476
TÜRKMENISTAN-MEKSIKA: DIPLOMATIKI GATNAŞYKLARYŇ 30 ÝYLLYGYNA
Türkmenistanyň Latyn Amerikasy döwletleri bilen hem alyp barýan ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljegi uly mümkinçiliklere eýe. Çünki, Latyn Amerikasy döwletleri dürli ugurlarda giň gerimli maýa goýum taslamalaryny amala aşyrýar, aýratyn-da hiç bir toparlara girmeýändigi bilen tapawutlanýar hem-de däp bolşy ýaly, halkara guramalarda ösüp barýan ýurtlary goldaýarlar. Bu bolsa, daşary syýasatda hyzmatdaşlyk etmek üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýär. Şu kontinentde ýerleşýän Meksikanyň Birleşen Ştatlary ýer ýüzüniň ykdysady taýdan ösen iň iri ýigrimi döwletiniň hataryna girýär. Türkmen-meksika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri köpugurlydyr. Çünki, Meksika uly we köpdürli mineral çig mal gorlaryna eýedir. Bu ýurt kümüş, galaýy, gurşun, mis, altyn, dürli duzlary, sink, kobalt, nebit we gaz çykarmakda dünýäde görnükli orunlaryň birini eýeleýär. Ýurduň senagatynyň esasyny dag-magdan pudagy düzýär. Dokma senagaty, esasan, jinsi we ýüň matalary öndürýär we önümleriň agramly bölegi daşary ýurtlara eksport edilýär. Ýurduň daşary ykdysady gatnaşyklarynda deňiz ulagynyň ähmiýeti has uludyr. Ýurtda 107 sany deňiz gämi duralgalary bardyr, olaryň iň ululary: Tampiko, Wera-Krus, Merida, Salina-Krus we başgalar. Ýöne ýurduň ýük dolanşygynda awtomobil ulagy birinji orunda durýar.
Meksika – halkara syýahatçylygynyň iň bir özüne çekiji ýurtlaryň biridir. Her ýylda ýurda 20 mln. syýahatçy gelýär, bu bolsa döwlete uly girdeji getirýär.
Türkmenistan we Meksika 1992-nji ýylyň 27-nji martynda degişli deklorasiýa gol çekmek bilen, şu ýylda öz aralarynda diplomatiki gatnaşyklaryň 30 ýyllygy mynasybetli Arkadagly Serdarymyz Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Andres Manuel Lopes Obradora gutlag hatyny ugratdy. Döwletler ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäginde işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýarlar. 2010-njy ýylda Meksikanyň Kankun şäherinde howanyň gyzmagyna bagyşlanyp geçirilen maslahata türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagyda Türkmenistanyň ekologiýa boýunça halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berýändigini we degişli teklipleri öňe sürmek bilen adamzat jemgyýetiniň abadançylygynyň möhüm faktory bolan ekologiýa meselesiniň wajypdygyny açyk beýan etdi.
2017-nji ýylda döwletleriň diplomatiki gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäherinde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungat muzeýinde Meksikanyň medeniýeti bilen tanyşdyrýan serginiň gurnalmagy bilen halkara gatnaşyklarynda milli gymmatlyklar, däp-dessurlar, düzgün-kadalar täze bir mazmuna eýe bolýarlar we olar milletleri özara jebisleşdiriji, baglaýjy bolup hyzmat edýärler.
Mährijemal MÄMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň
mugallymy
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI