30/11/-0001
2167
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda bilim ulgamynda gazananlary
«Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly
çeper-publisistik makalalar bäsleşigine
Şöhratly geçmişimize ser salsak, halkymyz asyrlarboýy özygtyýarly, demokratik, hukuk we dünýewi Türkmen döwletini gurmak barada arzuw edip geldi. 1991-nji ýylyň altyn güýzünde ata Watanymyz Türkmenistan özüniň syýasy Garaşsyzlygyny, döwlet özygtyýarlylygyny yglan etdi. Şol döwürde kabul edilen «Türkmenistanyň garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» konstitusion kanunynda ýurdumyzyň dünýäniň beýleki döwletleri bilen deňhukukly we özara peýdaly gatnaşyklary amala aşyrjakdygy baradaky düzgünler kanun bilen berkidildi. Ýurdumyzdaky ýene bir möhüm ädimleriň biri Hökümet tarapyndan 1991-nji ýylyň 26-njy oktýabryndan Türkmenistanyň Garaşsyzlygy hakynda mesele boýunça ählihalk referendumy geçirildi, şonda ýurduň ilatynyň 94%-i garaşsyzlyga ses beripdi.
Taryh üçin ujypsyzja bolan Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk taryhynyň dowamynda Türkmenistan döwletimizde ylym-bilim ulgamynda hem uly üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzda sanlyja ýyllaryň dowamynda bu ulgamda birnäçe meýilnamalaýyn işler durmuşa geçirildi. Olaryň ählisinde dünýäniň iň öňdebaryjy tehnologiýalaryny durmuşymyza ornaşdyrmak we ondan doly derejede baş çykaryp bilýän ýaş hünärmenleri ýetişdirmek baş maksat bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz hem bu barada öz çykyşlarynyň birinde şeýle belläp geçýär: “Biziň esasy wezipämiz halkyň taryhyny bilýän, häzirki döwrüň ýokary üstünliklerine buýsanýan we Garaşsyz Türkmenistanyň şöhratyny artdyrmaga çalyşýan hakyky watançylaryň nesillerini ösdürmekden ybarat.” Elbetde, munuň özi ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, dünýä ýüzünde türkmeniň adyny şöhratlandyrýan kämil, watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin örän uly aladalaryň edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň bilim ulgamyndaky ilkinji başlangyçlarynyň biri hem 1993-nji ýylda kabul edilen “Bilim hakyndaky” we 1990-njy ýylyň 28-nji maýynda kabul edilen “Dil hakyndaky” Kanun esas bolup durýar. Şeýlelikde, türkmen milli elipbiýi 1996-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda ulanylyşa girizildi. Mundan başga-da, 2009-njy ýylyň 15-nji awgustynda “Bilim hakynda” Kanuna gol çekildi. Bu bolsa ýurdumyzda bilim ulgamyny düýpli gowulandyrmakda ähmiýetli çäreleriň biri boldy. Ýene-de durmuşa geçirilen möhüm çäreleriň biri hem ýurdumyzda 12 ýyllyk umumy orta bilime geçmek boýunça Konsepsiýanyň tassyklanmagydyr. Şeýlelikde, 2013-2014-nji okuw ýylyndan başlap, Türkmenistanyň orta mekdeplerinde 6 hem-de 7 ýaşly çagalar okuwa kabul edilip başlandy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylda Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020-2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň maksatnamasyny hem-de Türkmenistanyň himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny kabul etdi. Şeýle hem 2019-njy ýylda möhüm bir waka “Bilim we sport” halkara sergisi we ylmy konferensiýasy boldy. Bu ylmy konferensiýada ministrlikleriň, öňdebaryjy bilim, sport institutlarynyň, halkara guramalaryň 120-ä golaý wekilleri ýygnandy. Belgiýada 2019-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň komitetiniň bilelikdäki 18-nji ýygnagy geçirildi. Bu ýygnakda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa üçin täze strategiýasynyň işlenilip düzülýän döwründe göz öňüne tutulan dürli ugurlardaky gatnaşyklary gowulaşdyrmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň dowamynda ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin täze strategiýasynyň çäginde türkmen tarapy başlangyç, orta we ýokary bilimi güýçlendirmegi teklip etdi. Şeýle hem, Ýewropa we Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary okuw jaýlarynyň arasynda alyş-çalyşlary we ýaş hünärmenler üçin tejribe alyşmak meýilnamalaryny güýçlendirmek maslahat berildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bilimde öňdebaryjy döwletleriň birine öwrüldi. Türkmenistan BMG-niň Ösüş üçin Ylym we Tehnologiýa Geňeşine 2017-2020-nji ýyllar aralygynda saýlanmagy hem, halkara ylym we bilim arenasynda döwletimiziň abraýyny artdyrýan üstünlikleriň biridir. Hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylyň 23-nji iýunynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda birnäçe möhüm resminamalara gol çekildi. Olaryň 3-si iki ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň arasynda bolup, ylym we bilim hyzmatdaşlygynyň türkmen-rus gatnaşyklarynda möhüm ornuny ýene bir gezek tassyklaýar. Mundan başga-da, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ýurdumyzda birnäçe ýokary okuw jaýlary açylyp ulanylmaga berildi.
Mähriban Arkadagymyzyň Permany bilen 2008-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty döredildi. Aşgabadyň binagärlik keşbine öz gözelligi bilen görk berýän institutyň täze binalar toplumy 2011-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda açylyp ulanylmaga berildi. Institutda jemi alty kafedra hereket edip, daşary ýurt syýasat ulgamy boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýan “Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa”, “Halkara hukugy”, “Halkara ykdysady gatnaşyklary” we “Halkara žurnalistikasy” hünärlerinden ybarat. Şeýle hem, ýurdumyz birnäçe bilim edaralary, daşary ýurtdaky ýokary okuw jaýlary bilen hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Şol sanda, 2008-nji ýylda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Horwatiýa Respublikasynyň Daşary işler we Ýewropa integrasiýasy ministrliginiň Diplomatik akademiýasynyň, 2012-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasy bilen, şeýle hem başga-da birnäçe daşary ýurtdaky abraýly ýokary okuw jaýlary bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamalara gol çekildi. Mundan başga-da, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti hem Hormatly Prezidentimiziň permany esasynda 2014-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda açylyp ulanylmaga berildi. Bu ýokary okuw jaýynda 14 sany ugurlar boýunça ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýarlar. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Ýaponiýadaky Tokia Daşary işler uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2013-2015-nji ýyllarda şertnama baglaşylýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzdaky beýleki ýokary okuw jaýlary bilen hem daşary ýurtlardaky abraýly ýokary okuw jaýlarynyň arasynda yzygiderli hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar. Şeýle hem, ýurdumyzyň käbir ýokary okuw jaýlary, şol sanda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Türkmen döwlet maliýe instituty, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Türkmenistanyň inžener tehniki we ulag kommunikasiýalar instituty we Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika instituty hojalyk hasaplaşygyna geçirildi.
Milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň, gollanmalaryň we ylmy-usulyýet ugurlary kämilleşdirilýär. Sanly bilim ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Gahryman Arkadagymyzyň Kararyna laýyklykda, Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň döredilmegi bilen bir hatarda, “Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020-2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasy” hem-de “ Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” tassyklanyldy. Şeýle hem häzirki wagtda ýurdumyzda tebigy, takyk we ynsanperwer ylymlary hem-de daşary ýurt dillerini öwrenmek ulgamynda ýöriteleşdirilen mekdepleriň 184-si hereket edýär. Ýurdumyzda 2020-nji ýylda ýokary okuw we orta hünär okuw mekdeplerine talyplary kabul etmegiň meýilnamasyna laýyklykda, 2020-2021-nji okuw ýylynda 14 müň 337-si birinji ýyl talyby boldular. Orta hünär okuw mekdeplerine 9 müň 490 okuwçy kabul edildi.
«Türkmenistanda 2020 — 2025-nji ýyllarda çaganyň irki ösüşi we olaryň mekdebe taýýarlygyny ýokarlandyrmak babatda mekdebe çenli çagalar edarasynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasy» ýaly milli bilim ulgamyny özgertmek boýunça Hormatly Prezidentimiz tarapyndan kabul edilen örän wajyp resminamalar bar. 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Mähriban Arkadagymyzyň Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Mundan ugur alyp, sanly bilim ulgamy boýunça elektron bilim serişdeleriniň wirtual giňişligini ösdürmek üçin halkara «Moodle» portalyny döretmek we ondan peýdalanmaga gönükdirilen ýörite okuwlar geçirildi.
Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda ýurdumyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan okuwçylaryň we ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda ylym-bilim bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Olardan zehinli mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly döwlet ders bäsleşigini, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän döwlet ders bäsleşiklerini mysal hökmünde getirip bileris. Şeýle hem ýurdumyzda Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň goldaw bermeginde Bilim ministrligi tarapyndan guralýan «Ýylyň mugallymy», «Ýylyň terbiýeçisi» we «Ýylyň talyby» atly bäsleşikler hem ýylyň-ýylyna geçirilýär. Bu bolsa ylym-bilim ulgamynda zähmet çekýän işgärleri, talyplary täze döredijilik gözleglerine ruhlandyrýar.
Garaşsyzlyk biziň bagtymyzyň, joşgunly ýaşaýşymyzyň, eşretli durmuşymyzyň, bagtyýar geljegimiziň kepilidir. Şu pursatdan peýdalanyp, ähli türkmen halkymyzy, mähriban Arkadagymyzy toýlanýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Biz ýaşlara şu ajaýyp zamanda okamaga, öwrenmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza köp-köp sagbolsun aýdýarys. Mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan döwlet ähmiýetli, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Selbi MUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
Latest News
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI