
34
TÜRKMENISTAN ― BMG: BIRLEŞEN TAGALLALAR, AÝDYŇ MAKSATLAR
Birleşen Milletler Guramasy — parahatçylygy goldamak hem-de ýurtlaryň arasynda parahatçylykly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin özygtyýarly döwletleriň meýletin birleşmegi esasynda döredilen halkara guramadyr. Parahatçylygy elmydama depesine täç edinen türkmen halky hem Birleşen Milletler Guramasy bilen köptaraply, oňyn strategik hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bu hyzmatdaşlygyň geçen 33 ýylynda BMG bilen bilelikde durmuşa geçirilen uly göwrümli taslamalar, ýetilen sepgitler Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiliginde derwaýys meselelere öz wagtynda mynasyp çözgütleri hödürleýändiginiň aýdyň mysaly bolup durýar. 2025-nji ýylyň 21 — 24-nji sentýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparyny amala aşyryp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisiniň ilkinji gününe gatnaşmagy we taryhy çykyş etmegi hyzmatdaşlygyň täze derejelere çykarylýandygynyň nobatdaky beýanydyr.
Bilşimiz ýaly, 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistany bu abraýly düzüme kabul etmek hakyndaky çözgüdi kabul etmegi täze taryhymyzyň ýylýazgysynda şöhratly sahypany açdy. Bu taryhy waka halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň, saýlap alan daşary syýasy ugrunyň halkara derejede giň goldawa eýe bolýandygyny görkezdi. Ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet gurmak baradaky köpasyrlyk arzuw-umytlaryndan bina bolan Garaşsyz Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny dünýä ýaýyp, häzirki zamanyň ylmy-tehniki ösüşlerine, täze gözýetimlerine çuňňur aralaşmagyna ak ýol açdy. Bu şanly sene Türkmenistanyň halkara işlere deňhukukly gatnaşmagyna mümkinçilik berip, dünýäde BMG tarapyndan ilkinji Bitarap döwlet hökmünde hukuk derejesiniň ykrar edilmegini şertlendirdi.
Milletler Bileleşiginiň agzalygyna kabul edilen gününden bäri Türkmenistan BMG-niň Tertipnamasynyň düzgünlerine, Adam hukuklary hakyndaky ählumumy Jarnamasynyň ýörelgelerine, konwensiýalarynyň kadalaryna ygrarly bolmagynda galýar. BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen milli we halkara derejede ileri tutulýan ugurlar hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça bilelikdäki taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bulardan başga-da, ýurdumyz ählumumy parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň berkidilmegine, deňagramly hem-de birleşdiriji häsiýete eýe bolan halkara tagallalara saldamly goşant goşýar. Şunda hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşyp, taryhy söz sözlemegi ýurdumyzyň bu abraýly düzüm bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklan möhüm ädim bolupdy.
Şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna gabat gelýän ýubileý sessiýa «Bilelikde işlemek: parahatçylygyň, ösüşiň, adam hukuklarynyň we öňe barýan ýoluň bähbidine bilelikdäki işiň 80 ýyllygy» mowzugynda geçýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden çykyş edip, sebit we ählumumy derejedäki wajyp meseleler boýunça ýurdumyzyň ileri tutulýan garaýyşlaryny, şeýle hem ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze, döredijilikli başlangyçlaryny beýan etmegi ýokary ähmiýete eýedir.
Döwlet Baştutanymyz BMG-niň belent münberinden eden çykyşynda dünýäniň häzirki ýagdaýynyň, syýasy, ykdysady, durmuş prosesleriniň häsiýetiniň we meýilleriniň döwletlerden hem-de halkara guramalardan esasy umumy maksady gazanmagyň — parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, mundan beýläk-de okgunly ösüş üçin şertleri döretmegiň, häzirki zaman dünýä gurluşynyň binýadynda goýlan hukuk esaslaryny gorap saklamagyň bähbidine utgaşykly hyzmatdaşlygy talap edýändigini belläp, Türkmenistanyň Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynyň esasy wezipelerine hut şu nukdaýnazardan seredýändigini we berk deňagramly, howpsuz dünýä arhitekturasyny döretmekde oňa uly umyt baglaýandygyny aýtdy.
Halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu babatda ýurdumyzyň öňe sürýän anyk tekliplerine ünsi çekdi. Hususan-da, bu ýerde gürrüň 80-nji sessiýanyň gün tertibine «Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna» atly aýratyn bendi girizmek; «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş prosesini üpjün etmek hem-de pugtalandyrmak işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamanyň taslamasyna seretmek; Parahatçylyk we ynanyşmak medeniýeti meseleleri boýunça bütindünýä sammitini geçirmek; Halkara ynanyşmagyň ählumumy kodeksini işläp taýýarlamak; «Merkezi Aziýa — parahatçylykda ýaşamagyň giňişligi» atly halkara forumy geçirmek; Halkara araçylyk gününi yglan etmek ýaly başlangyçlar barada barýar.
Hormatly Prezidentimiz Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga gatnaşmagyň, onuň ulag we energetika ýaly esasy ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýurdumyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýdyp, bu babatda Türkmenistanyň 2026 — 2035-nji ýyllar üçin «BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny» yglan etmek, «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamanyň taslamasyny işläp taýýarlamak ýaly başlangyçlaryna ünsi çekdi. Şunda Sanly integrasiýa boýunça bütindünýä platformasyny; Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek; Hazar ekologiýa başlangyjyny ilerletmek; Hazar ekologiýa forumyny geçirmek ýaly teklipler hem Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge goşant goşmak bilen baglydyr.
Bulardan başga-da, medeniýetleriň arasynda dialogy ösdürmek we Baş Assambleýanyň halkara gatnaşyklarda köpdilliligi goldamak boýunça Kararnamalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin Köpdilli diplomatiýanyň halkara gününi yglan etmek teklip edildi, şeýle hem 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyç öňe sürüldi. Munuň özi parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň halkara hukuk binýatlaryny pugtalandyrmakda möhüm ädim bolar.
Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň halkynyň adyndan BMG-ä agza döwletlere, tutuş dünýä jemgyýetçiligine 1995-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen we Baş Assambleýanyň soňky iki Kararnamasy bilen tassyklanan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny ykrar etmek baradaky çözgüt üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de ýurdumyzyň özüne bildirilen ynamy hemişe ýatda saklajakdygyny, öz üstüne alan halkara borçnamalaryna pugta eýerjekdigini tassyklady.
Iş saparynyň dowamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz dünýäniň abraýly halkara guramalarynyň biri bolan BMG-niň Baş sekretary, dünýä ýurtlarynyň ençemesiniň ýokary derejeli döwlet ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Olaryň dowamynda dostlukly döwletleriň Baştutanlary şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyryldy. Munuň özi ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga goşant goşmaga taýýardygyny aýdyň görkezen möhüm waka boldy.
Şeýlelikde, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynda ileri tutulýan garaýyşlar ýurdumyzyň BMG we onuň düzüm birlikleri, agza döwletleri bilen parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň, ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine oňyn halkara hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny nobatdaky gezek aýdyň görkezýär. Ýurdumyzy gülledip ösdürmekde alyp barýan beýik işleri, döwletli başlangyçlary bilen dünýäde ata Watanymyzyň at-abraýyny belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutumly işleri diňe rowaçlyklara beslensin!
Täzegül AÝAZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallymy.
Последние новости

30/09/2025
Воспитываем патриотов