29/05/2024
550
Abadançylygyň röwşen menzillerinde
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG we onuň düzümleýin edaralary bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Sebitde we dünýäde parahatçylygy, netijeli hyzmatdaşlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda ileri tutulýan ugurdyr. Hemişelik Bitaraplyk hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň binýatlaýyn esasy bolup hyzmat edýär. Golaýda Aşgabatda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmäge bagyşlandy.
Häzirki wagtda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň diplomatik gullugy dünýäniň dürli ýurtlarynda ýerleşýän 40-dan gowrak edarany özünde birleşdirýär. 153 ýurt bilen diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. Ýurdumyz dürli halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzasy bolup durýar. Daşary işler ministrligimiz, ilçihanalarymyz we konsullyklarymyz öz işlerinde Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan hem-de Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda öňde goýlan wezipelerden ugur alýar. Bu wezipeler BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmegi, ählumumy howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmekde tagallalary birleşdirmegi maksat edinýär. Konsepsiýada döwletimiziň daşary syýasatynyň we halkara işleriniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenýär, olary durmuşa geçirmek bilen bagly wezipelerdir çemeleşmeler öz beýanyny tapýar.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly strategik hyzmatdaşlygy dowam etdirýär. Ýurdumyzyň daşary syýasatynda öňe sürülýän esasy ugurlaryň biri BMG-niň çäginde sebitara energiýa, ulag we logistika taslamalaryny ilerletmekdir. Şoňa laýyklykda, ýurdumyz dünýäniň ýurtlary, şeýle hem köp sanly halkara we sebitleýin guramalar bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns berýär.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde ýurdumyz Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, sebitleýin hem-de ählumumy derwaýys meseleleri oňyn çözmek üçin garaýyşlaryny we tekliplerini yzygiderli beýan edýär. Olar Birleşen Milletler Guramasy we dünýäniň beýleki abraýly halkara düzümleri tarapyndan gyzgyn goldanylýar. Bu başlangyçlar, ilki bilen, Merkezi Aziýada we Hazar deňziniň basseýninde umumy howpsuzlygy, durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmekde döwletleriň syýasy hyzmatdaşlygyna netijeli häsiýet bermek bilen baglanyşyklydyr. Ýurdumyz BMG-niň iri düzümleri bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijesinde bilelikdäki işleri amala aşyrmakda oňyn tejribe toplady. Türkmenistan döwrüň möhüm meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmakda ygtybarly merkez bolup durýar. Döwletimiz BMG-niň Aşgabatda ýerleşýän Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine yzygiderli goldaw berýär.
Ýurdumyzyň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin BMG-niň Ilat we ösüş komissiýasynyň, 2025 — 2029-njy ýyllar üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň düzümine saýlanylmagy daşary syýasatda gazanylan nobatdaky uly üstünliklerdir. Türkmenistanyň teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem köptaraply gatnaşyklary parahatçylykly, diplomatik ýollar bilen ösdürmekde örän ähmiýetlidir. BMG-niň yglan eden Durnukly ösüş maksatlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna goşýan goşandy Türkmenistanyň halkara derejede belent abraýa eýe bolmagyna getirdi.
Ählumumy howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek maksadyndan ugur alýan bitaraplyk syýasatymyz BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýär. Şeýlelik bilen, Türkmenistan halkara dialog we ynanyşmak medeniýetiniň berkidilmegine goşant goşýar. Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň, beýleki halkara düzümleriň durmuşa geçirýän maksatnamalaryny, meýilnamalaryny, taslamalaryny anyk ugurlara gönükdirip ulanmagy ýola goýmak bilen, hereket edýän halkara şertnamalar hem-de konwensiýalar boýunça öz borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýär.
Türkmenistan daşary ýurtlar bilen dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk üçin açykdyr hem-de uly mümkinçiliklere eýedir. Ýurdumyzyň daşary syýasat diplomatiýasy, ilkinji nobatda, sebitde parahatçylygy üpjün etmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de ykdysady taýdan ýakynlaşmak ýörelgelerini öňe sürýär. Ekologiýa, ynsanperwer ulgama degişli meseleler, şol sanda ylym, bilim, medeniýet, energetika, ulag, maýa goýumlar, azyk howpsuzlygy ýaly ugurlar hem daşary syýasy gatnaşyklarda üns merkezinde durýar. Bu gatnaşyklar Ýewraziýa giňişliginde parahatçylygyň, howpsuzlygyň berkidilmeginde möhüm orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň parahatçylygy berkitmek, hyzmatdaşlyk we ynanyşmak dialogyny kemala getirmek boýunça ýurtlaryň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlaryna dünýäde ýokary baha berilýär.
Şu ýyl türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede bellenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän ýylda dünýä halklary akyldar şahyrymyzyň döredijiligi, türkmen medeniýeti we sungaty bilen ýakyndan tanyşýar. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etdi. Magtymguly adalatlylygyň, parahatçylygyň, agzybirligiň, belent ynsanperwerligiň, dost-doganlygyň waspçysy hökmünde dünýäde meşhurlyk gazanan beýik şahsyýetdir. Söz ussadynyň edebi mirasy halklaryň dostlugynyň berkidilmegine, ählumumy parahatçylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen çagyryş bolup ýaňlanýar. Magtymgulynyň daşary ýurtlarda ajaýyp heýkelleriniň, şeýle hem ýakynda paýtagtymyzda açylan “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda daşary ýurtly söz ussatlarynyň 24-siniň heýkelleriniň dikilmegi hem dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň aýdyň nyşanydyr.
Nurberdi AMANMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.
Çeşme: "Türkmenistan" gazeti - 29.05.2024 ý. // https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/150368
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI