08/10/2024
468
Türkmenistan — Bütindünýä Söwda Guramasy: hyzmatdaşlygyň ygtybarly nusgasy
Bütindünýä Söwda Guramasy — halkara ykdysady gurama bolup, ol 1995-nji ýylda agza döwletleriň arasynda halkara söwdany düzgünleşdirmek we söwda syýasy gatnaşyklary sazlamak maksady bilen döredildi.
Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimifizi diwersifikasiýalaşdyrmak we innowasion senagaty kemala getirmek babatda ýurdumyzda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu ugurdaky işler daşary ýurtly hyzmatdaşlar, hususan-da, halkara guramalar bilen gatnaşyklaryň çäklerinde gazanylýan ylalaşyklar esasynda has-da netijeli alnyp barylýar. Ýurdumyz halk hojalygynyň pudaklaryny ösdürmek we sanly tehnologiýalara daýanýan ykdysadyýetiň binýadyny tutmak arkaly halkara ykdysady gi ňi ş l i ginde eýeleýän ygtybarly ornuny berkitmäge çalyşýar. Muňa Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen yzygiderli ösdürilýän gatnaşyklary aýdyň şaýatlyk edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň esasynda Türkmenistan bilen Bütindünýä Söwda Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklar täzeçe many-mazmuna eýe boldy. Dünýä ykdysadyýetine çalt depginler bilen goşulmak, bazar gatnaşyklaryny halkara hukugyna laýyklykda ýola goýmak maksady bilen, 2013-nji ýylda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet topary döredildi. Topar tarapyndan BSG bilen hyzmatdaşlygyň milli bähbitlerimize laýyk gelýän ähli ugurlary içgin seljerilip, gurama agza ýurtlaryň agzalyk üçin talap edilýän köptaraplaýyn söwda ylalaşyklary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk resminamalary düýpli öwrenildi. Bu ugurda alnyp barylýan işlere täzeden itergi bermek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 15-nji iýulynda çykaran Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bol-magy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça ýokarda agzalan Hökümet toparynyň düzümi täzelendi.
Türkmenistan 2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş Geňeşinde synçy derejesine, 2022-nji ýylyň fewral aýynda bolsa, gurama goşulyşýan döwlet hökmünde «işjeň synçy» derejesine eýe boldy. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmak üçin zerur bolup durýan «Türkmenistanyň Daşary söwda düzgüni baradaky Ähtnamany» işläp düzmek maksady bilen, geçen ýylyň maý aýynda iş topary döredilip, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde BSG bilen hyzmatdaşlyk bölümi açyldy.
Ýurdumyzyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy bilen bagly meseleler «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» giňişleýin beýan edilýär. Agzalan resminamalaryň ählisinde Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen geljegi uly strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek we gurama agza döwletleriň bazaryna ýokary hilli milli harytlarymyzy çykarmak arkaly ýurdumyzyň ornuny berkitmek boýunça anyk wezipeler kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň çäklerinde Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşygynda Türkmenistanyň halkara durmuşyna işjeň gatnaşyjy döwlet hökmünde deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy, şol sanda gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny nygtady. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä ykdysadyýetiniň pandemiýadan soňky dikeldiş döwrüne gadam basylýan häzirki wagtda yzygiderli ösüşi gazanmak üçin has açyk, netijeli halkara ykdysady gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygyny öňe sürmegi, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge ygrarlydygyny subut edýär.
Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy ýurdumyzyň halk hojalygynyň geljekki ösüşine köptaraplaýyn täsir eder.
Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimizi köpugurly ösdürmek we innowasion tehnologiýalara esaslanýan senagaty kemala getirmek bilen bagly başlangyçlaryny nazara alsak, Bütindünýä Söwda Guramasyna agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde ösen döwletleriň tejribesiniň öwrenilmegi we iki taraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň çäklerinde kämil tehnologiýalaryň ykdysadyýetimize ornaşdyrylmagy ykdysady ösüş babatda täze mümkinçilikleri döreder. Munuň özi täzeçil önümçilikleriň, hususan-da, tehnologiýalaryň önümçiliginiň düýbüniň tutulmagyna, eksportyň möçberiniň we ugurlarynyň artmagyna, importyň ornuny tutýan önümleriň ýurdumyzda öndürilmegine, milli harytlary dünýä bazarfilaryna çykarmagyň diwersifikasiýalaşmagyna hem-de halkara giňişliginde Türkmenistanyň tutýan ornunyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, 16-njy sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulyşmak boýunça departamentiň müdiri Maýk Osikawanyň ýolbaşçylygyndaky BSG-niň wekiliýeti bilen zerur bolan çäreleriň esasy tapgyrlaryny we meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen duşuşyk geçirdi. Onda taraplar Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasynyň agzalygyna girmeginiň taýýarlyk işleri hem-de ikitaraplaýyn gepleşikler we hyzmatdaşlyk üçin düýpli esas boljak resminamany — «Türkmenistanyň Daşary söwda düzgüni baradaky Ähtnamany» işläp düzmek babatda amala aşyrylmaly işler babatda pikir alyşdylar.
Duşuşykda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Bütindünýä Söwda Guramasynyň standartlaryna laýyk gelýän gerekli hukuk we ykdysady gurallaryň döredilmegini hem-de olaryň ornaşdyrylmagyny öz içine alýan içerki taýýarlyk çäreleriniň üstünde yzygiderli işleýär. Muňa bu meseleleri öwrenýän Pudagara hökümet toparynyň işi aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle işleriň netijesinde ýurdumyzyň agzalan gurama agza bolmagy ata Watanymyz üçin ählumumy bazarlara erkin çykmaga mümkinçilik berip, daşary söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge täze ýollary açar. Munuň özi maýa goýum ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna, halkara maýa goýumlarynyň çekilmegine we durnukly ykdysady ösüşi gazanmaga mümkinçilik berer.
Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan milli ykdysadyýetimiziň işini has-da kämilleşdirmek, döwletimiziň içerki, sebit we dünýä çygryndaky söwda gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirýär. Şol sanda Bütindünýä Söwda Guramasy bilen alnyp barylýan gatnaşyklary işjeňleşdirmek ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň ýokary görkezijilerini gazanmaga, daşary söwda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge oňyn şertleri döreder. Bu bolsa ykdysadyýetimiziň ählitaraplaýyn ösmegine, BSG bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde dünýäniň ösen döwletleri hem-de beýleki halkara ykdysady gu-ramalar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berer.
Rahym BÄŞIMOW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.
Çeşme: "Biznes reklama" gazeti - 07.10.2024 ý. // https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/50/articles/166068