Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
      • Visits
        • INTERNATIONAL CONFERENCE IN THE CONTEXT OF THE BELT AND ROAD INITIATIVE
      • Ambassadors' lectures
        • TRAINING SESSION HELD BY AN AMBASSADOR EXTRAORDINARY AND PLENIPOTENTIARY OF MALAYSIA TO TURKMENISTAN
      • International days
        • MAÝYPLYGY BOLAN ADAMLARYŇ HALKARA GÜNI
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
        • A SESSION WITH MEMBERS OF THE SCHOOL OF YOUNG DIPLOMATS WAS HELD
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • Halypa diplomat bilen açyk sapak geçirildi
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / TÜRKMEN MANADYNYŇ 32 ÝYLLYGYNA
    TÜRKMEN MANADYNYŇ 32 ÝYLLYGYNA surady
    03/11/2025

    875

    TÜRKMEN MANADYNYŇ 32 ÝYLLYGYNA

    Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soň, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri boldy. Bu ugurda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ýokary ösüş depginini, senagat önümçiliginiň möçberiniň, daşary söwda dolanyşygynyň, ýurduň azyk bolçulygynyň içerki bazarlardaky nyrhlaryň durnuklylygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, durmuş-ykdysady maksatnamalaryň, iri maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilýän maliýe serişdeleriniň möçberi has-da artdyrylýar.

    «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 - 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 - 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», şeýle hem «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2019 - 2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, telekeçiligi goldamak, önümçilik maksatly kärhanalary gurmak, bar bolanlarynyň önümçilik kuwwatlylygyny artdyrmak we sanlylaşdyrmak, eksport maksatly harytlaryň möçberlerini artdyrmak babatdaky işler geljekde ykdysady taýdan uly ösüşleriň gazanylmagy üçin şertleri döredýär. Olar ykdysadyýetiň nebit-gaz, himiýa, energetika, söwda, senagat, oba hojalygy ýaly ugurlaryny öz içine almak bilen, ykdysady syýasatyň möhüm strategiýasyny durmuşa geçirmekde täze mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady durnuklylygy saklamak, kämil bazar ykdysadyýetini emele getirmek, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ileri tutulýar.

    Ykdysadyýetimiziň bitewiligini we mizemez kuwwatyny alamatlandyrýan türkmen manady 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizildi. 2025-nji ýylyň 1-nji noýabrynda milli manadyň dolanyşyga girizilmegine 32 ýyl boldy. Bu taryhy ýol bolsa, ýurdumyzda özbaşdak ykdysady we onuň düzüm bölegi bolan pul-karz, býujet-salgyt, maliýe, nyrh syýasatyny işläp düzmäge we üstünlikli durmuşa geçirmäge hukuk gazanyldy. Şeýlelikde, bu wezipeleriň üstünlikli çözülmegi netijesinde, bazar ykdysadyýetine geçmekligiň milli nusgasy işlenilip düzüldi. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlarynda ägirt uly özgertmeler durmuşa geçirildi. Ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçmeginde pula aýratyn orun degişlidir. Ýurtda hereket edýän puluň durnukly, hümmetli, satyn alyjylyk ukybynyň ýokary bolmagy bazar ykdysadyýetine üstünlikli geçmäge ähli zerur bolan amatly şertleri döredýär we ýurdumyzda kabul edilýän ähli maksatnamalary amal etmäge mümkinçilikleri artdyrýar.

    Peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň maliýe-ykdysady syýasaty netijesinde ýeňillikli salgyt syýasatynyň ýöredilmegi, ilata pes göterim bilen karzlaryň berilmegi, eýeçiligiň dürli görnüşlerinde täze düzümleri, iş orunlaryny emele getirmäge, kärhanalaryň öz-özüni maliýeleşdirmek ýörelgelerine geçmek arkaly önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmaga, importy çalyşmaga ukyply we eksporta niýetlenen önümleriň möçberini artdyrmaga, düşýän gymmatyny peseltmäge, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamy giňden ornaşdyrmaga, ylmyň, tehnikanyň, innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylyşyny çaltlandyrmaga, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary barha ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär.

    Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde mähriban halkymyzyň şu günki bagtyýar durmuşynyň geljekki rowaçlyklarynyň binýady berkeýär. Ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşy barada uly alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaç bolsun!


    Aýsenem REJEPGELDIÝEWA,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.

    Latest News

    INTERNATIONAL VOLUNTEER DAY surady

    03/12/2025

    INTERNATIONAL VOLUNTEER DAY
    Ýokary hünär taýýarlygy tejribeden başlanýar surady

    02/12/2025

    Ýokary hünär taýýarlygy tejribeden başlanýar
    Türkmenistan bilen BMG-¬niň strategik hyzmatdaşlygy surady

    29/11/2025

    Türkmenistan bilen BMG-¬niň strategik hyzmatdaşlygy
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI