05/07/2023
1264
Türkmenistan Yslam ösüş banky bilen halkara hyzmatdaşlygynda
Yslam ösüş banky 1973-nji ýylyň dekabrynda Yslam Konferensiýasy guramasynyň agza ýurtlarynyň Maliýe ministrleriniň arasynda geçirilen ilkinji maslahatynda döredildi. Onuň esasy maksady şerigatyň kanunlaryna, ýagny yslam hukugynyň ýörelgelerine esaslanýan agza ýurtlaryň we dünýädäki musulman jemgyýetleriniň durmuş-ykdysady ösüşine goldaw bermekden ybaratdyr. Yslam ösüş banky, resmi ýagdaýda öz işine 1975-nji ýylyň oktýabrynda başlady. Yslam ösüş bankynyň esasy wezipeleri we maksatlary şulardan ybaratdyr: durmuş özgertmeleriň ösüşini güýçlendirmek ýaly umumy maksatlara laýyklykda bu bank agza ýurtlarda döwlet bölegindäki taslamalary, şeýle hem hususy gurşawdaky önümçilik taslamalaryny maliýeleşdirmek işini amala aşyrýar. Ol ykdysady we durmuş düzümindäki taslamalary maliýeleşdirýär, agza ýurtlara tehniki taýdan goldaw berýär, şeýle hem önümçilik gurşawyna degişli daşary ýurt söwdasynyň öňe gitmegine ýardam berýär. Mundan başga-da, Yslam ösüş banky agza bolmadyk ýurtlardaky musulman jemgyýetlerine ýardam berýär we ýörite maksatly döredilen guramalaryň üsti bilen şerigatyň kanunlaryny yslam ykdysadyýetinde hem-de bank işinde ulanmagyň barlaglaryny alyp barýar. Yslam ösüş banky ssuda, lizing, nesýesine satmak, maýa goýumda gatnaşmak, maliýeleşdirmegiň we onuň şuňa meňzeş şerigatyň kanunlaryna laýyk gelýän maliýeleşdirmegiň birnäçe usullary arkaly agza ýurtlarda ösüş taslamalaryň birnäçesini maliýeleşdirýär. Yslam Konferensiýasy guramasynyň (OIK) agza ýurtlarynyň ählisi Yslam ösüş bankynyň agzasy bolmaga doly hukuk berlen ýurtlar hasaplanýar. Yslam ösüş bankynyň häzirki agzalygy 57 ýurtdan ybarat bolup durýar. Yslam ösüş bankynyň agzalygy dünýäniň dört, ýagny Afrika, Aziýa, Ýewropa we Latyn Amerikasy sebitlerine ýaýrandyr.
Türkmenistan bilen Yslam ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy binýadyny, Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda maýa goýumlar babatda örän aýdyň syýasat alnyp barylýar. Şu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistany Yslam ösüş banky bilen köp ýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Şol hyzmatdaşlygyň köklerinde ýurtda milli we halkara ähmiýetli taslamalaryň birnäçesi amala aşyryldy» diýen sözlerini ýatlamak ýerliklidir. Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklaýan Yslam ösüş bankynyň prezidenti Ahmed Muhammed Ali Al Madanin «Dünýäde dowam edýän maliýe çökgünligine garamazdan, Türkmenistan durmuş-ykdysady babatda durnukly ösüşini dowam etdirýärwe bu ugurlarda oňat öňegidişliklere garaşýarlar. Munuň üçin bolsa, ýurduň döwrebaplaşdyrylýan ykdysady kuwwaty, tebigy-energetiki serişdeleri geografik taýdan ýerleşişi giň mümkinçilikleri açýar» diýen sözleri biziň ýurdumyzyň maýa goýum gurbatyna berlen mynasyp bahadyr. Yslam ösüş bankynyň Dolandyryjylar geňeşiniň Aşgabatda geçirilen 34-nji ýyllyk duşuşygynyň netijeleri boýunça Yslam ösüş bankynyň agza ýurtlary türkmen ykdysadyýetine täze maýa goýumlaryny çekmek barada karara geldiler. Türkmenistanyň Yslam ösüş banky bilen dostlukly hyzmatdaşlygy goňşy ýurtlaryň ykdysadyýetinede täsir edýär. Bereket – Etrek – Gürgen ugry boýunça çekilen täze demir ýol magistraly Türkmenistan bilen bir hatarda Gazagystan Eýranyň ykdysadyýetiniň ösmegine hem oňaýly täsirini ýetirýär. Ýene-de bellibir bellemeli zat, Yslam ösüş bankynyň prezidenti Türkmenistanyň ykdysadyýetine serişde goýbermäge ymtylýan ähli maýadarlar bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyda öz ýurdumyzyň maýa goýumlary babatda barha abraýynyň artýandygynyň doly subutnamasydyr. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynda bu bank birnäçe ýyldan bäri Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Yslam ösüş banky we Utgaşdyryjy toparyň gaznalary bilen ösüş taslamalaryny maliýeleşdirmek babatda utgaşykly, özara hyzmatdaşlygy dowam etdirip gelýär. Türkmenistany daşaryykdysady taýdan ösdürmek boýunça milli Maksatnamanyň çäginde birnäçe wajyp taslamalary maliýeleşdirmäge goşmaça çeşmeleri hem çekildi. Saud ösüş gaznasynyň ýardamy bilen Aşgabatdaky we Daşoguzdaky keselleri anyklaýyş (diagnostika) merkezleriniň tehniki enjamlaşdyrylyşy maliýeleşdirildi. Abu-Dabi ösüş gaznasy bolsa, Aşgabatdaky Newrologiýa merkeziniň gurluşygyny we Arçman şypahanasynyň abatlaýyş işleriniň maliýeleşdirilmegine, dünýäde iň tanymal gaznalaryň biri bolan OPEK gaznasy Mary şäherindäki Diagnostika merkeziniň gurluşygynyň we Balkan welaýatynyň suw üpjünçilik taslamasynyň, Arap ykdysady ösüşiniň Kuweýt gaznasy Tejen – Mary awtomobil ýolunyň böleklerinde abatlaýyş işleriniň maliýeleşdirilmegine gatnaşdy. Bu halkara derejesindäki abraýly maliýe guramalary bilen işewür gatnaşyklary giňeltmäge ýardam berjek uly ähmiýetli çärede ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň durmuş gurşawynyň kämilleşdirilmegine, ulag kommunikasiýa we senagat düzümleriniň, telekommunikasiýalar böleginiň döwrebaplaşdyrylmagyna, syýahatçylyk pudagynyň, hususan-da «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň, şeýle hem ykdysadyýetiň hususy gurşawynyň ösdürilmegine gönükdirilen maýa goýum taslamalary hödürläp, saglygy goraýyş, bilim, ulag, gurluşyk gurşawynda üstünlikli durmuşa geçirilýän taslamalaryň birnäçesi, şeýle hem ykdysadyýetiň hususy bölegini ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalar Türkmenistanyň Yslam ösüş banky bilen köp ýyllyk netijeli we işjeň hyzmatdaşlygynyň nusgasy boldy Transmilli Demirgazyk–Günorta demir ýol magistralynyň gurluşygy Türkmenistanda Yslam ösüş bankynyň gatnaşmagynda amala aşyrylan möhüm taslamalaryň biridir. Diş merkeziniň, Mollagarada 600 orunlyk palçyk bilen kesel bejeriş merkeziniň, infuzion ergini öndürýän zawodyň gurulmagy we enjam bilen üpjün edilmegi, Awaza sagaldyş merkeziniň gurulmagy, enjamlaşdyrmak we synag önümçilik merkeziniň gurluşygy ýaly taslamalary, Daşoguzyň howa menzilinde uçuşlary üpjün edýän enjamlary gurmak bilen, uzynlygy 3500 metrden ybarat bolan uçuş-gonuş zolagynyň gurluşygynyň, Tejen–Babadaýhan, Serdar–Magtymguly, Daşoguz–Köneürgenç, Türkmenabat–Daşoguz, Mary–Serhetabat ugurlar üçin optiki süýümli aragatnaşyk torunyň satyn alynmagy we getirilmegi, «Awazada» medeni – tomaşa merkeziniň gurulmagy, Balkanabat şäherini we oba ýerlerini suw bilen üpjün etmek üçin ýasama kölüň gündogar böleginiň özleşdirilmegi, Türkmenistanyň bank ulgamynyň kiçi we orta kärhanalary goldamak üçin maliýeleşdirmegiň umumy ulgamynyň taslamalary maliýeleşdirildi. 2010-njy ýylda Aşgabada gelen Yslam ösüş bankynyň prezidenti Ahmed Muhammed Ali Al Madaniň gatnaşmagynda Gyzylgaýa–Bereket–Etrek böleginiň gurluşygynyň taslamasyny maliýeleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Yslam ösüş bankynyň arasynda «Istisna ylalaşygyna» we «Istisna Ylalaşygyny durmuşa geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Hökümeti bilen Yslam ösüş bankynyň agentliginiň arasyndaky ylalaşygyna gol çekildi. Şol taslamanyň amala aşyrylmagynda, Demir ýol ulaglary ministrligine Gyzylgaýa–Bereket–Etrek demir ýolunyň goşmaça we sowma ýollaryny goşmak bilen, uzynlygy 325 kilometre deň bolan Bereket–Etrek böleginiň we Bereket stansiýasynda lokomatiw deposynyň taslamasyny düzmek we olary ulanmaga doly taýýar edip gurmak barada Eýran Yslam Respublikasynyň «Pars Energy» kompaniýasy bilen, goşulan baha üçin salgyt hasaba alnanda umumy bahasy 696 million amerikan dollary bahasy bolan şertnamalar baglaşyldy. Türkmenistanyň YÖB bilen bu ugurdaky işjeň hyzmatdaşlygynda eziz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşlerinde uly orun eýelejekdigi ikuçsuzdyr. Türkmenistan 1994-nji ýylyň noýabrynda Yslam ösüş bank toparynyň agzasy boldy. Şondan bäri bank toparynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürildi.
2023-nji ýylyň 30-nji iýunynda Saud Arabystan Patyşalygyna saparynyň dowamynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Yslam Ösüş bankynyň Prezidenti Ahmed Mohammed Ali Al Madani bilen ýokary derejede gepleşik geçirdi. Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň ykdysady ulgamda Yslam Ösüş banky bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýandygy bellenildi. Şeýle-de umumadamzat ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek boýunça maýa goýum hyzmatdaşlygynda bilelikde işleri ýerine ýetirmek babatda birnäçe teklipler beýan edildi. Yslam Ösüş bankynyň Prezidenti häzirki wagtda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde örän uly sepgitleriň gazanylýandygyny aýratyn belledi. Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz golaýda özüniň ýazyp tamamlan we çapdan çykan «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabyny hem-de Arkadag şäheriniň açylyşy bilen bagly neşir edilen «Arkadag şäheri – geljegiň şäheri» atly kitaby Yslam Ösüş bankynyň Prezidentine sowgat berdi. Ahmed Mohammed Ali Al Madani pursatdan peýdalanyp, ajaýyp kitaplar üçin özüniň çuňňur hoşallygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyza "Yslam Ösüş Banky we Doktor Ahmad Mohammad Ali Institutyň taryhy we onuň Prezidentiniň ýoly” atly kitabyny sowgat berdi.
Perhat Çaryýew,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy.
Latest News
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI