24/11/2023
1060
Kuraş sportunyň taryhy
Kuraş sportuň özbaşdak görnüşi we fiziki taýýarlyk usulydyr. Kuraş adamzada belli bolan söweş sungatynyň iň gadymy görnüşleriniň biridir. «Kuraş» sözi özbek dilinden terjime edilende «maksada adalatly ýol bilen ýetmek» diýen manyny berýär. Sportuň bu görnüşi esasan hem türki halklaryna mahsus hasaplanýar. Kuraş sporty türki halklarynyň dillerinde birmeňzeş äheňde atlandyrylýar. Kuraş türkmen dilinde “göreş”, altaý dilinde “küraş, güraş”, başgyr dilinde “kureş”, gazak dilinde ”kures, kureş”, täjik dilinde ”kuraş”, gyrgyz dilinde “kuröş” diýlip atlandyrylýar. Ylmy barlaglaryň soňky maglumatlaryna görä, kuraşyň ýaşy, azyndan, 3500 (üç ýarym müň) ýyl diýlip kesgitlenilýär. Irki döwürlerde sportuň bu görnüşi däp-dessur hökmünde baýramlarda we toýlarda fiziki güýmenje hökmünde ulanylypdyr. Bu däp häzirki wagtda hem dowam edýär. Bu sport baradaky maglumatlara köp gadymy edebi çeşmelerde gabat gelmek bolýar. 2500 ýyl mundan ozal, ýaşap geçen gadymy grek filosofy we taryhçysy Gerodot özüniň “Taryh” atly monumental işinde gadymy Merkezi Aziýa halklarynyň (massagetleriň, saklaryň, sogdlaryň, dahlaryň) adatlaryny we däplerini beýan edende, kuraşy hem belläp geçipdir. X asyrda ýaşan beýik gündogar alymy Awisenna (Abu Aly ibn Sina) öz ýazgylarynda: “Kuraş bilen meşgullanmak beden we ruhy saglygy goramagyň iň gowy usullarynyň biridir” diýip maslahat beripdir. XIV asyrda emir Timur ”Teýmirleň” kuraşy öz ýigitleriniň fiziki taýýarlygyny berkitmek üçin ulanypdyr. Mälim bolşy ýaly, Teýmirleňiň goşuny bilen Merkezi Aziýany, Eýrany we Kawkazy eýeläpdir. Gadymy Ýewropa halklary, esasan hem grekler bu sportuň erkin görnüşi, ýagny grek-rim göreşi hökmünde ulanypdyrlar. Ýewropa halklaryna mahsus bolan sportuň bu görnüşiniň türki halklaryň kuraşyndan tapawutly tarapy hem onda bile daňylýan guşagyň bolmazlygydyr.
XX asyrda bu sportuň görnüşi resmileşdirilip başlanýar. Ilkinji gezek 1948-nji ýylda Başgyrd ASSR-da häzirki Başkiriýa Respublikasynda kureş boýunça çempionat geçirilýär. Soňra 1960-njy ýylda Tatar ASSR-da “Tatarça kurýaş” ady bilen sport federasiýasy döredilýär. 1998-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Daşkent şäherinde 28 ýurduň wekilleriniň gatnaşmagy bilen Halkara Kuraş Assosiasiýasy “International Kurash Association (IKA)” döredildi. Häzirki wagtda bu assosiasiýa Aziýanyň 32, Afrikanyň 22, Ýewropanyň 33, Demirgazyk we Günorta Amerikanyň 22, Okeaniýanyň 9 — jemi 118 sany milli sport federasiýalaryny özünde jemleýär.
Kuraş boýunça ilkinji dünýä çempionaty 1999-njy ýylda Daşkent şäherinde geçirildi. Bu çempionatyň täsirli bolmagy bilen 2003-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň 22-nji Baş Assambleýasy kuraş sportuň Halkara Olimpiýa Komitetiniň bu kontinental böleginiň tarapyndan sportuň resmi görnüşi hökmünde ykrar edildi we Olimpiýa oýunlarynyň kontinental modeli bolan Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi. 2006-njy ýylyň dekabrynda Doha (Katar) şäherinde 15-nji Aziýa oýunlary geçirildi. Olarda taryhda ilkinji gezek kuraş boýunça görkeziji ýaryşlar geçirildi. Soňra bolsa 2009-njy ýylda Bangkok (Tailand) şäherinde geçirilen söweş sungaty boýunça 1-nji Aziýa oýunlarynda we şol ýylda Hanoý (Wýetnam) şäherinde ýapyk binalarda 3-nji Aziýa oýunlarynda Kuraş sporty giňden ulanyldy. 2016-njy ýylda ÝUNESCO kuraşyň gazak görnüşi bolan kuresy hoşniýetlilik we raýdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan jemgyýetleriň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge edýän täsirini belläp, adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşdy. Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanylmagy şanly waka boldy. Bu şatlykly habaryň gelip gowuşmagyndan sanlyja günlerden soň paýtagtymyz Aşgabat kuraş sporty boýunça taryhynda ilkinji, umumylykda bolsa 14-nji dünýä çempionatyny garşylady. Şu günler paýtagtymyzda kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionaty üstünlikli geçirilýär.
Döwletmyrat ARAZOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI