Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Wenger halkynyň gahryman şahyry
    Wenger halkynyň gahryman şahyry surady
    25/06/2024

    902

    Wenger halkynyň gahryman şahyry

    Dünýä edebiýatynyň, sungatynyň meşhur wekilleriniň heýkelleriniň 24-sini özünde jemleýän «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda wenger şahyry Şandor Petefiniň hem heýkeli ýerleşdirilen.
    Garaşsyzlyk we erkinlik düşünjeleri islendik halk üçin hem aýratyn ähmiýete eýedir. Wenger halkynyň edermen ogly, görnükli şahyr Şandor Petefiniň döredijiligi we alyp baran gahrymançylykly hereketleri öz döwründe uly seslenmä eýe bolupdyr. Şahyryň Wengriýanyň milli poeziýasyny esaslandyryjy hökmündäki orny Magtymgulynyň türkmenler, Puşkiniň ruslar, Şewçenkonyň ukrainler üçin eden işleriniň ähmiýetine deňelýär.
    Şandor Petefi 1823-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Kişkereşde slowýan maşgalasynda dünýä inýär. Onuň maşgalasy geljekki şahyryň bilimli bolmagy ugrunda uly aladalary edýär.
    Şahyryň ilkinji goşgular ýygyndysy 1844-nji ýylda çapdan çykýar. Bary-ýogy 25 ýyllyk ömrüniň dowamynda döreden eserleri bilen halkynyň beýik söýgüsine eýe bolýar. Wengerler onuň goşgularyndan egsilmez gujur-gaýrat alýarlar. Ol öz halkynyň baky watançysy bolan taryhy şahsyýet hasaplanylýar. Ol diňe bir Wengriýanyň milli şahyry bolman, eýsem ýurtda 1848 – 1849-njy ýyllardaky işjeň ynkylapçy demokrat bolupdyr. Şahyr Wengriýanyň demokratik gurluşynyň binýadyny döretmek ugrunda yzygiderli göreşleri alyp barmakda esasy işjeň agza hökmünde çykyş edipdir.
    Şahyryň şygyrlary wenger halkynyň watançylyk aýdymlaryna öwrülendir. Ol döredijiliginiň dowamynda 85 sany goşgy, 3 sany gysga hekaýa, 2 sany drama, 1 roman ýazyp köpçülige hödürleýär. Mundan başga-da, onuň köpsanly makalalary, hatlary, gündelikleri we syýasy-jemgyýetçilik meselelerine degişli terjimeleri saklanyp galypdyr.
    Wengriýanyň beýik şahyry we milli gahrymany Şandor Petefi 1849-njy ýylyň 31-nji iýulynda Transilwaniýadaky Şegeşwar söweşinde aradan çykýar. Şahyryň söweşde wepat bolandygy bilen bagly gelnen bu netije rus lukmanynyň ýazan gündeligine esaslanýar.
    Wengriýanyň, Transilwaniýanyň we Günorta Slowakiýanyň köp şäherindäki köçeler we meýdançalar, Uzgorodyň merkezi meýdançasy, Budapeştdäki köpri, muzeý we kitaphana Şandor Petefiniň hormatly adyny göterýär.
    «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda ýerleşdirilen şahyryň heýkeli türkmenleriň bu dostlukly halkyň edermen ogluna goýýan belent hormatyndan nyşandyr.

    Aýşirin DÖWLETOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI