07/12/2023
883
BITARAPLYK – PARAHATÇYLYK BINÝADYMYZ
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk we olaryň özygtyýarlylygyna, çäkleriniň bitewüligine hormat goýmak, halkara harby guramalara we şertnamalara gatnaşmazlyk, dinlere hormat goýmak, açyklyk, halkymyzda bütin taryhynyň dowamynda kemala gelen, islendik meseläni gepleşikler arkaly çözmäge bolan taýýarlyk ýaly, milli aýratynlygymyzyň ajaýyp taraplaryny özünde jemleýän düzgünlerden ugur alýar. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň daşary syýasy doktrinasy hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýar.
Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, hoşniýetli goňşuçylyga, parahatçylyk söýüjilige, özara bähbitli hyzmatdaşlyga we howpsuzlyga hem-de ynsanperwerlige esaslanýan «açyk gapylar» syýasatyna eýermek bilen tapgyrlaýyn esasda işleri amala aşyrdy. Türkmenistanyň Hökümeti bitaraplyk hukuk ýagdaýyny almak ugrunda onlarça daşary ýurt döwletleri, halkara guramalarynyň birnäçesi bilen netijeli gepleşikleri geçirdi. Daşary syýasatda Bitaraplygy durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly ilkinji meýilleri döwlet derejesinde 1992-nji ýylyň 10-njy iýulynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Helsinkde geçen mejlisinde dünýä jar edildi.
1995-nji ýylyň 15-nji martynda Päkistanyň paýtagty Yslamabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň baştutanlarynyň üçünji duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň hemişelik oňyn Bitaraplygynyň halkara hukuk nukdaýnazaryndan ykrar edilmeginde bu duşuşygyň jemleri boýunça kabul edilen Yslamabat Jarnamasy sebit we dünýä derejesindäki ygtybarly daýanç bolup hyzmat edýär. Şeýle hem şol ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň Mejlisi «Türkmenistanyň hemişelik pozitiw bitarap syýasatyny tassyklamak hakynda» karary kabul etdi. Şol ýylyň sentýabr aýynyň 5-inde Aşgabatda geçirilen «Bitarap Türkmenistan we Aziýada halkara gatnaşyklary» atly halkara maslahatynda Türkmenistanyň Bitaraplygy syýasatynyň ýurduň ösüşlerine, sebite ýetirjek täsirleri hakyndaky meseleler giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisi Türkmenistanyň taryhynda öçmejek yz galdyrdy. Mejlisde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakynda 50/80A belgili ýörite Kararnama guramanyň agzalary tarapyndan biragyzdan goldamagy arkaly Türkmenistanyň yglan eden hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýy ykrar edildi. Bu resminamanyň kesgitlenen kadalary Türkmenistanyň Konstitusiýasynda öz beýanyny tapdy. BMG-niň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly taryhy Kararnamasyny kabul etdi we Türkmenistana Bitarap döwletiň hukuk derejesi berildi. Türkmenistan BMG tarapyndan şu güne çenli resmi taýdan ykrar edilen ilkinji we ýeke-täk hemişelik Bitarap döwletdir.
Birleşen Milletler Guramasy özüniň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky 50-nji hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky 69-njy mejlislerinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky Kararnamalarda Türkmenistanyň yglan eden hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar edýär we goldaýar. Şeýlelikde, Türkmenistan deslapky döwürlerde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji we 71-nji sessiýalarynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlandy.
2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýa kabul edildi. Resminamanyň awtordaşlary bolup 47 döwlet çykyş etdi. Türkmen bitaraplygy gelip çykyşy boýunça bütündünýä bileleşigi tarapynda BMG-niň agzasy bolan döwletleriň hemmesiniň biragyzdan ses bermegi bilen (185 döwletiň gatnaşmagynda) ykrar edilendir. Türkmen bitaraplygynyň bu görnüşi beýleki ykrar edilen hukuklardan tapawutlylykda Türkmenistanyň BMG-niň resmi taýdan seslenmesi (mysal üçin, Awstriýanyň Konstitusiýasyna berkidilmegi bilen ýa-da Şwesiýanyň bitaraplygy bolsa 6 döwletiň ykrar etmegi bilen gazanmagy) esasynda kabul edilmegidir. Ikinji tapawutly görnüşi boýunça «hemişelikdir», ýagny wagt bilen çäklendirilen däldir. Üçünji aýratynlygy bolsa, konstruktiw häsiýetli bolup, many özboluşlylygy boýunça oňyndyr. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny öz erk islegine görä, meýletinlikde seçip almagy, onuň parahatçylyk ýörelgelerine esaslanýandygy bilen tapawutlanýar.
2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda, 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnama türkmen Bitaraplygynyň dünýä ýüzünde ykrar edilýändiginiň hemişelik subutnamasy boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz 2019-njy ýylyň 18-nji fewralynda Aşgabatda bolan «Türkmen diplomatiýasy: halkara meseleleri çözmegiň hyzmatynda» atly dabaraly maslahata gatnaşyjylara iberen gutlagynda şeýle belledi:
«Türkmenistanyň daşary-syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary bilen baglylykda, häzirki zaman şertlerinde energetika, ulag hem-de suw diplomatiýasynyň ähmiýetli ornunyň has-da artýandygyny aýratyn nygtamak zerurdyr. Türkmenistanyň diplomatik gullugy dünýä we sebit ösüşiniň şu günki ýagdaýlaryny hasaba almak bilen we «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017–2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan tapgyrlaýyn wezipelerden ugur alyp, toplumlaýyn çäreleri amala aşyrýar, iş usullaryny hem-de ylmy-tejribe çemeleşmelerini kämilleşdirýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň düzüminde türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça ýörite Okuw merkeziniň döredilmegi hem halkara gatnaşyklar ulgamynda ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyny täze derejä çykarmaga ýardam eder diýip ynanýaryn. Munuň özi bolsa halkara gatnaşyklar we diplomatiýasy boýunça geçirilýän ylmy-barlag we seljerme işlerini güýçlendirmäge giň mümkinçilikleri döreder».
Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren teklibi esasynda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda 73-nji sessiýasynyň 106-njy mejlisinde agza döwletleriň ählisi tarapyndan biragyzdan kabul edilen «2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Rezolýusiýasy Türkmenistanyň dünýä halklary bilen parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik we umumy howpsuzlyk ýörelgeleri esasynda düşünişip, meseleleri ylalaşykly çözmegiň tarapdarydygyny ýene-de bir gezek subut etdi.
2020-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistan 75-nji sessiýanyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanmak bilen, altynjy gezek bu jogapkärli wezipe ynanyldy. Bu ynanylan ýokary jogapkärçilikli titulda Türkmenistan parahatçylyga esaslanýan hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň hatyrasyna netijeli çözgütleri iş ýüzünde amala aşyrylmaga uly goşantlaryny goşdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan giň gerimli işler netijesinde, Türkmenistan Bitaraplygyň esasy ýörelgelerinden ugur alyp, sebitiň we dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirilen işjeň daşary syýasaty amala aşyrýar. Häzirki günde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň çylşyrymly dünýäniň şertlerindäki geljekki ösüşleri bilen bagly köptaraplaýyn maksatnamalarynyň işlenilip düzülmegi düýpli häsiýetli çemeleşmeleri talap edýär.
Bu gün türkmen halky ata-babalarymyzyň asyrlar boýy arzuw edip gelen, beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň «Gurdugym aslynda, bilgil, bu zeminiň myhydyr, Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy» diýip, ruhy taýdan esaslandyran berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän geljegi nazarlaýan oňyn başlangyçlarynyň düýp esasynda halkymyzyň wagyz edýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, açyklyk ýaly asyrlarboýy türkmen halkynyň ganyna siňen ýörelgeleri ýatyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary syýasy başlangyçlarynyň dünýä ýüzünde dabaralanmagy Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň içeri syýasatynyň dowamy hasaplanýan daşary syýasy başlangyçlarynyň dünýäde parahatçylygy, deňhukuklylygy, özara düşünişmekligi goldaýandygyny aýdyňlygy bilen subut edýär. Halkara derejesinde ykrar edilen we wagt taýdan çäklendirilmedik häsiýeti bilen düýpli tapawutlanýan türkmen Bitaraplygy bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary bagtyýarlyga çagyrýan, ynsanperwerligi wagyz edýän daşary syýasat ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr.
Aziza HUDAÝNAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI