
260
Ýatdan çykmajak pursatlar
Geçen asyryň 70-nji ýyllarynyň ortalarydy. Meniň, şol mahal atlandyrylyşy ýaly, Wekilbazar raýonynyň 6-njy orta mekdebinde mugallym bolup işleýän döwürlerimdi.
Mary şäheriniň «Ýolbarsly» çaýhanasynyň garşysynda ýerleşýän bazar bilen aralykda uzyn bir howly bolup, onuň içinde 7-8 sany gadymdan galan ýaşaýyş jaýy bardy. Şol ýeriniň ýaşaýjylaryna täze jaý berlenden soň, boşap galan binalar nakgaşlara ussahana edilip berlipdi. Howla girip, çepe ýöräniňde, jaýlaryň ahyrkysy nakgaş Meretgeldi Akmämmedowyň ussahanasydy. Ol iki otagdan ybaratdy. Birinji otagda dynç alýardy, şol otagyň üstünden geçip barylýan otagda bolsa hemişe nakgaşyň çeken suratlary görnüp durdy. Bu otagyň penjiresinden bolsa bazara girip çykýanlardyr söwda edýänleri arkaýyn synlap oturmalydy. Men Mara gitsem, köplenç, Meretgeldiniň ýanyna-da gürrüňçilige barardym.
Bir gün Meretgeldi Akmämmedowyň ussahanasynda onuň özi, Akmämmet Şyhyň ogly Jamadaýy lakamly nakgaş Muhammetjuma üçimiz otyrkak, belli akkordeonçy Han hem myhmançylyga geldi.
Han ikimiz öňräkden tanyşdyk. Bizi Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talybykam bir döwürde okan ýigidimiz, bagşy hem sazanda Annadurdy Amanow tanyşdyrypdy. Han onuň halypasydy.
Çaý içişlikden soň, Meretgeldi:
— Sergä gatnaşjak işlerimi taýýarlaýyn — diýip, iş otagyna geçdi.
Şol wagt hem gapy açylyp, içerik orta boýly ýaşuly adam girdi. Ol:
— Meret jan, barmyň? — diýip, oturanlara üns hem bermän, göni Meretgeldiniň ýanyna geçip gitdi.
Han ýaňky gelen myhmanyň yzyndan oňa tarap ümläp, beýleki otagdakylara hem eşidiler ýaly ses bilen:
— Ýaňky geleniň «Bulut» diýen ýaly ady bolmaly — diýdi.
Beýleki otagdan ýaňky ýaşuly:
— Wi-iý, men sazandalaryň ägirdini görmän geçipdirin. Han jan, bagyşlarsyň-how! — diýip, ýaşuly otagdan yzyna çykdy, biz bilen gaýtadan salamlaşdy.
Han ýylgyryp:
— Bu ýaşula Ümür Esenow diýýärler! — diýip, ony bize tanyşdyrdy.
Ümür aga-da Hana ýüzlenip:
— Heý-de, men şeýle ussat sazanda bilen salamlaşman geçerinmi?! Ümür ony ömür etmez — diýdi.
Bu gepe Hanyň keýpi göterildi:
— Hany, Ümür aga, horjunyňy bir çöşlesene!
Bu sözden soň, Ümür Esen hemmämize ýylgyryp seretdi:
— Päheý-de, horjunyň boş däldigini duýduň-ow, Han jan!
Soň Ümür aga özüniň soňky toplan maglumatlary barada kän gyzykly gürrüňleri berdi. Şo wagt onuň Garagumuň etegindäki obalaryň birinden gelip durşy eken. Ümür aga ol obadan Maru-şahu jahanyň ХIII asyrda başyna düşen talaňçylykdan öň baý ylym ojagy bolup hyzmat eden uly kitaphanasynyň çaklanýan ýeriniň tapylandygyny tolgunyp-tolgunyp gürrüň beripdi.
Ümür Esen bilen bolan şol ilkinji, gysga wagtlyk tötänden duşuşygymyzda-da ol örän kän gymmatly maglumatlary gürrüň beripdi. Bu ussat mirasgär janly ensiklopediýa hasaplanýan adamlardandy. Şol gezek ady agzalan meşhur kitaphananyň ýerleşen ýerini anyklamak barada pitiwa etmändigim üçin häli-häzire çenli ökünip, özümi kötekläp ýörün.
Janypkeş, mirasy öwreniji Ümür Esen taryhy wakalary, halk hakydasynyň gymmatlyklary barada, gadymy türkmenleriň durmuşyndan, däp-dessurlaryndan edil kinoda gören ýaly çeper, gyzykly edip gürrüň bermegiň hem ussadydy. Häzirki wagtda onuň il içinden ýygnap, bize miras goýan maglumatlary halkymyzyň geçmişdäki durmuşyny, taryhyny öwrenmekde uly hazyna bolup hyzmat edýär.
Kakajan MOMMADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy,
Türkmenistanyň ussat diplomaty.
Çeşme:https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/5/articles/182314