14/09/2023
1651
ARALYŇ EKOLOGIÝASY: DURNUKLY ÖSÜŞ WE HALKARA HYZMATDAŞLYK
Dünýäniň ösüşiniň häzirki tapgyrynda tutuş adamzadyň öňünde azyk, suw hem-de energiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi esasy hem-de gaýragoýulmasyz meseleleriň hatarynda durýar. Bu ugurda döwletler hem-de halkara guramalary 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň esasy maksatlaryna ýetmek babatynda zerur tagallalary durmuşa geçirýärler. Ýer ýüzünde sarp edilýän azyk önümleriniň energiýanyň alternatiw, ynsan saglygy hem-de ýaşaýşy üçin zyýansyz hem-de howpsuz bolan görnüşleriniň oýlanylyp tapylmagy we durmuşa giňden ornaşdyrylmagy dünýä ýurtlarynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleridir.
Durnukly Ösüş Maksatlaryny ýurt derejesinde giňden durmuşa ornaşdyrýan döwletimiziň syýasy durmuşynyň häzirki tapgyrynda suw, energiýa we ulag diplomatiýasy aýratyn ähmiýete eýe bolmak bilen, döwlet syýasatynyň ileri tutýan wezipeleriniň hataryndadyr. Çünki ekologiýanyň, suw serişdeleriniň netijeli dolandyrylmagyna hem-de peýdalanylmagyna degişli meseleleriň sazlaşykly çözülmegi halkara gün tertibiniň gaýragoýulmasyz hem-de derwaýys meseleleriniň biri bolup durýar.
Soňky ýyllarda suw, parahatçylyk we howpsuzlyk meseleleri halkara gün tertibinde ygtybarly orun aldy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2018 — 2028-nji ýyllary «Suw — Durnukly ösüş üçin» atly Halkara hereketleriň onýyllygy diýip yglan etmegi hem dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni suw serişdeleriniň netijeli hem-de aýawly ulanylmagy bilen suw ýetmezçiligi, suw gytçylygy ýaly gaýragoýulmasyz meseleleriň öňüni alynmagyna gönükdirmekden ybaratdyr. Şunlukda döwletimiziň suw serişdeleriniň netijeli dolandyrylmagy we peýdalanylmagy ulgamyndaky syýasaty öz nobatynda oňyn bitaraplyk ýörelgelerine, özara hormat goýmaga we deňhukuklylyga, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna hemmetaraplaýyn daýanýar. Suw serişdeleriniň elýeterliliginiň, ony netijeli dolandyrmagyň döwletleriň ösüşine, olaryň ykdysadyýetine, durmuş ulgamyna adamlaryň durmuşynyň hiliniň we hal-ýagdaýynyň derejesine gönüden-göni bagly bolup durýar.
Bu ugurda döwletimiziň içerki kanunçylygy hem suw serişdeleriniň netijeli ulanylmagy arkaly, ýurdumyzda suw ulgamynda howpsuzlygyň döredilmegine gönükdirilendir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 – 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynda hem daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, tebigy baýlyklary gorap saklamak, türkmen halky üçin oňaýly ýaşaýyş şertlerini döretmek maksady bilen ýer-suw serişdelerinden oýlanyşykly peýdalanmak esasy maksatlar hökmünde kesgitlendi.
Abraýly halkara guramalarynyň platformalaryndan suw serişdeleriniň netijeli ulanylmagy babatynda ýokary ynsanperwer başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýän Türkmenistan, öz gezeginde bu ulgam boýunça hereket edýän dünýä konwensiýalarynyň hem işjeň gatnaşyjysy bolup durýar. Degişlilikde, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň tebigaty goramak hakynda esasy ylalaşyklaryny, şol sanda Biologiýa köpdürlüligi, ozon gatlagyny goramak, çölleşmä garşy göreşmek, serhetüsti suw akymlaryny we halkara köllerini goramak we peýdalanmak hakynda konwensiýany, şeýle hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda konwensiýasyny hem-de howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyny tassyklamak bilen, halkara derejesinde öz üstüne alan borçnamalaryna hemmetaraplaýyn ygrarly döwlet hökmünde içeri hem-de daşary syýasatyny dünýäniň öňünde duran derwaýys meseleleri bilen sazlaşykly hem-de netijeli utgaşdyrýar. Bu ugurda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy, Ýewropa Bileleşigi hem-de beýleki abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde milli we sebit derejelerinde maksatnamalaryň we taslamalaryň onlarçasy amala aşyrylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz 2018-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde eden taryhy çykyşynda: «Aral deňzini halas etmek meselesi sebitiň ýurtlarynyň halkara bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynda örän möhüm mesele bolup durýar. Araly halas etmek meselesine eýýäm köp wagtdan bäri diňe içerki, sebit meselesi hökmünde garalyp bilinmez. Häzirki wagtda bu meseläniň üstünlikli çözülmegi üçin dünýä bileleşiginiň goldawy, täze maksada gönükdirilen, toplumlaýyn halkara çemeleşilmesi, bu işe Birleşen Milletler Guramasynyň işjeň we ulgamlaýyn gatnaşmagy talap edilýär» diýip nygtamak bilen, Aral meselesini çözmekde halkara tagallalary utgaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdy. Hakykatdan-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynda «XXI asyryň ekologiýa heläkçiligi» diýip atlandyrylýan Aral meselesi uly ähmiýete eýedir. Sebitiň aglaba ýurtlaryna öz täsirini ýetirýän Aral heläkçiligi häzirki wagtda bütin adamzady tolgundyrýan meseleleriň hataryna girýär. Şoňa görä-de, häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitinde suw serişdelerini dolandyrmak hem-de oýlanyşykly peýdalanmak bilen bagly derwaýys meseleleriň çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça anyk we netijeli çäreler durmuşa geçirilýär.
Taryhy maglumatlara görä, Aral deňzi takmynan 20-24 müň ýyl mundan ozal emele gelipdir. Dürli döwürlerde deňziň suwunyň derejesi üýtgäp durupdyr. Türki dillerinden terjime edeniňde «aral» sözi «ada, arhipelag» diýmegi aňladypdyr. Deňziň ozalky çäginde ýerleşýän adalaryň köplügi göz öňünde tutulyp, oňa «adalaryň deňzi» hem diýlipdir. XVI-XVII asyrlarda deňziň suwunyň azalmagy netijesinde köp sanly adalar emele gelipdir. XIX asyryň ahyrlaryndan XX asyryň ortalaryna çenli Aralyň çäginde dürli barlag işleri alnyp barlypdyr hem-de deňziň suwunyň şol bir derejede saklanýandygy anyklanypdyr. 1950-nji ýyllarda Aral dünýäde meýdanynyň ululygy boýunça 4-nji orunda durýan köl bolupdyr. Onuň meýdany ortaça 68 müň inedördül kilometr, uzynlygy 426 kilometr, iň çuň ýeri bolsa 68 metr bolupdyr. 1930-njy ýyllardan başlap Merkezi Aziýa sebitinde köpçülikleýin suwaryş kanallary gurlup, 1960-njy ýyllaryň başynda aýratyn köp ulanylyp başlapdyr. 1961-nji ýylda Aralyň suwy düýpli azalyp başlaýar. Aral deňzine guýýan Amyderýanyň we Syrderýanyň suwlarynyň köp böleginiň ekerançylyk maksatlary üçin ulanylmagynyň netijesinde, deňizde suw ýetmezçiligi ýüze çykýar. Halk hojalygy üçin suwlaryň örän köp möçberde ulanylmagy hem Aral deňziniň suwunyň azalyp başlamagynyň esasy sebäpleriniň biri bolýar. 1970-nji ýyllara çenli Aral deňzinde balyklaryň 34 görnüşi ýaşap, olaryň 20-si senagat ähmiýetli bolupdyr. Araldan ýylda onlarça tonna balyk tutulypdyr. Aralýaka sebitinde ýerleşýän köp şäherlerde ýöriteleşdirilen balykçylyk zawodlary hereket edipdir.
1989-njy ýylda Aral ikä bölünipdir – Demirgazyk (Kiçi) hem-de Günorta (Uly) Aral. Ýyllaryň geçmegi bilen Aral deňziniň suwunyň aşa azalmagynyň netijesinde, diňe Kiçi Aralda balykçylyk saklanyp galypdyr, Uly Aralyň duzlulygynyň ýokarlanmagynyň netijesinde bolsa, ähli balyklar ýitip-ýok bolup gidipdir. 2001-nji ýylda deňziň çäginde ýerleşýän Galkynyş adasy kiçelip, ýarymada öwrülipdir. 2003-nji ýylda bolsa Günorta Aral gündogar hem-de günbatar böleklere bölünipdir. Aralyň guran kenarlaryndan dürli döwürlere degişli tapyndylar, ýadygärlikler hem tapylýar. Şoňa görä-de, alymlar deňziň suwunyň derejesiniň hemişe üýtgäp durandygy hakynda umumy pikire gelýärler.
Alymlaryň çaklamalaryna görä, Aral meselesiniň ýüze çykmagynyň birnäçe sebäpleri bar. Ol, ilkinji nobatda, suwdan rejeli peýdalanmak bilen baglanyşykly. Oba hojalyk ýerleri üçin deňze gelip guýýan Amyderýanyň hem-de Syrderýanyň suwlarynyň aşa köp ulanylmagyny alymlar Aral meselesiniň döremeginiň esasy sebäbi diýip görkezýärler. Aral meselesi boýunça köp ýyllardan bäri iş alyp barýan alymlaryň birtopary bolsa, onuň sebäplerini deňziň suwunyň hapalanmagynda görýärler. Çünki häzirki wagtda klimatyň üýtgemegi bilen suwlaryň düzüminiň durnuklylygy bozulýar. Ol, esasan-da, buzluklarda aýdyň duýulýar. Buzluklaryň minerallaşmagy Araly suw bilen üpjün edýän derýalara öz täsirini ýetirýär, hut şol iki derýa-da öz gözbaşyny daglardaky buzluklardan alyp gaýdýar.
1990-njy ýyllardan başlap Garaşsyz Merkezi Aziýa döwletleri sebitde ekologiýa abadançylygyny gazanmak maksady bilen, Aral heläkçiliginiň öňüni almaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirip başlaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, Aral deňziniň sebitinde durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýy gowulandyrmak maksady bilen, 1992-nji ýylyň 28-nji awgustynda Özbegistan Respublikasynda Aral hem-de Aralýaka sebitiniň meseleleri boýunça geçirilen halkara ylmy-amaly maslahatda Aral meselesi bilen baglanyşykly gaznany döretmegiň zerurdygy barada pikir öňe sürülýär. Netijede, 1993-nji ýylyň 26-njy martynda Gazagystan Respublikasynyň Gyzylorda şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygynda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny döretmek hakynda çözgüt kabul edilýär. Suw serişdelerini toplumlaýyn ulanmagyň we daşky gurşawy goramagyň özara kabul ederlik guralyny işläp düzmäge gönükdirilen taslama teklipleri işläp düzmek, Aralýaka sebitiniň biologik gaznasyny gorap saklamak, ekologik çökgünligiň daşky gurşawa hem-de sebitde ýaşaýan adamlaryň ýaşaýşyna heläkçilikli täsirini azaltmak Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň iň möhüm wezipeleri hökmünde kesgitlenildi.
Gaznanyň düzüminde Merkezi Aziýanyň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk komissiýasy we Durnukly ösüş boýunça Döwletara komissiýasy hereket edýär. Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk komissiýasynyň maksady esasy suw serişdelerinden her bir döwlet üçin her ýylky suw ulanmak boýunça çägini tassyklamak, şol sanda uly suw howdanlarynyň işiniň tertibini işläp düzmekden we tassyklamakdan, suw serişdeleriniň hakyky derejesinden ugur alyp suw serişdelerini dolandyrmakdan ybaratdyr. Şeýle hem Aral deňziniň guramagy we suw serişdeleriniň azalmagy bilen bagly ekologiýa maksatnamalaryny işläp düzmek we ýerine ýetirmek, derýalara hem-de Aral deňzine suw bermek boýunça her ýylky möçberleri kesgitlemek hem bu komissiýanyň esasy wezipeleriniň hataryna girýär. Daşky gurşawy goramak we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygy utgaşdyrmak we dolandyrmak bolsa, AHHG-niň Durnukly ösüş boýunça Döwletara komissiýasynyň esasy maksadydyr.
Aral heläkçiligini ýeňip geçmekde bu gaznanyň dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyna aýratyn orun degişlidir. Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň bu ugurda esasy we ygtybarly hyzmatdaşy bolup Birleşen Milletler Guramasy çykyş edýär. 2008-nji ýylyň 11-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy Araly halas etmegiň halkara gaznasyna synçy derejesini bermek hakynda Kararnamany kabul etdi. Munuň özi Aral meselesiniň ählumumy häsiýete eýedigini hem-de ony çözmek üçin halkara tagallalary gönükdirmegiň zerurdygyny tassyklan waka öwrüldi.
Merkezi Aziýa döwletleri AHHG-niň halkara abraýyny ýokarlandyrmak, tebigy betbagtçylyklara garşy göreşmekde onuň ähmiýetini artdyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin netijeli işleri durmuşa ornaşdyrýarlar. Sebit döwletleri BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde Araly halas etmek bilen baglanyşykly başlangyçlardyr teklipleri öňe sürýärler. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde kabul edilen «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnama möhüm ähmiýete eýedir. Kararnamanyň baş maksady Araly halas etmegiň meseleleri boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň Birleşen Milletler Guramasy bilen has ýygjam hyzmatdaşlyk etmegi üçin şertleri döretmekden ybaratdyr.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan 2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmek bilen, milli Liderimiziň bu ugurda öňe sürýän başlangyçlaryny iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça anyk çäreleriň birnäçesini durmuşa geçirdi. Şol çäreleriň hatarynda Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna kömek bermek, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bitewi ekologiýa maksatnamasy hökmünde daşky gurşawy goramak boýunça hereketleriň Sebit meýilnamasyny ýerine ýetirmek boýunça hereketleriň täze Maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylmagyny we kabul edilmegini görkezmek bolar. 2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Türkmenbaşy şäherinde geçirilen sammiti bolsa, Aral meselesini çözmekde ýurdumyzyň eýeleýän işjeň ornuny has-da berkitmäge ýardam etdi. Şeýle hem bu sammit diňe bir sebitleýin hyzmatdaşlyga täze itergi bermän, eýsem, Aral meselesini bilelikde çözmek boýunça tagallalary birleşdirmäge sebitiň ähli ýurtlarynyň taýýardygyny görkezdi.
Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Awaza sammitinde Türkmenistanyň Prezidentiniň täze başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürendigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Olar, hususan-da, sebitde geçirilýän sammitlere taýýarlyk görlende ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibine girizilýän meselelere seretmek üçin, ilki bilen, bilermenleriň derejesinde maslahatlary geçirmek; bilermenleriň işiniň netijelerini jemlemek hem-de sebit hyzmatdaşlygynyň gün tertibiniň ileri tutulýan bölümlerini kesgitlemek, şeýle hem maksada laýyk bolan halatynda döwlet Baştutanlarynyň sammitine möhüm resminamalary işläp taýýarlamak üçin ministrleriň duşuşygyny geçirmek; ministrleriň maslahatynyň jemleriniň, taýýarlanan gün tertibiniň esasynda hem-de bäştaraplaýyn resminamalar bolanda döwlet Baştutanlarynyň sammitini geçirmek bilen bagly tekliplerdir. Şol sammitde döwlet Baştutanymyz eger şeýle tejribe makullanylsa, geljekde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Maslahat beriji geňeşi ýaly instituty döretmegiň mümkin boljakdygy hakynda hem aýdypdy. Bu teklipleriň iş ýüzünde amala aşyrylmagy sebit ýurtlarynyň arasyndaky dürli ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmäge, şol sanda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň binýadynda hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam etjek netijeleri çözgütleriň kabul edilmeginde uly ähmiýete eýedir.
2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň birinji mejlisinde Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz taryhy çykyşynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ekologiýa meseleleri bilen utgaşyklydygyny bellemek bilen tebigy baýlyklary netijeli peýdalanmak, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülendigini belledi.
2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz durnukly ösüş maksatlarynyň zerur şerti hökmünde ekologiýa meselelerine möhüm orun degişlidigini bellemek bilen global ekologiýa meselelerini çözmekde, şol sanda Aral deňzini halas etmek üçin dünýä bileleşiginiň goldawynyň, toplumlaýyn çemeleşmegiň we BMG-niň işjeň we ulgamlaýyn gatnaşmagynyň möhümdigine ünsi çekdi.
2023-nji ýylyň 15-19-njy maýy aralygynda Bangkok şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa-Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň 79-njy sessiýasynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň başlangyjy bilen, BMG-niň Aral deňziniň basseýni üçin Ýörite maksatnamasyny döretmek bilen baglanyşykly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu bolsa Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende galýandygynyň, ekologiýa babatynda döwlet syýasatynyň daşary syýasat bilen özarabaglanyşygynyň subutnamasydyr.
2023-nji ýylyň 5-nji iýunynda Täjigistanda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň geňeş agzalary bilen geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň wekiliýetiniň hem gatnaşandygyny bellemek bilen bu duşuşykda Gaznanyň daşky gurşaw we durmuş-ykdysady meseleleri çözmekde döredilen birleşme hökmünde öz ähmiýetini barha artdyrandygyny şeýle-de, Gaznanyň amala aşyrýan işleriniň netijesinde suw we sebitleriň ekologiýa we durmuş-ykdysady meseleleriniň oňyn çözgüdini tapandygyny aýdyp bileris. Maslahatyň dowamynda gatnaşyjy döwletler suw baýlyklaryndan peýdalanmakda, esasanam oba hojalygynda, suwy tygşytlaýyş tehnologiýalaryny we amatly suwaryş usullaryny ornaşdyrmakda özara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada pikir alyşdylar. Çünki häzirki wagtda planetamyzda howanyň üýtgemegi we adatdan daşary bolýan tebigy betbagtçylyklar sebäpli dürli kynçylyklar ýüze çykýar. Bu bolsa daşky gurşawa abanýan howplara garşy agzybirlikde göreşmegi talap edýär.
2023-nji ýylyň 28-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň halkara başlangyçlary barada hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň öňde boljak 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini döretmek boýunça işleri dowam etdirjekdigi barada habar berdi. Bu bolsa ýurdumyzyň tebigaty goramak boýunça milli strategiýany durmuşa geçirmek bilen, bu ugurda iri halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygyny alyp barýandygynyň ýene bir ýola subutnamasydyr.
Ýeri gelende 2023-nji ýylyň 14-15-nji sentýabrynda Duşanbe şäherinde Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Sammitiniň geçiriljekdigini ýatlatmak bilen Sammitde ara alnyp maslahatlaşyljak meseleleriň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna we ýörelgelerine laýyklykda oňyn çözgüdiniň kabul ediljekdigine uly ynam bildirýäris.
Umuman, suw diplomatiýasy ugry boýunça Türkmenistanyň alyp barýan işleri Araldaky kynçylykly ýagdaýyň netijelerine garşy göreşmäge hem-de Aralýaka sebitinde ekologiýa ulgamynyň heläkçiliginiň öňüni almaga, bioköpdürlüligi aýawly saklamaga we tebigy serişdeleri durnukly ulanmaga, sebitiň halklarynyň ykdysady hem-de durmuş taýdan ösüşine ýardam bermäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak barada öňe sürýän teklipdir başlangyçlary hem hut şu maksatlardan ugur alýar. Çünki biziň ýurdumyz suw dünýäniň halklarynyň umumy gymmatlygydyr, ekologiýanyň arassalygy, arassa içimlik suwuň elýeterli bolmagynyň adalatly şertleri bolsa her bir adamyň esasy hukugydyr diýen ýörelgä yzygiderli eýerýär.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI