02/05/2024
850
Watana wepalylyk: mertebä ýetiren menziller
Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda ynsany belentliklere ýetirýän özboluşly kämillik basgançaklaryndan söz açyp, il bähbidini özüniňkiden ýokary goýup bilýän kişileri iň kämil häsiýetleri özünde jemleýän iňňän gerekli, mertebeli adamlar hökmünde häsiýetlendirýär. «Jemgyýetiň öňe ilerlemegi üçin derwaýys görülýän bu häsiýetleriň arasynda ukyp-zehinlilikden we işeňňirlikden daşary, guramaçylyk, iş dolandyryjylyk, ýolbaşçylyk ýaly häsiýetler hem bolmalydyr» diýen jümleleri okap oturyşyma, kitabyň gahryman zenanlarymyz hakynda gürrüň berýän sahypalaryna gaýtadan göz gezdirenimi duýman galdym. Olar Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowanyň ömür ýoly baradaky söhbetlerde-de ýolgörkeziji çelgi edinip boljak jaýdar jümleler ahyryn...
Suratkeşlikde adamyň portretini çekmegiň iň kyn usuldygyny aýdýarlar. Žurnalistikada-da belli bir adamyň geçen ýolundan söhbet açyp, sözler bilen onuň portretini çekmek ýeňil-ýelpaý iş däl. Biziň gürrüňini edýän gahrymanymyz bolsa örän köptaraplaýyn şahsyýet. Mugallym, guramaçy-partiýa işgäri, diplomat, alym, mährem ene... Maşgalada alan asylly terbiýesi, zähmetsöýerligi, halallygy, başyna baran işine durky-düýrmegi bilen berilmegi haýsy kärde zähmet çekende-de, nirede bolanda-da oňa hemişe uly abraý getirdi. Ömrüniň çärýek asyryny bagyşlan diplomatik wezipesinde, häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary hökmünde alyp barýan işinde ýurdunydyr halkyny jan-dilden söýüp, diňe Watanyň bähbitlerini ileri tutmagy Çynar Rustemowa üstünligiň belent menzillerini bagyşlady. Döwürdeş zenanymyzyň geçen ýoly hakynda pikir öwreniňde, öňde goýan maksatlaryň çürbaşynda Watanyň bähbidini goýmagyň ynsana miýesser edip biljek mertebäniň iň beýigidigi baradaky hakykat bilen ýüzbe-ýüz bolýarsyň.
Laýyk 70 ýyl mundan ozal — 1954-nji ýylda Jeýhun ýakasyndaky sebitiň Darganata etrabynda mugallymlar maşgalasynda dünýä inen Çynar Rustemowa ýaş wagtynda obalarda göçme ekranlar arkaly görkezilýän fimleriň birinde ilçiniň wezipesini ýerine ýetirýän Hojanepes atly ýigidiň keşbini ýüregine has ýakyn görüp, bu jogapkärli hünäri ele almagy arzuw eden pursatlarynda hakykatdan Garaşsyz Türkmenistanyň ilkinji zenan diplomatlarynyň biri boljakdygyny göz öňüne getirenem däldir, meger. 1975-nji ýylda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyny tapawutlanan diplom bilen tamamlan ýaş hünärmen Esenguly etrabynyň Ekerem şäherçesindäki orta mekdepde türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup ilkinji zähmet ýoluna gadam basdy. Şondan soň 10 ýyllap çagalara bilim berdi, 1982 — 1995-nji ýyllarda bolsa partiýa ulgamynda zähmet çekip, ussat guramaçynyň endiklerini ele aldy. Şol döwürde Jemgyýetçilik ylymlary akademiýasynda okap, «filosofiýa ylymlarynyň kandidaty» diýen alymlyk derejesini almagy bu zenanyň ylma teşne kalbyny täze üstünliklere ruhlandyrdy.
Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Türkmenistanyň Hindistan Respublikasynda açylan ilçihanasyna geňeşçi wezipesinde işe ýollanylmagy bilen, Çynar Rustemowanyň durmuş we zähmet ýolunda düýbünden täze sahypa açyldy. Bu barada onuň özi: «1995-nji ýylda Hindistanda işe başlanymda, diplomatiýanyň çylşyrymly sungatdygyna göz ýetirdim. Şol bir wagtda, diplomatik gullugyň işi bu ugurda zähmet çekýän hünärmenleri hem syýasy, hem durmuş tejribesi bilen ymykly taplaýar. Döwletimiziň uly ynamy netijesinde maňa Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky, Hytaý Halk Respublikasyndaky, Mongoliýadaky, Koreýa Halk Demokratik Respublikasyndaky hem-de Wýetnam Sosialistik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinde işlemek miýesser etdi. Şol ýyllarda ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmak, ýurdumyzyň alyp barýan netijeli daşary syýasatyny giňden ýaýmaga hem-de ösdürmäge goşant goşmak babatda kän tejribe toplamaga mümkinçilik döredi» diýip belleýär.
Ilki maşgalada, soňra dürli syýasy ulgamlarda, aýratyn-da, halk diplomatiýasy giňişliginde gazanan tejribesiniň nirede işlese-de, elmydama dogry ýoldan ýöremäge, öňde goýlan maksada ýetmäge okgunly çemeleşmäge iterendigini tekrarlaýan ilçi zenan bu günki gün ýaş türkmen diplomatlarynyň, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talyplarynyňdyr uçurymlarynyň hem köpüsiniň halypasy. Diplomatik gullukda 25 ýyldan gowrak wagt zähmet çeken diplomat soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda talyplara sapak berip, öz toplan tejribesini paýlaşdy.
Gahryman Arkadagymyz halal işläp, päk ýürekden zähmet çekýän ynsanlaryň bitiren işine hemişe mynasyp baha berýär. 2021-nji ýylda — Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň diplomatik gullugynda çeken köpýyllyk zähmetini nazara alyp, Çynar Rustemowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ady dakdy. Diplomat zenanymyz şol pursatlary ýatlap, hormatly Arkadagymyzyň öz bitiren işleri barada aýdan ýakymly sözlerini kalbyna hemişelik nagyşlap ýazandygyny çuňňur hoşallyk duýgusy bilen gürrüň berýär. Milli Liderimiz ýaşlar bilen duşuşyklarynyň birinde Gözel Şagulyýewa, Aksoltan Ataýewa, Çynar Rustemowa ýaly gahryman zenanlarymyzyň ýaşlaryň täze nesli üçin nusgalyk görelde bolmalydyklaryny belläp, olar bilen talyplaryň arasynda duşuşyklary, pikir alyşmalary guramagyň, bilim alan ojaklarynda ýörite otaglary açyp, olarda bu gahrymanlarymyzyň durmuş hem döredijilik ýoly baradaky maglumatlaryň elýeterli edilmeginiň maksadalaýykdygyna ünsi çekdi. Biziň gürrüňini edýän diplomatymyzyň bilim alan ýokary okuw mekdebi bolan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda häzir bu asylly başlangyjyň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýandygyny görmek bolýar.
Bu günki gün Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy diýlende, köpleriň ýadyna, öňi bilen, Çynar Rustemowanyň düşjekdigi şübhesizdir. Onuň ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary hökmünde alyp barýan döredijilikli işi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bildirýän uly ynamynyň netijesi. Elbetde, döwletara gatnaşyklarda-da, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda-da ileri tutulýan maksatlar döwlet Baştutany tarapyndan kesgitlenilýär. Ýöne şol maksatlara ýetmek ugrunda irginsiz iş alyp barmak — ýurduň diplomatik gullugynyň, diplomatlaryň baş wezipesi. Milli medeni mirasymyzy ÝUNESKO-nyň derejesinde, bütin dünýäde wagyz etmek işinde-de Çynar Täjiýewna diplomat hökmünde toplan baý tejribesi ýakyndan ýardam berýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň teklibi bilen hödürlenen hödürnamalaryň birnäçesiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna, paýtagtymyz Aşgabadyň ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmeginde, Magtymguly Pyragynyň gymmatly mirasyny halkara derejede ebedileşdirmek bilen bagly durmuşa geçirilen işlerde halypa diplomatyň irginsiz tagallalary, mynasyp goşandy bar. Bu ugurda geljekde bitirilmeli işleriň hatary-da barha uzamak bilen.
Ömrüň köp bölegini diplomatiýa ýaly iňňän jogapkärçilikli käre bagyşlap, şondan soňam döwlet derejesindäki jogapkärçilikli işde işläp, Watanyň abraýyna abraý goşmak diňe hakyky watansöýüji ynsanlara başardýar. Biz bu gün 70 ýaşy arka atan Çynar Rustemowada döwletiň hem halkyň bähbidine gijesini gündiz edip halal zähmet çekýän, örän işeňňir, hyjuwly hem ruhubelent zenanyň keşbini görýäris. Ol şeýle irniksiz işiniň daşyndan döwlet çärelerine, talyplardyr zähmetkeşleriň arasyndaky duşuşyklara-da, daşary ýurtlarda geçirilýän forumlardyr maslahatlara-da işjeň gatnaşmagyny dowam etdirýär. Bu bolsa watansöýüjilik häsiýeti zandyna guýlan ussat diplomatyň Watanyň gymmatyna aňryýany bilen düşünip, onuň şöhratyna şan goşmagy ömrüniň manysyna öwrendigine doly güwä geçýär. Şular hakynda oýlananyňda, pederlerimiziň «Niýetiňe görä — gaýrat, ynamyňa görä — kuwwat, yhlasyňa görä üstünlik gelýär» diýen paýhasly jümlesi seriňe dolýar.
Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan». 2.05.2024 //Türkmenmetbugat (turkmenmetbugat.gov.tm)
Latest News
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI