18/01/2025
177
«Ýaşasyn parahat durmuş!» (Ýaş žurnalistiň sözi)
Taryhy eýýamlar çalyşdy, geçmişde dünýäni sarsdyran imperiýalaryň ýerine täze döwletler döredi, olaryň halkara gatnaşyklardaky orny, milli ölçegleri, ykdysady ugurlary, geosyýasy we geostrategiki maksatlary hem kämilleşdi. Muňa garamazdan, halklaryň we döwletleriň parahatçylyga, agzybirlige, ynsanperwer gatnaşyklara, dialog medeniýetine ymtylyşy welin, üçünji müňýyllykda hem daşary syýasaty durmuşa geçirmegiň, milli bähbitleri goramagyň we olary öňe sürmegiň esasy guraly bolup galdy. Şu nukdaýnazardan, taryh sahypalarynda merdana millet hökmünde yz goýan şöhratly pederlerimiziň parahatçylyk ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen täze taryhy döwürde dünýä ýüzünde belent ykrara eýe bolýar. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda halkara giňişlikde şu ýylymyzyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bolsa işjeň daşary syýasatymyzyň parasatly ýörelgelerini nobatdaky gezek ýüze çykarýar.
«ÝARAGLAŇ SESI, SEM BOLUŇ!»
Dünýäde ýaragy güýçlüler däl-de, ýüregi güýçlüler üstün çykýar. Bu meşhur jümle diplomatiýada has-da ýörgünli. Milli edebiýatymyza ser salanymyzda, görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň «Şükür bagşy» powestini okamadygymyz ýa-da şunuň esasynda surata düşürilen filme tomaşa etmedigimiz ýok bolsa gerek. Eserde Şükür bagşy dutarynyň üsti we parahatçylyk ýoly bilen doganyny ýesirlikden boşadýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda-da bu barada: «Biz häzirki günde sungatyň ornunyň parahat, abadan ýaşaýyş üçin nähili wajyplygyny, «Şükür bagşyda» görýäris. «Şükür bagşy» — parahatçylygyň buşlukçysydyr. Ol parahatçylygy wagyz edýän müdimi keşpdir» diýlip beýan edilýär.
Görnüşi ýaly, ýagşy niýetler dünýäni gowulyga tarap özgerdip bilýär. Geljegimiziň gowulyklara beslenmegi üçin ýagşy arzuw-niýetlerimiz, mizemez ynamymyz, isleg-hyýallarymyz hemişe hasyl bolýar. Parahatçylygyň beýik taglymatçysy Milli Liderimiziň «Ýaşasyn parahat durmuş!», «Dowam bolsun!», «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» goşgularynda hem halkymyzyň ýagşy niýetleri, oňyn meýilleri, ynsanperwerlige ýugrulan däpleri, päk niýetleri öz beýanyny tapýar.
«SYLALYŇ BIREK-BIREGI!»
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagynda: «Gadymy dünýä taryhynda ilkinji gezek Nusaýda Gündogar döwleti Hytaý we Günbatar döwleti Rim bilen diplomatik gatnaşyklar ýola goýlupdyr» diýip, dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň köküniň çuňluklara uzaýandygy barada giňişleýin durup geçdi. Öz üstüne alan halkara borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýän Bitarap ýurdumyz täze taryhy eýýamda hem tutuş sebitiň we dünýäniň parahatçylyk döredijilik merkezi hökmünde ykrar edildi. Elbetde, şeýle ykrarnama eýe bolmagyň özeninde ynanyşmak, dialog medeniýetini pugtalandyrmak, özara gatnaşyklaryň mäkäm köprülerini gurmak, halkara gatnaşyklaryň ösüşini ynsanperwerleşdirmek ýaly netijeli usullar bar. Şunuň ýaly strategik häsiýetli usullar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» maksatlarynda we wezipelerinde hem göz öňünde tutulandyr.
Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylyň sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistan bu guramanyň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky teklip bilen çykyş etdi. Munuň özi iň täze taryhymyzda möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen, bu başlangyja döwletara we halkara gatnaşyklaryň gurluşy babatda garaýyşlaryň hem-de kadalaryň ulgamy, ony gazanmagyň guraly hökmünde seredip bolar.
«HALKLAR ― BIR JEBIS MAŞGALA»
Döwlet gurmak ýörelgelerini esaslandyran ata-babalarymyzyň syýasy tejribesine daýanyp, Türkmenistanda daşary syýasatyň we diplomatiýanyň täsirli ulgamy döredildi. Şunda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan, BMG-niň Tertipnamasyndan ugur alnyp, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili» ýörelgesi esasy çelgi bolup hyzmat edýär. Dünýä gatnaşyklarynyň bu filosofiýasy, ýadyňyzda bolsa, 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň esasy» atly halkara maslahatda beýan edilipdi.
Geçen ýyllarda Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 30-a golaý Kararnamanyň kabul edilmegi buýsançly hakykatdyr. Diňe 2024-nji ýylda Milletler Bileleşiginde dünýä ähmiýetli resminamalaryň 4-sine, şol sanda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary», «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» hem-de «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalara ýurdumyz öňbaşçylyk etdi. Şeýle hem paýtagtymyzda geçirilen halkara forumlaryň ençemesiniň Jemleýji resminamalarynyň Baş Assambleýanyň degişli sessiýalarynyň resminamalary hökmünde kabul edilmegi ýurdumyzyň dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmäge goşýan uly goşandyny alamatlandyrýar.
Her ýyl bolşy ýaly, 2025-nji ýylymyzda hem halkara derejede iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigini ynamly aýdyp bolar. 14-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideriniň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen telefon arkaly söhbetdeşligi şeýle diýmegimize anyk esas berýär. Şunda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şu ýylda Türkmenistanda geçiriljek halkara çäreleriň ähmiýeti dogrusynda pikir alşyldy, täze teklipler beýan edildi. Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynyň taýýarlanmagy, BMG-niň Baş sekretarynyň bu resminamany dolulygyna makullamagy bolsa aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
«BÜTIN DÜNÝÄNIŇ HAKYNA»
Aýgytly özgerişlikleriň bolup geçýän, halkara wakalaryň biri-birini şeýle çaltlykda çalyşýan XXI asyry medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň has giň gerime eýe bolmalydygyny görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylda Türki medeniýetiň halkara guramasy ― TÜRKSOÝ tarapyndan Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» hem-de geçen ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi nusgawy şahyrymyza, şol sanda-da ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyna dünýä möçberinde goýulýan belent sarpanyň aýdyň nyşanydyr. Mundan başga-da, 2024-nji ýylyň oktýabrynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilip, oňa daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň hem-de ýokary derejeli wekilleriň gatnaşmagy şöhratly wakalaryň hataryndan orun aldy.
Dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen maddy we medeni mirasymyz, taryhy-medeni ýadygärliklerimiz dünýäde uly gyzyklanma döredip, bu ugurda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy ― ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Ýurdumyzyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärlikleriň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň, şeýle hem milli gymmatlyklarymyzyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda mynasyp orun almagy hoşniýetli goňşuçylygy, dost-doganlygy öňe sürýän döwletimiziň abraýyny has-da belende göterýär.
Geçen ýylda türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Hakyda göwheri» hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitaplary elimize gowşup, bu eserlerde parahatçylyk ýörelgelerimiz, halkara arenada öňe sürýän başlangyçlarymyz inçe pelsepeler, synçy garaýyşlar, takyk pikir ýöretmeler arkaly düşündirilýär. Şunda okyjyny 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti hem-de şeýle başlangyjyň wajyplygy hakynda täzeçe pikirler gurşap alýar.
«YNAMDYR DÜNÝÄŇ DIREGI!»
Parahatçylyk, ynanyşmak arkaly geljege nurana ertiri bagyşlap bolýar. Muny Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz Ýer ýüzüne subut etdi. Şoňa görä-de, bu ýörelgeler hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň halkara derejesinde giňden belleniljek 2025-nji ýylynda hem her bir üstünligimiziň, beýik ösüşlerimiziň çeşmesi bolar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Täze ýyl Gutlagynda: «Geljek ýylda hem Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegine we halkymyzyň abadançylygyna, eşretli durmuşyna gönükdirilen iri möçberli taslamalary durmuşa geçireris. Bu işleri ýerine ýetirmek üçin biziň her birimize uly jogapkärçilik düşýändigini unutmaly däldiris. Biziň her birimiz eziz Watanymyzyň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşmalydyrys» diýýär. Bu sözler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda her birimiz üçin beýik taglyma, nusgalyk ýörelgä, öňümizde goýan maksatlarymyzyň çelgisine öwrülýär.