
288
MEDIASIÝA:TARYHDAN ŞU GÜNE ÇENLI
Dawalary parahatçylykly kadalaşdyrmakda araçyllyk meselesi mydama derwaýys bolup durýar. Bu aýratyn hem gepleşýän taraplaryň özara ylalaşyga gelmeklerine ýardam berýän araçy tarapa degişlidir. Soňky döwürlerde halkara jedellerdäki araçyllyk, köplenç, “mediasiýa” diýlip atlandyrylýar. Araça bolsa “mediator” diýilýär. Mediasiýa (iňl. Mediation) – bu halkara derejesinde bitarap araçynyň (mediatoryň) ýardam bermeginde geçirilýän parahatçylyga gönükdirilen gepleşikleri guramak we alyp barmak bolup durýar.
Araçyllygyň taryhy adamzadyň iň gadymy jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň kemala gelmegi bilen başlanýar. Biziň eýýamymyzdan öňki müňýyllyklarda taýpalaryň arasynda ýüze çykýan ýer ýa-da tebigy baýlyk bilen baglanyşykly dawalary çözmekde ýaşulular ýa-da abraýly dini ýolbaşçylar araçy bolup çykyş edýärdiler. Gadymy Mesopotamiýada, Şumer we Wawilon döwründe (takmynan b.e.öň 3000–2000-nji ýyllarda) hökümdarlar bilen ruhanylaryň araçyllyk etmegi adat halyna öwrülipdi. B.e.öň 1754-nji ýylda ýazylan Hammurapi kanunlarynda hem dawalaryň parahatçylykly ýollar bilen çözülmegine degişli düzgünler bardy. 1648-nji ýylda baglaşylan Westfal şertnamasy Ýewropadaky “Otuz ýyllyk urşy” jemläp, halkara gatnaşyklarynda araçyllygyň parahatçylyk gurallarynyň biri hökmünde, onuň ornuny berkidýän möhüm taryhy waka boldy. Soňraky ýyllarda, aýratyn-da, “Sowuk uruş” döwründe döwletleriň arasyndaky dartgynlyklary ýatyrmak üçin köplenç araçyllyk ulanyldy. XX asyryň iň tanymal diplomatlarynyň biri, ABŞ-nyň Döwlet Sekretary bolan Genri Kissinjer (1923-2023ý.) özüniň “Diplomatiýa” atly kitabynda ilkinji gezek “araçyllyk diplomatiýasy” (shuttle diplomacy) adalgasyny Ýakyn Gündogar meselesinde ulandy. Şeýle hem, onuň “Araçyllyk döwletiň güýç ulanmazdan täsirini görkezmek ýoludyr” diýen pikirleri halkara gatnaşyklarynda uly ähmiýete eýe boldy. Araçyllyk taryhy nukdaýnazardan adamzadyň ilkinji jemgyýetçilik gatnaşyklaryndan başlap, häzirki zaman halkara hukugynyň hem-de içerki hukuk ulgamynyň möhüm bölegi bolup durýar. Ol müňýyllyklardan başlap häzirki döwrüň halkara syýasatyna çenli dowam edip gelýän möhüm parahatçylykly çözgüt mehanizmi (ulgamy) hökmünde adamzadyň ösüşiniň aýrylmaz bölegidir.
XX asyryň ikinji ýarymynda, Ikinji jahan urşy tamamlanandan soň, döwletleriň arasynda parahatçylykly gatnaşyklaryň ornaşdyrylmagy we dawalaryň çözülmegi üçin täze ulgamlar döredildi. Şolaryň iň ulusy we täsirlisi 1945-nji ýylda döredilen Birleşen Milletler Guramasydyr. Onuň Tertipnamasynyň altynjy babynyň 33-nji maddasynda döwletleriň arasynda ýüze çykýan dawalary çözmegiň usullary barada aýdylyp, olaryň arasynda gepleşikler, araçyllyk, parahatçylykly çözgütler we halkara hukugy ýaly usullar görkezilýär. Bu ýagdaý BMG-niň döredilen ilkinji günlerinden başlap, araçyllygyň halkara derejesinde resmi we hukuk taýdan berkidilen ýol bolandygyny görkezýär. BMG-niň araçyllyk tejribesiniň aýratyn uly ähmiýete eýedigini bellemek zerurdyr. Onuň Baş Sekretarlary Afrikada, Balkanlarda, Ýakyn Gündogarda we Aziýada ýüze çykan garşylyklaryň çözülmeginde araçy bolup gatnaşypdyrlar.
Şolaryň arasynda Türkmenistan öz Bitaraplyk syýasaty bilen aýratyn tapawutlanýar. 1995-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan halkara derejesinde ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk ýurduň daşary syýasatynyň esasy sütünleriniň biri bolup durýar. Türkmenistan özüniň geosyýasy ýerleşişi hem-de hemişelik Bitaraplyk derejesi bilen, sebitde hyzmatdaşlygy ösdürmekde we araçyllyk etmekde ylalaşdyryjy merkez hökmünde çykyş edýär. Muňa mysal hökmünde, geçen asyryň 90-njy ýyllarynda goňşy döwlet Täjigistanda emele gelen dartgynly ýagdaýy çözmekde Türkmenistanyň araçyllyk tagallalarynyň uludygyny görkezmek bolar. Ýagny, 1995-nji ýylyň ahyryndan 1996-njy ýylyň ortalaryna çenli Aşgabatda gepleşikleriň 3 tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Hökümeti özara gapma-garşylykda duran täjik partiýalarynyň liderlerini kabul etdi we olaryň asuda ýagdaýda, howlukmazdan düşünişmekleri üçin ähli şertleri üpjün etdi. Onuň netijesinde taraplar ylalaşyga gelip, harby hereketleri ýatyrmak barada bilelikdäki Aşgabat beýannamasyna gol çekdiler. Bu gepleşiklere ýardam bermek üçin gelen BMG-niň Baş Sekretarynyň ýörite wekili Gerd Merrem täjigara gepleşikleriniň Aşgabatda geçirilmegi üçin ähli şertleri döreden Türkmenistanyň araçyllyk ornuna ýokary baha berdi.
Beýleki bir goňşy döwlet, Owganystan boýunça-da Türkmenistan öziniň araçyllygyny hödürledi. 1997-nji ýylyň başynda Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda Owganystanyň halkyna ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça Halkara maslahaty geçirildi. Onda Owganystana ynsanperwer kömegini bermek we biri-birine garşy durýan toparlanyşyklaryň arasynda barlyşyga ýardam etjek çäreleri işläp düzmek ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 1998-nji ýylyň ýazynda BMG-niň howandarlygynda Aşgabatda Owganystanyň içinde parahatçylygy dikeltmek barada iki günlük pikir alyşmalar geçirildi. Olaryň netijesinde Demirgazyk alýans bilen talyplar hereketiniň arasynda gepleşiklere başlamak üçin ylalaşdyryjy topary döretmek barada karar kabul edildi. Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystan meselesi boýunça 2008-nji ýylyň iýunynda Parižde, 2010-njy ýylyň aprelinde Londonda we awgustynda Kabulda, 2011-nji ýylyň dekabrynda Bonnda geçirilen halkara maslahatlaryna gatnaşdy. Şol maslahatlarda biziň döwletimiz birnäçe esaslandyrylan teklipler bilen çykyş etdi.
G.Kissinjeriň “Diplomatiýanyň maksady ýeňiş gazanmak däl-de, parahatçylygy saklap bilmekdir” diýen sözleri bilen deňeşdirilende, Türkmenistanyň daşary syýasatyndaky bitaraplyk ýörelgesi bu pikiriň häzirki zaman nusgasy ýaly bolup çykyş edýär. Döwletara gatnaşyklarynda jedelli meseleleri gepleşikler ýoly bilen çözmeklik, uruşlaryň we ýaragly çaknyşyklaryň öňüni almak, hoşniýetli araçylyk etmek babatynda Türkmenistanyň toplan tejribesi BMG derejesinde uly goldawa eýe boldy. 2007-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň teklibi boýunça we BMG-niň Baş sekretarynyň çözgüdine laýyklykda, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkeziniň Aşgabatda açylmagyny muňa mysal hökmünde getirmek bolar.
Elbetde, BMG bilen halkara gün tertibinde duran strategiki taýdan möhüm meseleler we wezipeler boýunça maksatnamalaýyn gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynda eden çykyşynda ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlaryny we öňde goýan wezipelerini beýan etdi. Beýleki ugurlar bilen bir hatarda, Türkmenistan Halkara araçylyk gününi yglan etmek hakynda Kararnamanyň taslamasyna garamagy hem teklip etdi. Munuň özi, gapma-garşylyklaryň öňüni almakda hem-de olary kadalaşdyrmakda diplomatiýanyň we bitarap meýdançalaryň ähmiýetini açyp görkezer. Ol gün jedelli meseleleri dialog, araçyllyk we hyzmatdaşlyk arkaly çözmäge halkara bileleşigi işjeň çekmegiň zerurlygyny, şeýle hem, adalatlylyk we parahatçylykly ýaşamak ýörelgelerini berkarar etmek üçin netijeli gural hökmünde bitaraplygyň möhüm ähmiýetini alamatlandyrar.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň plenar mejlisiniň ilkinji gününe gatnaşmagy we onda çykyş etmegi diňe bir Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, halkara hukugyň esas goýujy ýörelgelerine ygrarlydygyny subut eden waka bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga goşant goşmaga hem taýýardygyny aýdyň görkezen möhüm waka boldy. Türkmenistan hemişelik Bitaraplygyň halkara giňişlikde parahatçylygy, durnuklylygy, araçyllygy we özara düşünişmegi ilerletmek üçin netijeli gural bolup durýandygyny dünýä äşgär edip, tutuş adamzadyň durnukly geljegi üçin öz döredijilikli başlangyçlaryny işjeň durmuşa geçirmegini mundan beýläk-de dowam etdirer.
Şyhdurdy ŞYHYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.