
11/06/2025
139
Hoşniýetlilik we ynsanperwerlik ýoly türkmen-mongol gatnaşyklaryny şanly sahypalara besleýär
Birek-birege hormat goýmakdan, ynamdan, hoşamaýlykdan gözbaş alýan bu ýol köňülleri we ýürekleri birleşdirýär. Türkmen topragynyň köp bölegini tutýan giň Garagum sährasy deýin, meýdanynyň aglaba bölegini sähralyklar eýeleýän Mongoliýanyň hem türkmen halky ýaly sähraýy kalply halky bar. Türkmenistan we Mongoliýa — Demirgazyk-Gündogar Aziýanyň hem-de Merkezi Aziýanyň ýüreginde ýerleşýän döwletlerdir. Şu jähetden, hormatly Prezidentimiziň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 1-2-nji iýunynda Mongoliýa amala aşyran döwlet sapary türkmen-mongol gatnaşyklarynda hil taýdan täze sahypanyň açylandygyny aýdyň görkezýär.
GÜNEŞLI ÜLKÄNIŇ SAHAWATY
Mongoliýa tebigaty boýunça açyk howaly, dünýädäki iň güneşli ülkeleriň biridir. Sebäbi bu ýurtda ýylda 250-den gowrak güneşli gün bolýar. Şonuň üçin syýahatçylar bu döwlete: «Baky gök asmanly ýurt» hem diýýärler. Asman şeýle arassa we bulutsyz bolansoň, taryhda mongollaryň Göge hormat goýup, Gök Taňra sežde etmegi tebigy ýagdaýdyr. Tebigatyň şeýle täsinligi mongol halkynyň ýaşaýyş-durmuşyny we dünýägaraýşyny kemala getiripdir. Çünki bu halk toprak bilen Gögüň arasyndaky baglanyşygy medeniýetiniň aýrylmaz bölegi hasaplaýar.
Mongoliýa demirgazykda Russiýa, günorta-gündogarda we günbatarda Hytaý bilen serhetleşýär. Hut şu iki döwletiň mongol taryhynda, daşary syýasatynda, ykdysadyýetinde uly yz goýandygyny dünýä taryhyndan bilýäris. Häzirki wagtda ýurduň umumy meýdany 1,5 million inedördül kilometrden gowrak bolup, bu görkeziji boýunça dünýäde 18-nji orny eýeleýär. Şeýle giň çägi eýeläp, Mongoliýa ilatyň gaty seýrek ýerleşen ýurtlarynyň hataryna girýär.
Mongoliýanyň geografik gurluşy, esasan, giň sähralyklardan, daglardan we gury düzlüklerden ybaratdyr. Ýurduň gündogary we günorta-gündogary Aziýanyň iň uly sährasy bolan Gobi sährasy bilen tutuşlygyna gurşalandyr. Şonuň üçin-de Mongoliýa «Giň düzlükleriň, giň mümkinçilikleriň ýurdy» hem diýýärler. Ýurduň dolandyryş merkezi Ulan-Bator şäheri bolsa dünýäniň iň sowuk howaly paýtagty hasaplanýar.
DEŇZE ÇYKALGASYZ ÄGIRT ULY ÝURT
Mongoliýa — ululygy boýunça dünýäde deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň arasynda öňdäki orunda durýar. Bu ýurt 1961-nji ýylda BMG-niň doly hukukly agzalygyna kabul edilýär. Mongoliýa parahatçylygy goramak, ýaragsyzlanmak, adam hukuklary, bilim, gender deňligi ýaly wajyp ugurlarda Milletler Bileleşiginiň işjeň hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Şular bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Mongoliýa iri halkara düzümleriň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde özara düşünişmeklige we birek-birege goldawa esaslanýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barýarlar. Iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 23-nji aprelinde ýola goýuldy. Mongoliýa Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalaryň 15-siniň, şol bir wagtda Türkmenistan hem bu ýurduň öňbaşçylygynda Baş Assambleýanyň kabul eden Kararnamalarynyň 5-siniň awtordaşydyr. Geçen ýylyň 10 — 13-nji oktýabry aralygynda Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň ýurdumyza amala aşyran döwlet sapary bolsa gatnaşyklaryň gerimini has-da giňeltdi.
Hormatly Prezidentimiziň şu gezekki döwlet saparynyň dowamynda geçirilen gepleşikleriň barşynda dürli ugurlara, şol sanda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns çekildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň awgustynda Hazaryň türkmen kenarynda döwlet we hökümet Baştutanlarynyň derejesinde Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçiriler. Türkmenistanyň şu ýylyň aprelinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin halkara barlag merkezini döretmek hakynda köptaraplaýyn Ylalaşyga resmi taýdan goşulmagy hem-de türkmen tarapynyň Ulan-Batorda ýerleşýän şol merkez bilen işjeň özara hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklamagy bu ugurdaky tagallalary utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Umuman, hormatly Prezidentimiziň Mongoliýa amala aşyran ilkinji döwlet saparynyň dowamynda gol çekilen möhüm ähmiýetli döwletara resminamalaryň 14-si, gazanylan ylalaşyklar türkmen-mongol gatnaşyklarynda täze menzillere ýol açýar.
DIPLOMATIÝA MEDENIÝETE DAÝANÝAR
Aýdylyşy ýaly, beýik döwletler diňe bir diplomatiýanyň güýjüne däl, eýsem, medeni gazananlarynyň güýjüne hem daýanýar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan hem, Mongoliýa hem baý medeni mirasa eýedirler. Iki döwlet hem öz milli däplerine, medeni gymmatlyklaryna, halk aýdymlaryna, ýazuw mirasyna, taryhy ýadygärliklerine aýratyn hormat goýýarlar. Bu ýörelgeler bolsa iki halky bitewüleşdirip, ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeldýär.
Iki ýurduň ÝUNESKO-da çarwa halklaryň medeni mirasyny gorap saklamak meselesi babatda hereketlerini utgaşdyrmak, Orhon jülgesinden tapylan gadymyýetiň syrly ýazgylaryny öwrenmek, olar boýunça bilelikde barlaglary geçirmek, atçylyk, seýisçilik sungaty, medeniýeti we däpleri babatda hyzmatdaşlyk etmek baradaky başlangyçlary medeniýetara gatnaşyklary täze derejä çykarýar. 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Mongoliýadaky Medeniýet günleriniň we geçen ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda bilelikdäki medeni çäräniň geçirilmegi hem medeni diplomatiýanyň täsirli ornuny aýdyň görkezýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu gezekki döwlet saparynyň çäklerinde Ulan-Batoryň Opera we balet döwlet akademiki teatrynda iki ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konsertiniň guralmagy medeni gatnaşyklaryň has-da dabaralanýandygyny görkezdi.
* * *
XXI asyryň geosyýasatynda Mongoliýa müňýyllyklaryň dowamynda saklanyp galan gadymy däpler bilen häzirki zaman ösüşiniň özboluşly utgaşan mekany hökmünde tanalýar. Bu ýurt diňe bir geografiýasy däl, eýsem, halk filosofiýasy, tebigata sazlaşykly ýaşaýyş-durmuş ýörelgeleri bilen hem dünýäde aýratyn orun eýeleýär. Taryh sahypalaryna döwlet gurmagyň beýik nusgasyny möhürlän iki halkyň arasyndaky hut şu ruhy baglanyşyk döwletara hyzmatdaşlygyň durnukly we çuň manyly esasda ösdürilmegine giň ýol açýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň Mongoliýa ilkinji döwlet sapary, onuň dowamynda gol çekilen resminamalar türkmen-mongol gatnaşyklarynyň binýadyny pugtalandyrýar. Çünki häzirki zaman dünýäsinde dost-doganlygy berkidip, dialog medeniýetine esaslanýan diplomatiýanyň gurallaryny işjeň ulanmak umumy geljegimize goýlan iň gymmatly maýadyr.
Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».