
06/04/2025
215
Ynsanperwerligi we dost-doganlygy dabaralandyryp
Bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan oňyn Bitaraplyk syýasatyna berk eýermek bilen, bu günki gün halkara derejede sebitleriň, yklymlaryň, galyberse-de, bütin dünýäniň parahatçylygyna gönükdirilen tagallalara, giň gerimli işlere öz saldamly goşandyny goşýar. Türkmeniň şöhratly taryhyna degişli maglumatlar halkymyzyň örän gadymy döwürlerden bäri parahatçylyk, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan başlangyçlary hemişe goldap gelendigine şaýatlyk edýär.
Bilşimiz ýaly, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başyndan bäri geçirilip gelinýän, tutuş adamzadyň röwşen geljegini nazarlaýan möhüm meselelere bagyşlanýan halkara çäreler bu günki günde ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. 29-njy martda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahat hem şeýle çäreleriň biri boldy.
Ýurdumyzda enäniň we çaganyň saglygyny goramak, Watanymyzyň nurana ertirleriniň eýeleri boljak ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşini, sagdyn kemala gelmegini gazanmak babatda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň saglygy goraýyş ulgamynda başyny başlan giň gerimli özgertmeleri hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilip, ýaş nesilleriň saglygynyň berkidilmegi, sazlaşykly ösüşi, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegi babatdaky işler möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan alnyp barylýan işleriň örän uly ähmiýete eýedigini nygtamak gerek. Bu gazna halkymyzyň dünýä nusgalyk ynsanperwer ýörelgelerini esasy ugur edinýär.
Adam hemişe iň gowy zatlary çagasyna bagyşlaýar. Onuň ösüp-ulalyp, kämil çykyp, Watanyna, il-gününe wepaly adam bolup ýetişmeginiň aladasynda bolýar. Hut şeýle irginsiz üns-aladanyň netijesinde, ata-babalarymyz nesil terbiýesiniň kämil mekdebini döredipdirler. Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi hem ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesiller baradaky aladalara Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde uly ähmiýet berilýändiginiň ýene bir aýdyň ýüze çykmasydyr. Bu gaznanyň döredilenine bary-ýogy 4 ýyl bolandygyna garamazdan, geçen gysga wagtyň dowamynda onuň alyp baran köp sanly işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Gaznanyň hasabyna diňe bir ýurdumyzda näsag çagalara bejergi işleri alnyp barylman, eýsem, daşary ýurtlaryň kömege mätäç çagalaryna-da ýakyndan goldawlar berilýär. Bu bolsa türkmen halkynyň gözbaşy asyrlaryň jümmüşine uzaýan sahawatlylyk, ynsanperwerlik ýolunyň häzirki döwürde-de mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Şeýle hem ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklar, şanly seneler mynasybetli, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan, Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara süýji-kökedir gök-bakja önümleriniň, çaga oýnawaçlarynyň gaznanyň hasabyna ýygy-ýygydan sowgat hökmünde gowşurylmagy olaryň aýratyn mähir, üns-alada bilen gurşalandygynyň nyşanydyr.
Bilşimiz ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde guralan halkara maslahata Özbegistan, Türkiýe, Eýran, Russiýa, Gazagystan, Hytaý, Täjigistan, Belarus, Gyrgyzystan, Hindistan, Gruziýa, Ermenistan, Pakistan, Awstriýa ýaly ýurtlaryň döwlet düzümleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Forumyň şeýle giň wekilçilikli düzümi onuň gozgaýan meselesiniň örän wajypdygyny, haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işleriniň dünýäde uly gyzyklanma eýedigini görkezdi. Forumyň jemlerine bagyşlanyp, ýakynda paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleriniň hem gatnaşmagynda geçirilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: agzybirligiň, parahatçylygyň, ynsanperwerligiň, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dünýä ýüzüne dabaralanmasy» atly maslahatda edilen çykyşlarda-da bu hakykat öz aýdyň beýanyny tapdy.
«Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň netijeleri onuň jemleýji resminamasynda beýan edildi. Foruma gatnaşyjylar Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine ygrarlylygyň, onuň ählumumy strategiýalaryny we maksatnamalaryny, hususan-da, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini ýerine ýetirmegiň zerurdygyny hem-de çagalaryň ýörite gözegçilige, idege, şol sanda degişli hukuk goraglylygyna mätäçdigini nazara almak bilen, çagalaryň parahatçylygynyň we abadançylygynyň, olara durmuş, lukmançylyk, bilim hyzmatlarynyň berilmegi üçin zerur şertleri döretmegiň, dürli ýaşaýyş-durmuş ugurlarynda olaryň gyzyklanmalaryny üpjün etmegiň hatyrasyna halkara tagallalary birleşdirmegiň möhümdigini tekrarladylar.
Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan paýtagtymyzdaky, welaýatlardaky hassahanalarda dürli operasiýalary geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän ýaş türkmenistanlylaryň bejergileriniň çykdajylaryny tölemek we olara saglygy goraýyş maksatly zerur enjamlary satyn almak üçin serişdeler yzygiderli bölünip berilýär. Şeýle çagalar üçin ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynda dürli lukmançylyk bejergileri geçirilip, sagaldyş-dikeldiş işleriniň yzygiderli alnyp barylýandygyny hem aýratyn bellemek gerek. Bu çäreler maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylyp, ýurdumyzda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşyny, röwşen geljegini üpjün etmäge gönükdirilen işleriň toplumlaýyn häsiýete eýedigini görkezýär.
Ýeri gelende nygtasak, Türkmenistan 1993-nji ýylda Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýa goşuldy. Bu adam hukuklary babatda Birleşen Milletler Guramasynyň konwensiýalarynyň arasynda ýurdumyzyň goşulan ilkinji halkara resminamasy bolup durýar. Galyberse-de, ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlykda hem ençeme ähmiýetli taslamalar amala aşyryldy. Bu taslamalar bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda çagalar üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Muňa «Çagalara mähirli garaýyşly mekdepler» we «Çagalara mähirli garaýyşly hassahanalar» atly taslamalar mysal bolup biler. Bu taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy Türkmenistanyň bilim hem-de saglygy goraýyş edaralarynda halkara tejribäni giňden ornaşdyrmak üçin esas bolup hyzmat edýär.
Diýarymyzda haýyr-sogaply işleriň amal edilmegine giň gerim beren Gahryman Arkadagymyzyň, täze taryhy döwürde pederlerimiziň asylly ýörelgeleriniň dowamat-dowam bolmagy ugrunda uly tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli başlangyçlarynyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Gülşat ÝUSUPOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory.