan ähmiýetli işlere we ýetilen belent sepgitlere talyplaryň ünsüni çekmek bilen, olarda ýurdumyzyň agzalyp geçirýän ugurlarda toplan ylym-bilim başarnyklaryny açyp görkezmekligi maksat edinýär.

                   Internet olimpiadanyň geçirilmegi boýunça guramaçylyk meseleler we umumy düzgünler:

    ·      Internet olimpiada Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň energetika, ulag we suw ugurlary boýunça esasy meseleleri öz içine alýan test görnüşinde geçiriler.

    ·       Olimpiada ýurdumyzyň islendik ýokary okuw mekdebiniň talyby gatnaşyp biler. Olimpiada türkmen dilinde geçiriler.

    ·  Internet olimpiadasynda beriljek soraglar Türkmenistanyň diplomatiýasynyň energetika, ulag we suw ugurlary boýunça ähmiýetli meselelerini hem-de ýurdumyzyň daşary syýasatynyň degişli ugurlary boýunça ýeten sepgitlerini öz içine alar we bu meseleler boýunça çuňlaşdyrylan bilimleri talap eder.

    ·     Olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýän talyplar 2023-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli hödürlenýän hasaba alyş sowalnamany doldurmak arkaly maglumatlary hoshanovat@gmail.com elektron poçtasyna ugratmaly.

     

    T/b

    Ýokary okuw mekdebiniň ady (doly ýazylmaly)

    Talybyň familiýasy, ady we atasynyň ady:

    Okaýan hünäri we ýyly:

    Talybyň telefon belgisi we elektron poçtasy

    1.

    ...

    ...

    ...

     

    2.

    ...

    ...

    ...

     

    Jemi:

     

     

     

     

     

     

    ·  Talap edilýän düzgünlere laýyklykda, bellenen senä çenli guramaçylyk toparyna tabşyrylan sowalnamanyň eýelerine olimpiada gatnaşmaga hukuk berler.

    ·       Olimpiada 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda sagat 15:00 internet arkaly onlaýn görnüşde geçiriler.

    ·       Iň ýokary ball görkezijilerini alan gatnaşyjylar ýeňijiler diýlip yglan ediler hem-de Halkara gatnaşyklary institutyň Hormat hatlary  we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanar.

     

    Bildiriş goýlanda her ugruň jogäpkär hünärmeni olimpiada gatnaşyjylara

    taýýarlanmak üçin hödürlenýän edebiýatlaryň sanawyny bermeli.

    Okamagy teklip edilýän edebiýatlar:

    1.S.Berdimuhamedow. Türkmenistanyň energetika we ykdysady howpsuzlygy. – Aşgabat, 2017.

    2.Gurbanguly Berdimuhamedow. Ösüşiň täze belentliklerine tarap. Saýlanan eserler. Türkmen döwlet neşirýat gullugy. – Aşgabat, 2008-2018 ý.ý. (1-11-nji tomlar).

    3.H. Geldiýew, N. Suwhanow. Halkara energetika howpsuzlygy. Türkmen döwlet neşirýat gullugy. – Aşgabat, 2017.

    4.B. Karaýew we başgalar. Türkmenistanyň daşary syýasaty. Türkmen döwlet neşirýat gullugy. – Aşgabat, 2017.

    5.www.mfa.gov.tm

    6.www.orient.tm

    7.www.iirmfa.edu.tm

    8.Gurbanguly Berdimuhamedow. Suw – ýaşaýyşyň we bolçulygyň çeşmesi. – A.:, TDNG, 2007.

    9.Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda. – A.: TDNG, 2018.

    10.Karaýew B. we başg. Türkmenistanyň daşary syýasaty.Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. – A.: TDNG, 2017.

    11.Türkmenistanyň Mejlisiniň 2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky “Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda” № 154-V belgili karary.

    12.Türkmenistanyň Mejlisiniň 2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky “Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýany tassyklamak hakynda” № 108-VI belgili karary.

    13.https://ru-euronews-com.cdn.ampproject.org/v/s/ru.euronews.com/amp/2018/08/16/aktau-caspian

    14.https://carececo.org/main/news/un-ifas-resolution/

    15.https://carececo.org/main/news/turkmenistan-vozglavit-mezhdunarodnyy-fond-spaseniya-arala/

    16.https://www.mfa.gov.tm/ru/aral

    17.https://turkmenportal.com/blog/24071/v-mid-podveli-itogi-predsedatelstva

    18.Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy, I we II tomlary. – Aşgabat: TDNG, 2010.

    19.Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi. I we II tomlary. – Aşgabat: TDNG, 2017-2018.

    20.Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistan durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda. – Aşgabat: TDNG, 2018.

    21.Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistan – Bitaraplyk mekany. – Aşgabat: TDNG, 2020.

    22.«Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnaly, 2014-nji ýylyň №4,

    23.«Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnaly, 2016-nji ýylyň №4,

    24.«Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnaly, 2022-nji ýylyň №3,

    25.«Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnaly, 2022-nji ýylyň №1,4,

    26.«Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna»

    27.«Türkmenistanyň 2021–2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyna»

    28.«Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň  2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy»

    29.Türkmenistanyň durnukly ulag ulgamyny döretmek baradaky halkara başlangyçlarynyň dabaranlamagy ylmy makalalaryň ýygyndysy. Türkmen döwlet neşirýat gullugy Aşgabat 2017 ý.





    Soňky täzelikler

    II halkara bäsleşigine gatnaşyjylaryň MAKSATNAMASY surady

    06/05/2025

    II halkara bäsleşigine gatnaşyjylaryň MAKSATNAMASY
    II halkara bäsleşik surady

    28/04/2025

    II halkara bäsleşik
    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK! surady

    22/04/2025

    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI