Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Uly maksatlara ugrukdyran forum
    Uly maksatlara ugrukdyran forum surady
    29/04/2024

    885

    Uly maksatlara ugrukdyran forum

    Mälim bolşy ýaly, 24-25-nji aprelde Fransiýanyň Pariž şäherinde Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumy geçirildi. Oňa 31 döwletden 300-den gowrak wekil gatnaşdy. Olaryň arasynda abraýly halkara guramalaryň: BMG-niň, Ýewraziýanyň Ykdysady bileleşiginiň, Halkara energetika agentliginiň, Ählumumy gaz merkeziniň, OPEK-iň, şeýle-de Türkmenistanyň köp ýyllyk hyzmatdaşlary «Petronas», «CNPC», «ADNOC», «Dragon Oil», «Bouygues Bâtiment International», «GaffneyCline» ýaly kompaniýalaryň wekilleri bar. Foruma türkmen tarapyndan ýangyç-energetika pudagynyň ýolbaşçylary hem-de Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, «Türkmengaz», «Türkmennebit», «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
    Forumda edilen çykyşlarda, esasan hem, häzirki wagtda dünýäde şäherleşme depgininiň ösýändigi (diňe 2030-njy ýyla çenli ýene bir milliard adam şäherlere göçer, bu bolsa Parižiň ululygyndaky 50-ä golaý täze şäheriň gurulmagyny talap edýär), barha ýokarlanýan ykdysady işjeňligiň has köp energiýa talap edýändigi barada aýratyn durlup geçildi.
    OPEK-iň berýän maglumatlaryna görä, energiýa bolan isleg 2045-nji ýyla çenli 23 göterim öser. Dünýä has arassa, elýeterli energiýa mätäç. Şol bir wagtyň özünde, energiýa howpsuzlygynyň ýeterlik derejesini üpjün etmek üçin diňe bir görnüşli energiýa çeşmesi beýle wezipäni bir özi ýerine ýetirip bilmez. Hasaplamalar 2045-nji ýyla çenli nebite bolan islegiň 17 göterim, tebigy gaza bolan islegiň 28 göterim artjakdygyny görkezýär. Şol wagta baryp nebitiň we gazyň dünýäniň energetika bazaryndaky orny 55 göterime ýeter. Şonuň özi hem, bu iki energiýa çeşmesine uly mukdarda maýa goýmagyň zerurdygyny orta çykarýar. Has anyk aýtsak, agzalan döwre çenli dünýäniň nebit-gaz pudagyna 14 trillion amerikan dollary möçberinde maýa goýumlaryny gönükdirmek zerur.
    Türkmenistan subut edilen tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde 4-nji orny eýeleýän döwlet bolmak bilen, özüniň ägirt uly uglewodorod serişdelerini adamzadyň abadan geljegine gönükdirmäge taýýar. Şol maksat bilen, ýurdumyz forumda ýangyç-energetika toplumynda, onuň ähli ugurlarynda daşary ýurtly maýadarlar üçin mümkinçilikleriň giňeldilýändigini ýene bir ýola yglan etdi. Hususan-da, forumda türkmen tarapy nebitiň we gazyň önümçiligi, olardan alnan önümleri doly gaýtadan işlemek, nebithimiýa senagaty, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, ulag infrastrukturasy, uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň daşky gurşaw taraplary ýaly maýa goýmak üçin örän bähbitli ugurlary daşary ýurtly maýadarlarynyň dykgatyna hödürledi. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan daşary ýurtly maýadarlara durnukly ykdysady we syýasy ýagdaýy, berk kanunçylyk binýadyny kepillendirýär. Bu bolsa häzirki zaman dünýäsinde örän möhüm şertdir.
    Forumyň dowamynda Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň gerimini giňeltmek, Hazaryň türkmen kenaryndaky nebit ýataklaryny özleşdirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan turbageçirijisi ýaly taslamalar daşary ýurtly maýa goýujylaryň aýratyn ünsüni çekdi.
    «TAPI Pipeline Company Limited» kompaniýasynyň Baş direktory Muhammetmyrat Amanow hem Pariž forumynda eden çykyşynda Türkmenistanyň turbageçirijiniň öz çägindäki böleginiň gurluşygyny doly tamamlandygyny aýtdy. Onuň bellemegine görä, howpsuzlyk we turbalary çekmek üçin ýer almak meselesinde Owganystan bilen möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Şeýle-de Pakistan halkara karz berijileri çekmek üçin TOPH taslamasyna goýlan daşary ýurt maýa goýumlaryny goramak baradaky kanuny kabul etmegi meýilleşdirýär.
    «Türkmengaz» döwlet konserni daşary ýurtlaryň nebit we gaz kompaniýalary bilen TOPH taslamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmak, taslamanyň çeşmesi bolan dünýäniň iň uly gaz ýataklaryndan biri «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmegi barada gepleşikleri geçirýär. Gazy iberiji bilen kabul ediji döwlet hökmündäki Pakistanyň arasyndaky ylalaşyk boýunça gepleşikler hem tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar diýip, M.Amanow belledi.
    M.Amanow Türkmenistanyň daşary ýurtly maýa goýujylar bilen has ýakyn hyzmatdaşlyk arkaly taslamanyň durmuşa geçirilişini çaltlaşdyrmaga taýýardygyny aýtdy. Häzirki wagtda ileri tutulýan meseläniň, gaz geçirijiniň Türkmenistanyň serhedinden Hyrada çenli böleginiň gurluşygydygy bellenildi. Bu Owganystana gazyň iberilişini başlamaga mümkinçilik berer we maýa goýujylaryň taslama bolan ynamyny artdyrar.
    Mundan başga-da, forumyň çäginde «Caspian Logistic Solutions» holdinginiň başlygynyň orunbasary Rifat Soltan-zade çykyş edip, ol Azerbaýjanyň hususy kompaniýalarynyň Türkmenistana maýa goýmaga taýýardygyny mälim etdi. Hususan-da, ol Türkmenistanyň çäginden geçýän täze ulag ýollaryny ösdürmek üçin birnäçe çemeleşmäni gözden geçirmegi teklip etdi. Olaryň hatarynda Owganystanyň we Pakistanyň, şeýle hem Eýranyň üsti bilen Azerbaýjanyň ulag taslamasy — Zangezur geçelgesi bilen baglanyşykly täze ugurlary bar.
    Türkmenistan Hökümeti tarapyndan daşky gurşaw we howa taslamalaryny ösdürmegiň meýilnamalarydyr strategiýasyny göz öňünde tutup, holdingiň başga bir wekili «AZCHEMCO» kompaniýasynyň mineral dökünleri öndürijiler hem-de Türkmenistanda suwuk we beýleki dökünleri öndürmek üçin maýa goýumlary boýunça hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi. Forumyň çäginde «Rysgally zähmet» hususy kärhanasy bilen Azerbaýjanyň «AZCHEMCO» kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekildi.
    Jemläp aýdanymyzda, örän işjeň ýagdaýda geçen Pariž forumy Türkmenistanyň energetika serişdelerini dünýä bazaryna çykarmaga gyzyklanma bildirýän maýa goýujylaryň örän köpdügini ýene bir gezek mälim etdi. Bu forumyň şeýle maýadarlar üçin öz maýalaryny Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagyna gönükdirmäge güýçli itergi berendigi ikuçsuzdyr. Munuň şeýledigini ýakyn geljekde amala aşyryljak uly taslamalar arkaly öz gözümiz bilen göreris. Olar bolsa hem ýurdumyzyň gülläp ösüşine, hem adamzadyň abadan durmuşyna saldamly goşant bolar.

    Mätgurban MÄTGURBANOW,
    TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň
    halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby, «Biznes reklama».

    Çeşme: "Biznes reklama" gazeti - 29.04.2024 ý. // https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/50/articles/146511

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI