23/10/2023
866
Eýran ykdysadyýetiniň ösen pudaklary
(maglumatlar, sanlar, çaklamalar)
Eýranyň önümçilik kärhanalarynyň diwarlaryndaky ýazgylardan:
Howpsuzlyk adamlary goraýar, HIL bolsa wezipäňizi.
HIL — hiç kim gözegçilik etmeýän wagty hem dogry we arassa işlemek.
Öz maşgalaň üçin taýýarlaýan ýaly, ýokary HILLI taýýarla!
Eýran Yslam Respublikasy ykdysady taýdan ösen döwlet bolup, jemi içerki önümi boýunça Aziýa sebitinde 2-nji, dünýäde 22-nji ýerde durýar. Bütindünýä bankynyň deslapky hasabatyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň jemleri boýunça ýurduň ykdysadyýetiniň 2,2 göterim ýokarlanmagyna, dünýädäki ykdysady ösüş depgininiň bolsa 2,1 göterim bolmagyna garaşylýar. Şeýle-de Bütindünýä bankynyň geçen hepdäniň başynda Ýakyn Gündogardaky ykdysady ýagdaýlar barada çap eden hasabatyna görä, Eýranyň jemi içerki önümi (JIÖ) üstümizdäki ýylda 3,8 göterime ýeter.
Häzirki wagtda Eýranyň ykdysadyýetiniň ösmeginde ýurduň nebit-gaz, oba hojalygy we hyzmatlar pudaklaryna, bank ulgamyna, konditer we beýleki önümçiliklerine uly orun degişlidir.
Nebit-gaz pudagy
Eýran dünýäde nebit gory boýunça 4-nji, gaz gory boýunça 2-nji orunda durýar. 2022-nji ýylda diňe çig nebitiň we kondensantynyň eksportyndan 42,6 milliard amerikan dollary möçberinde girdeji gazandy. Bu görkeziji 2019-njy ýylda 19,4; 2020-nji ýylda 7,9; 2021-nji ýylda bolsa 25,5 milliard amerikan dollaryna deňdi. 2023-nji ýylyň başyndan oktýabr aýyna çenli Eýran Yslam Respublikasy her gün, takmynan, 1,4 million barrel nebit eksport etdi. Eýranyň nebit eksportynyň esasy bölegi dünýäniň iň uly nebit importçysy bolan Hytaýa ugradylýar.
Nebit eksport edýän ýurtlaryň guramasynyň (OPEK-iň) statistik hasabatyna laýyklykda, Eýranda 2021-nji ýylda 18,43 milliard kub metr, 2022-nji ýylda bolsa 18,79 milliard kub metr tebigy gaz eksport edildi. Bu 2020-nji ýylyň netijeleri bilen deňeşdirilende, 60 göterim ýokarydyr. Häzirki wagtda ýurtda her gün 1 milliard kub metr tebigy gaz öndürilýär.
2022-nji ýylyň başyndan bäri Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistan bilen «swop» görnüşinde tebigy gaz çalşygyny amala aşyrýar. «Swop» şertnamasyna laýyklykda, Eýran Türkmenistandan bir gije-gündiziň dowamynda 10 million kub metr tebigy gazy import edýär we onuň 7 million kub metrini Azerbaýjana akdyrýar. Belläp geçsek, Eýran Türkmenistan bilen gaz çalşygyny ýylda 15 milliard kub metre çenli ýokarlandyrmagy maksat edinýär.
Oba hojalygy
2023-nji ýylda ýurduň oba hojalygy pudagynyň jemi önümçilik gymmatynyň 86,25 milliard amerikan dollary möçberinde bolmagyna garaşylýar.
Ýurduň oba hojalygy baradaky statistik maglumatlara görä, Eýranyň oba hojalygynyň 2023 — 2028-nji ýyllarda goşmaça ýyllyk ösüş depgini 9,49 göterim bolar diýlip çaklanylýar. Netijede, 2028-nji ýylda jemi önümçilik gymmaty 135,7 milliard amerikan dollaryna deň bolar. Şeýle-de şu ýylda degişli pudagyň eksportynyň 387,3 million amerikan dollaryna ýetmegine garaşylýar. Ýurduň oba hojalygynda howa şertlerine görä, bugdaý, arpa, tüwi, mekgejöwen, hurma, injir, nar, gawun, üzüm, şeker şugundyry, pagta ösdürilip ýetişdirilýär. Şeýle-de Eýranda 2000-den gowrak ösümlik görnüşine ideg edilýär. Olaryň 100-den gowragy ýurduň derman senagatynda ulanylýar.
Mundan başga-da, Eýran pisse we şafran hasylyny ýygnamak boýunça dünýäniň iň öňdebaryjy döwleti hasaplanýar. Häzirki wagtda Eýran dünýäniň pisse önümçiliginiň 40, şafran önümçiliginiň 80 göterimden gowragyny emele getirýär. Şeýle-de hoz, zeýtun, çaý we kişmiş öndürmekde we dünýä bazaryna ýaýratmakda öňdäki orunlary eýeleýär.
Häzirki Eýran senenama ýylynyň ilkinji 6 aýynda (2023-nji ýylyň 21-nji martyndan 22-nji sentýabryna çenli) umumy agramy 20 müň tonna barabar bolan 137 million amerikan dollarlyk pisse daşary ýurtlara eksport edildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, agramy boýunça 7, girdejisi boýunça bolsa 3 göterim köpdür. Şeýlelikde, pisse ýurduň oba hojalygynyň umumy eksportynyň 11, nebit däl harytlarynyň ekportynyň 0,75 göterimini emele getirdi. Bu döwürde Russiýa Federasiýasy 28, Germaniýa 13,1, Birleşen Arap Emirlikleri 13, Hindistan 12,8 hem-de Gyrgyz Respublikasy 12,5 million dollarlyk eýran pissesini import etdiler.
Konditer önümleri
Konditer önümleri we şokolad senagaty Eýranyň iň gadymy azyk senagatlaryndan biri bolup, süýt senagatyndan soň ýurduň azyk pudagynda 2-nji orunda durýar. Bu pudaga goýulýan maýa goýumlarynyň, takmynan, 100 göterimi hususy ulgama degişlidir. Ýurduň konditer önümleri we şokolad pudagynyň önümçiliginde çig mallar ýerli daýhanlardyr fermerler tarapyndan üpjün edilýär. Bu bolsa pudagyň girdejisiniň ýokarlanmagyna ýardam berýär.
Ýurtda içerki öndürijileri goldamagyň we konditer önümleriniň daşary ýurtlardan getirilmeginiň gadagan edilmeginiň netijesinde, eýran öndürijileri içerki sarp edijileriň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak bilen bir hatarda, dünýä bazarlaryna eksporty hem ýokarlandyrýarlar. Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük dolandyryşynyň hasabatyna laýyklykda, häzirki wagtda dünýäniň 70-e golaý ýurduna ýyllyk 1 milliard amerikan dollaryna golaý çörek we çörek önümleri, süýji-kökedir şokolad önümleri iberilýär.
Ýylyň başyndan häzirki wagta çenli ýurduň konditer önümleriniň bazaryndaky girdejisi 9,96 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Ýurduň «5 ýyllyk» maksatnamasyna laýyklykda, degişli bazaryň 2028-nji ýyla çenli her ýyl 10,7 göterim ösmegine, şeýle-de göwrüminiň 1,10 milliard kilograma ýetmegine garaşylýar.
Ýylyň esasy eksport görkezijileri
Eýran senenama ýylynyň ilkinji 6 aýynda ýurduň dokma önümleriniň eksporty 60 million dollara deň boldy. Eýranyň dokma önümlerini iň köp satyn alyjy ýurtlaryň hatarynda Yragyň, Owganystanyň, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Pars aýlagynyň arap ýurtlarynyň atlary agzalýar.
***
Eýran Türkiýe Respublikasyna 6 aýda 2,4 milliard dollarlyk nebit däl harytlary eksport etdi.
***
Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük dolandyryşynyň hasabatyna görä, häzirki senenama ýylynyň ilkinji 6 aýynda Eýrandan Yraga 4,5 milliard dollarlyk nebit däl harytlar ugradyldy.
***
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI