24/07/2023
735
Ýollar uzasa, ykdysadyýet berkär
Ulaglar ýa-da, umumylaşdyryp aýtsak, awtoulaglar ulag görnüşleriniň arasynda gündeki durmuşda adam tarapyndan iň köp ulanylýany bolsa gerek. Ykdysadyýete bir bitewi organizm, meselem, adam bedeni hökmünde garasak, awtoulag ýollary onuň damarlary bolup durýarlar diýsek ýalňyş bolmaz. Häzirki zaman ulaglarynyň kemala gelmegi we kämil awtoulag ýol torlarynyň döredilmegi söwdanyň ýygjamlaşmagyna we onuň geriminiň giňemegine getirdi. Söwdanyň ösmegi bolsa ykdysady ösüşi gazanmagyň iň esasy şerti bolup durýar.
Awtoulagyň ýerli ykdysadyýete ýetirýän täsirine aýdyň düşünmek üçin, ýol hereketinde ulaglaryň hereket edip bilýän iň uly tizliginde bolýan üýtgeşmeleriň ykdysadyýetde nähili yz galdyrýanlygyna seredeliň! Ulaglar örän uly tizlik bilen hereket edip bilýärler, emma howpsuzlyk nukdaýnazaryndan seretsek, tizligiň kadalaşdyrylmazlygy netijede ýol heläkçilikleriniň sanyny artdyrýar. Bu sebäpden hem hereketiň bolup biljek iň uly tizligi çäklendirilýär. Emma welin, käbir ýerlerde beýle çäklendirmeler asla ýok ýa-da rugsat edilýän tizlik gaty uly. Meselem, Hindistanyň käbir ştatlarynda ýa-da Germaniýa Federatiw Respublikasynyň uly böleginde ulaglaryň hereket edip bilýän tizligi çäklendirilmedik. Ýöne bu ýerlerde tizligiň çäklendirilen döwürleri hem bolan. Statistiki maglumatlara ýüz tutsak, çäklendirilmeleriň girizilmeginden soň bu ýerleriň jemi içerki önümi peselýär, aýrylandan soň bolsa ýokarlanýar. Bu bolsa awtoulaglaryň ýerli ykdysadyýet üçin ähmiýetinden habar berýär. Ykdysady işjeňligi dolandyrmak bilen, ýol hereketi gös-göni ýurduň ykdysady ösüş derejesine täsirini ýetirýär. Awtoulag ýollaryny damarlar bilen deňeşdirmegimizi dowam etdirsek, edil adam bedeninde bolşy ýaly, syna barýan gan akymynyň artdyrylmagy synanyň has gowy işlemegine getirýär. Lukmançylykda aýry-aýry synalara gan akymyny güýçlendirmek üçin dermanlar hem ulanylýar. Ýol hereketinde rugsat edilen tizligi ulaltmak ykdysadyýetde şeýle «gan basyşyny ýokarlandyrýan» derman bolup durýar. Emma belli bolşy ýaly, gan basyşyny ýokarlandyrýan dermanlary adatdan köp ulanmak pajygaly ýagdaýa getirip biler...
Awtoulagyň ykdysadyýete beýle uly täsir ýetirmeginiň sebäbi bolsa bu ulagyň tebigatynda ýatandyr. Ulaglar adamlara, harytlara uly hereket erkinligini berýärler. Adamlar iş ýerlerine, söwda etmäge ulaglarda gidýärler. Indi adamlaryň durmuşy diňe ýaşaýan töweregine däl, eýsem giň meýdana ýaýraýar. Ýerli kärhanalar üçin ýüküni ýakyn we orta aralyklara eltmek üçin, demir ýol ulagyny ulanmak amatsyz bolýar, bu ýagdaýda bolsa awtoulag ýük gatnawy kömege gelýär. Eksport edilýän harytlar portlara ulaglarda alnyp gidilýär, import edýän ýurduň portuna barandan soň bolsa ýene-de ulaglara ýüklenilip, sarp edijilere we kärhanalara ulaglarda paýlanylýar. Awtoulaglaryň bu häsiýetine «soňky milýa» daşamak diýilýär. Halkara statistikanyň maglumatlaryna görä, dünýä boýunça ýolagçy gatnawynyň 60% awtobuslarda amala aşyrylýar (şahsy awtoulaglary hasaba almasak). Şahsy awtoulaglary hem göz öňünde tutsak, ýolagçy gatnawynda ulaglaryň yzyndan ýetip bolmaýar. Ýük gatnawynda bu görkeziji degişlilikde 18% deň bolup durýar. Mundan başga-da, eltip bermek hyzmaty we tiz lukmançylyk kömegi ýaly durmuş ähmiýetli amallary awtoulagsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl.
Awtoulagyň ykdysadyýete ýene bir goşýan wajyp goşandy onuň ýurduň aýry-aýry sebitlerine deň derejede ösmäge ýardam etmegidir. Belli bolşy ýaly, bir syna az mukdarda gan barsa, bu syna ösüşden galmak bilen bolar. Bedeniň sazlaşykly ösmegi üçin, ähli synalaryň damarlarynyň sagdyn bolup, ýeterlik ganyň baryp durmagy zerurdyr. Edil şolar ýaly hem obalara we başga sebitlere ýol çekmek bu ýerlere täzeden jan berýär we deňagramly ösüşi üpjün edýär.
Awtoulaglaryň beýle ýagdaýa eýe bolmagy onuň aýratynlyklary we artykmaçlyklary bilen baglydyr. Ulagyň bu görnüşiniň esasy artykmaçlygy onuň elýeterliligi, tizligi we ykjamlygy bolup durýar. Ulaglaryň «gapydan-gapa» eltmek mümkinçiligi ýük daşamakda aralyk amallary aradan aýyrýar, bu bolsa ulagyň bu görnüşini howpsuz we ynamly edýär.
Awtoulaglaryň ýene-de bir aýratynlygy bolup olaryň infrastrukturasyny gurmak üçin köp çykdajynyň talap edilmeýänligi bolup durýar. Muňa garamazdan, umuman seredeniňde, bu ulgamyň infrastrukturasynyň çykdajysy az däl we ol ýollary bejermek we awtoulaglary täzelemek üçin wagtal-wagtal edilip durulýan çykdajylardan emele gelýär. Şeýle hem ýollar mirasdüşer häsiýetli bolany üçin, esasy ýollar eýýäm gurlan bolup durýarlar. Meselem, Ýewropanyň awtoulag ýol torunyň şekilini biziň eýýamymyzyň I asyryndaky Rim imperiýasynyň torunyň şekili bilen deňeşdirsek, aýdyň meňzeşlikleri görüp bolýar. Şol ýollaryň käbirleri hatda häzirki döwürde hem ulanylýar. Häzirki döwür halkara ulag-üstaşyr geçelgelerinde gadymy Beýik Ýüpek ýoly bilen hem meňzeşligi görüp bolar.
Awtoulaglaryň ulaglaryň beýleki görnüşlerine garanyňda, esasy kemçiligi onuň ekologiýa ýetirýän zyýany bolup durýar. Ekologiýa ýetirýän zyýany boýunça ulagyň bu görnüşi öňdeligi eýelemek bilen, ulag görnüşleri tarapyndan daşky gurşawa goýberilýän kömürturşy gazyň üç çärýegini tutýar. Dünýä boýunça umumy kömürturşy gazyň emissiýasynda awtoulaglaryň paýy 15% deň bolup, awtoulaglar bu babatda daşky gurşaw üçin uly mesele bolup durýar. Bu sebäpden hem Norwegiýa, Şwesiýa, Niderlandlar Patyşalygy ýaly ýurtlar doly derejede elektromobillere geçmegi meýilleşdirýärler. Bu babatda aýdylanda, ýurdumyzda tebigy gazymyzdan EURO-5 standartlaryna gabat gelýän daşky gurşawa goýberýän zyýanly galyndylarynyň mukdary adaty benzine garanyňda onlarça esse az bolan ECO-93 kysymly benzin öndürilýär we ulanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan Arkadag şäherinde hem ekologiýa taýdan howpsuz elektrik jemgyýetçilik ulaglarynyň ulanylyp başlanmagy ýurdumyzda hem daşky gurşawy goramak ugrunda alnyp barylýan işleriň mysaly bolup durýar.
Awtoulaglar ýolagçy, ýük we ýöriteleşdirilen ýükleri gatnatmak üçin niýetlenilen üç topara bölünýärler. Ýolagçy gatnawy üçin ulanylýan ulaglar bolsa öz gezeginde şahsy we jemgyýetçilik ulaglaryna bölünýärler.
Jemgyýetçilik ulaglaryna awtobuslar, troleýbuslar we olaryň dürli görnüşleri degişli edilýär. Häzirki döwürde jemgyýetçilik awtoulaglary millionlarça adamlaryň gündelik ulaga bolan islegini kanagatlandyryp durmak bilen, ulag ulgamynyň wajyp bölegi bolup durýarlar. Awtobuslarda şäheriň çäginde, şäherara we halkara gatnawlary amala aşyrylyp bilner.
Taksi tölegine ýolagçylary islenilýän ýerine eltmek üçin ulanylýan awtoulag bolup durýar. Taksi adamlara islendik wagt şäheriň islendik künjegine gysga wagtda eltmek hyzmatyny hödürleýär we şahsy ulagyň bolmadyk ýagdaýynda gowy çykalga bolup durýar. Häzirki döwürde ençeme ýurtlarda öz awtoparky bolan taksi hyzmatlaryny hödürleýän hususy kompaniýalar hereket edýärler. «Uber» 70-e golaý ýurtda hereket edip, şeýle kompaniýalaryň arasynda iň irisi we bellisi bolup durýar. Şeýle hem Russiýa Federasiýasynda «Яндекс Такси», ABŞ-da «Lyft», Hindistanda «Ola», Hytaýda «Didi», Günorta-Gündogar Aziýada «GrabTaxi» taksi kompaniýalary hereket edýärler.
Ýurdumyzda jemgyýetçilik ulag gatnawlary «Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ tarapyndan amala aşyrylýar. Jemgyýet şäheriň çäginde ýerine ýetirilýän, şäherara we şäherýaka ugurlar boýunça awtobus gatnawlaryny, awtobuslarda sargyt esasynda gatnatmak işini, şeýle hem taksi hyzmatyny hödürleýär. Aşgabat şäheriniň Halkara awtoulag menzili bolsa ýurdumyzyň jemgyýetçilik ulag hyzmatlarynyň merkezi bolup durýar.
Awtoulaglarda ýük gatnawy ýük ulaglarynda amala aşyrylýar. Olar ýükleriň tiz we howpsuz takyk barmaly ýerine eltilmegini üpjün edýärler. Ulagyň bu görnüşi ýük daşamak üçin suw ýa-da demir ýol ulagyndan gymmadrak bolsa gerek, emma ýakyn we orta aralyk üçin taý ýokdur. Ýük gatnawy hyzmatyny hödürleýän taraplar, ýagny kargo kompaniýalary üçin bu işde ulanylýan ulaglaryň arasynda çykdajysy iň az bolany ýük awtoulaglary bolup durýan bolsa gerek. Bu pudakda işe başlamak üçin gerek bolan zatlar bary-ýogy ýük awtoulagy, ony dolandyryp bilmek we ýörite rugsatnamalar bolup durýarlar. Bu sebäpden hem ýük ulaglarynda ýük gatnatmak işine başlamak aňsat bolup durýar. Muňa garamazdan, häzirki döwürde ýük ulaglarynda gatnaw amala aşyrmakda defisit duýulýar, çünki häzirki ýaşlar üçin ýük gatnatmak işi özüne çekiji bolup durmaýar. Bu bolsa bu ugurda iş açyp, girdeji gazanmak üçin giň mümkinçili
Latest News
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI