22/08/2023
779
Jeýhundan Dunaýa uzaýan menziller
Halkymyzda: «Guşuň kuwwaty ganatlarynda» diýen jümle bar. Edil şonuň ýaly, ynsan hem öz dostlary bilen beýikdir. Daragtlar köki bilen çuňluklara aralaşsa, ynsan dostlary bilen uzak menzilleri aşýar. 20-nji awgustda hormatly Prezidentimiziň Budapeştde geçirilýän Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyna, şeýle hem ýurduň Milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin Wengriýa amala aşyran iş sapary hem dostluk, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň dabaralanýandygynyň nobatdaky beýany boldy.
Sözümizi ýurduň resmi adyna gysgaça düşündiriş bermekden başlamak isleýäris. Bu ýurduň iňlis dilinde «Hungary», ýagny «Hunlaryň ýurdy» diýilmegi-de tötänden däl. Wengerler özüni beýik hun serkerdesi Attilanyň kowumyndan saýýarlar. Diýmek, Jeýhundan Dunaýa uzaýan menzilleriň alysdygyna garamazdan, biziň taryhy ykballarymyz juda ýakyndyr.
Türkmen-wenger gatnaşyklary umumy ruhy-medeni gymmatlyklarda jemlenen dostlukly ýörelgelere esaslanýar. Iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 11-nji maýynda ýola goýuldy. Şol döwürden bäri türkmen-wenger hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrylýar. Wengriýanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylda Türkmenistana amala aşyran resmi sapary hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylda bolan resmi sapary, ýaňy-ýakynda, has takygy, şu ýylyň 8-9-njy iýunynda dostlukly ýurduň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň Türkmenistana amala aşyran resmi sapary türkmen-wenger döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm ähmiýetli waka boldy.
Wengriýa Merkezi Aziýa sebitinde Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly üns bermek bilen, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy strategiýasyny we onuň BMG-niň Baş Assambleýasynyň hem-de beýleki halkara düzümleriň münberinden öňe sürýän ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek baradaky oňyn başlangyçlaryny doly goldaýar.
Dost-doganlyk döwletleri hakynda gürrüň edenimizde, şol döwletleriň ähli taraplary hakynda durup geçmäge çalyşýarys. Wengriýa hakynda söz açylanda, bu döwletiň industrial-agrar ýurtdugyny bellemek gerek. Bu döwlet maşyn, lokomotiw, gämi gurluşygyndaky tejribesini Türkmenistan bilen paýlaşmaga taýýardyr. «Ikarus» kysymly wenger awtobuslarynyň ýurdumyzda hem meşhur bolandygyny ýatlamalydyrys. Türki Döwletleriň Guramasynyň gurakçylyga garşy göreşmek boýunça düzümi hem Wengriýada ýerleşýär. Munuň özi geljekde suw serişdelerini rejeli peýdalanmak meselesinde hyzmatdaşlyga taraplaryň aýratyn üns berjekdigini tassyklaýar.
XIX asyryň ikinji ýarymynda Türkmenistana syýahat eden Arminiý Wamberiniň «Orta Aziýa syýahat» atly eseri türkmenleriň beýik şahyry Magtymguly Pyragyny Ýewropa tanadan eserleriň biridir. Ýakynda Wengriýanyň Premýer-ministri bilen geçirilen Aşgabat duşuşygynda hormatly Prezidentimiziň wenger alymy Arminiý Wamberini ýatlap, wengriýaly dostlarymyzy Magtymguly Pyragynyň 2024-nji ýylda dabaraly belleniljek 300 ýyllyk ýubileýine gatnaşmaga çagyrmagy hem hut şu taryhy hakykata esaslanýar.
Sport — parahatçylygyň we dostlugyň ilçisi. Türkmenistan ýaly, Wengriýa hem sportda baý tejribeli döwlet hasaplanýar. Şu wagta çenli döwür içinde sportuň dürli ugurlary boýunça geçirilen halkara, sebit derejesindäki ýaryşlar bu ýurduň sportda gazanan üstünliklerini dünýä görkezdi. Sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek Türkmenistanda hem, Wengriýada hem döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen türgenleri Budapeştde dürli ýyllarda geçirilen sport ýaryşlarynda ýokary netijeleri gazandylar. Hut şu gezekki dünýä çempionatyna hem ýeňil atletikaçy türgenimiz, Türkmenistanyň çempiony Alişer Sadullaýewiň gatnaşýandygy hakdaky habarlar internet habar beriş serişdelerinde giňden şöhlelendirildi. Munuň özi ýurdumyzda halkara sport hem-de olimpiýa hereketiniň ösdürilýändiginiň subutnamasydyr.
Şu ýyl Ýeňil atletika boýunça XIX dünýä çempionaty Wengriýanyň paýtagtynda geçirilýär. Bu möhüm wakanyň Merkezi Ýewropada ilkinji gezek guralýandygyny bellemek gerek. Döwlet Baştutanymyzyň iri sport dabaralaryna gatnaşmaga çagyrylmagy Türkmenistanyň ýokary halkara abraýynyň, onuň parahatçylygy pugtalandyrmaga hem-de dünýäniň ýurtlarynyň we halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge uly goşandynyň ykrarnamasynyň nobatdaky beýanydyr.
Belent maksatlar niýet-arzuwlardan, uzak menziller ilkinji ädimlerden başlanýar. Arkadagly Serdarymyzyň Wengriýa amala aşyran iş sapary ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda hoşniýetli dostluk ýörelgeleriniň gyşarnyksyz berjaý edilýändigini ýene bir ýola aýdyň görkezdi. Hormatly Prezidentimiziň dabaralandyrýan dostluk ýörelgeleri iki halkyň dostana gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem dowamat-dowam tapjakdygynyň aýdyň güwäsidir.
Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
Çeşme:
“Nesil gazeti” 22.08.2023
https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/7/articles/116019
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI