15/01/2026
56
GARAŞSYZ WATANYMYZYŇ PARAHATLYK MUKAMY ÝER ÝÜZÜNE ÝAŇ SALÝAR
Her gezek paýtagtymyzyň iň gözel künjekleriniň biri bolan Garaşsyzlyk seýilgähine baranyňda, dana şahyr Magtymguly Pyragynyň: «Hydyr gezen çölde iller ýaýylsyn, // Ýurt binamyz gaýym bolsun goýulsyn» diýen ymgyr manyly setiri ýadyňa düşüp, buýsanç duýgulary gursagyňa dolýar. Bu seýilgähe ýaraşyk berip, parahat zeminden asuda asmana uzap duran Garaşsyzlyk binasy, göýä, halkymyzyň asyrlarboýy arzuwlan erkana günlerine ýetmek üçin geçen ýoluna çalym edýär. Milli Liderimiz: «Eger-de milletiň erkana we özerkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaýşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, çeper dil bilen aýtsam, Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk türkmen döwletliliginiň goşa ganatydyr!» diýip belleýär. Şu nukdaýnazardan, Garaşsyzlyk döwletimiziň berkararlygynyň binýady bolsa, hemişelik Bitaraplyk Diýarymyzyň asudalygynyň güwäsidir.
Ykbal türkmenlere gülüp bakyp, 1991-nji ýylyň güýzünde Türkmenistan döwleti dünýä kartasynda Garaşsyz döwlet hökmünde emele gelensoň, ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik, özara bähbitlilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanyp, daşary syýasatynyň esasy hökmünde oňyn Bitaraplyk ýörelgesini saýlap aldy. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli ýörelgelerine, edim-gylymlaryna kybap gelýän bu syýasat dünýä jemgyýetçiliginiň gyzgyn goldawyna eýe boldy. 1992-nji ýylyň 10-njy iýulynda Helsinkide (Finlandiýa) geçirilen ÝHHG-niň sammitinde Türkmenistan ilkinji gezek özüniň daşary syýasatynyň baş ugry hökmünde hemişelik Bitaraplyk syýasatyny saýlap almak islegini beýan etdi. Şeýle-de 1995-nji ýylda Yslamabatda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň 3-nji duşuşygynda, soňra Kartahenada geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketine gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň 11-nji konferensiýasynda ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasaty goldanyldy. Mälim bolşy ýaly, bu syýasat Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan hem doly goldanylyp, «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama eýýäm üçünji gezek kabul edildi.
Döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji ýyllaryndan ýurdumyz Türkiýe Respublikasy, Eýran Yslam Respublikasy, Owganystan, Hytaý Halk Respublikasy, Saud Arabystany Patyşalygy, Bahreýn Döwleti, Fransiýa Respublikasy, Bangladeş Halk Respublikasy, Ispaniýa Patyşalygy, Germaniýa Federatiw Respublikasy, Kuba Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlary ýaly ençeme döwletler bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Şol döwürden bäri hemişelik Bitarap Watanymyz parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna esaslanyp, dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns berip gelýär. Şunuň bilen baglylykda, geçen onýyllyklaryň dowamynda ýurdumyzyň dünýäniň köp sanly döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagy, türkmen diplomatiýasynyň ajaýyp üstünlikleriniň beýany bolup durýar.
«Kyýamat güni goňşudan» diýlişi ýaly, Türkmenistan, ilkinji nobatda, sebit döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ilerledýär. Ýurdumyz Merkezi Aziýa döwletleriniň gatnaşmagynda dürli görnüşdäki hyzmatdaşlyk formatlarynyň işini ýokarlandyrmaga mynasyp goşant goşýar. Şunda «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi», «Merkezi Aziýa — Russiýa», «Merkezi Aziýa — ABŞ», «Merkezi Aziýa — Hytaý», «Merkezi Aziýa — Hindistan», «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa», «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» dialoglarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmeginde möhüm ähmiýeti bar. Ýeri gelende bellesek, geçen ýylyň dowamynda Türkmenistan döwletimiz Gonduras Respublikasy, Ruanda Respublikasy, Eswatini Patyşalygy, Botswana Respublikasy, San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy.
Döwletimiziň içeri syýasatynyň dowamy bolan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty netijesinde Türkmenistanyň halkara abraýy yzygiderli ýokarlanýar. Ýurdumyz sebitde ylalaşygyň, ynanyşmagyň merkezi hökmünde tanalýar. 2007-nji ýylda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň paýtagtymyz Aşgabat şäherinde açylmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä ýüzünde öňe süren parasatly başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edildi. Şeýle başlangyçlaryň netijesinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen her ýylyň 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni», 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni», 26-njy noýabry «Bütindünýa durnukly ulag güni» hökmünde bellenilýär.
Sözümizi jemläp aýdanymyzda, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň daşary syýasy ulgamynda gazanylan netijeler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraýynyň yzygiderli ýokarlanýandygyny doly aýdyňlygy bilen subut edýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylynda ýurdumyz şeýle beýik üstünlikler bilen mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýuna barýar.
Yhlas Hallyýew,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara žurnalistikasy hünäriniň talyby,
«Esger».
Çeşme: «Esger» gazeti, 15.01.2025ý. // https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/10/articles/222520