30/08/2024
639
Ylym-bilim ulgamynda uzak geljegi nazarlaýan hyzmatdaşlyk
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyz Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän özgertmeleri esasynda günsaýyn gülläp ösýär. Bu ösüş ähli ugurlary, şol sanda ykdysadyýeti, medeniýeti, söwdany we ylym-bilimi öz içine alýar. Bu ugurda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda gazanan üstünlikleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Her bir halkyň geljeginiň esasy daýanjy ylymly-bilimli we sagdyn ruhly kämil nesil bilen berk baglanyşykly bolup durýar. Hut şol sebäpli hem ata Watanymyzda her bir nesliň kämil bilim almagy, olaryň ruhy we beden taýdan sagdyn edip ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Muňa ýurdumyzda gurulýan dünýä ülňülerine laýyk gelýän we iň kämil innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen ylym-bilim merkezleri, sport toplumlary doly şaýatlyk edýär. Şeýle-de, dünýä halklarynyň ylym-bilim ulgamynda gazanan tejribelerini we üstünliklerini öwrenmek hem esasy wezipeleriň biridir. Baky Bitarap ýurdumyzyň goňşy döwler, hususan-da, alysdaky ýurtlar bilen alyp barýan dostlukly gatnaşyklary bu babatda möhüm gural bolup durýar.
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň ylym-bilim ulgamynda işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýan döwletleriniň biri hem Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasydyr. Türkmen-tatar gatnaşyklary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda gün-günden giňeýär. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň biri bolan ylym-bilim we tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugrudyr. Bu babatda iki döwletiň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ylym-bilim babatda geçirilýän özara duşuşyklar, ylmy maslahatlar iki ýurduň bu ugurda gazanan oňyn tejribesini özara paýlaşmakda möhüm serişdedir.
2024-nji ýylyň 27-28-nji awgustynda türkmen wekiliýeti Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilýän söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň IX mejlisine gatnaşdy. Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti üçin Tatarystan Respublikasynyň Innopolis uniwersitetine gezelenç gurnaldy. Bu ýerde türkmen wekiliýeti bu ýokary okuw mekdebiniň barlag we gözleg meýdançalary, häzirki zaman innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen ylmy barlaghanalary bilen tanyşdylar. Şeýle hem saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Kazan Federal uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşygy gurnaldy. Duşuşygyň çäklerinde türkmen-tatar gatnaşyklarynyň çäklerinde geljek nesilleriň hünär taýýarlygyny has-da pugtalandyrmakda we ylym-bilim ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakda hyzmatdaşlygy ösdürmek möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi.
Türkmen wekiliýetiniň bu sapary asyrlardan gözbaş alýan baý taryha, medeniýete eýe bolan, iki doganlyk halklaryň arasyndaky gatnaşyklarda möhüm waka boldy. Bilelikde geçirilen maslahatlar kuwwatly döwletiň berk binýady bolup durýan ylym-bilim ulgamynda gazanylan baý tejribäni paýlaşmaga we iki halkyň ylym-bilim we medeni babatda has-da ýakynlaşmagyna ýardam etdi. Bu bolsa dostluk, özara bähbitlilik we hoşniýetli hyzmatdaşlyk ýaly gymmatlyklardan ugur alýan türkmen-tatar gatnaşyklarynyň binýadyny has-da berkitmäge ýardam etdi.
Hojamyrat BAÝLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.