Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / TÜRKMENISTAN-BMG: ADAMZAT BÄHBIDINE GÖNÜKDIRILEN HYZMATDAŞLYK
    TÜRKMENISTAN-BMG: ADAMZAT BÄHBIDINE GÖNÜKDIRILEN HYZMATDAŞLYK surady
    15/12/2023

    930

    TÜRKMENISTAN-BMG: ADAMZAT BÄHBIDINE GÖNÜKDIRILEN HYZMATDAŞLYK

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz Türkmenistan Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn içeri we daşary syýasatynyň netijesinde bedew bady bilen öňe barýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygynyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine düýpli itergi berdi. Türkmenistan gysga wagtda halkara giňişliginde özboluşly daşary syýasatyny amala aşyrýan döwlet hökmünde özüni tanatdy. Daşary syýasatda bitaraplyk ýoluny saýlap alan döwletler halkara ýagdaýlarynyň parahatçylykly ösmegine möhüm goşant goşýarlar we döwletara gatnaşyklaryň mümkin boldugyça durnukly we howpsuz alnyp barylmagy üçin işjeň tagallalary alyp barýarlar.
    Halkara gatnaşyklarynda bitaraplyk syýasatynyň ençeme asyrlyk taryhy bolsa-da dünýä syýasaty barha çylşyrymlaşdygyça, onuň ähmiýetini peseltmeýär, gaýta parahatçylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk üçin niýetlenen täze mazmuna eýe bolýar. Bitaraplygy işjeň alyp barýan döwletler üçin has netijeli usullar we ugurlar açylýar. Munuň hut şeýledigini Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde öňe sürýän başlangyçlarynda has aýdyň görünýär. Ynha, şu tamamlanyp barýan 2023-nji ýylymyz hem dünýä jemgyýetçiliginde “2023-nji ýyl – Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýlip atlandyryldy we parahatçylykly gatnaşyklara giň ýollary açýan dialoga itergi berýän birnäçe möhüm çäreleriň amal edilmegine ýardam berdi.
    Muňa mysal edip, Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (COP-28) taryhy çykyş edip, metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara tagallalara saldamly goşant goşýan Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny hem-de howa meselelerini çözmek boýunça halkara guramalar, hyzmatdaş döwletler bilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini aýdypdy. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň howa boýunça Pariž ylalaşygyna goşulmagy bilen baglylykda birnäçe milli maksatnamalar kabul edildi. Bu ýerde, gürrüň, ekologiýa, energetika we ulag diplomatiýalary boýunça göz öňünde tutulan maksatnamalary tapgyrlaýyn durmuşa geçirmek hem-de peýdalanmak barada barýar. Şonuň üçin, hormatly Prezidentimiz öz taryhy çykyşynda ýokary derejeli köptaraplaýyn duşuşykda taýýarlanylan resminamalary, hususan-da, Howa we saglyk boýunça Jarnamany, Durnukly oba hojalygy, durnukly azyk ulgamlary we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça Emirlikler Jarnamasyny, şeýle hem birnäçe başlangyçlary, şol sanda Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça belent maksatly, köp derejeli hyzmatdaşlyk üçin “COP 28” koalisiýasyny döretmek hakyndaky başlangyjy goldady. Çünki, bu başlangyçlar ýer ýüzüniň bagtyýar we abadan geljeginiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygyny dowam etdirmelidigini aňladýar.
    Şunuň bilen baglylykda Gahryman Arkadagymyzyň uly meşhurlyga eýe bolan “Bitarap Türkmenistan” atly kitabynda: “Biz elbetde daşky dünýä täsir etmegiň esasy görnüşi hökmünde saýlap alan ilkinji döwlet däldiris. Ýöne meger hiç bir döwletde Bitaraplyk Türkmenistandaky ýaly işjeň hem öndümli güýji emele getirmeýär. Parahatçylykly gadamlarymyzy amala aşyrmakda Bitaraplyk biziň üçin iň wajyp ähmiýete eýedir. Bitaraplyk biziň üçin durmuşyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan işleriň möhüm esasy bolup hyzmat edýär” diýip belläp geçýär. Hakykatdanda biziň Watanymyzyň ýol ýörelgesi, ösüşleri kämil jemgyýetiň ynsan durmuşy baradaky iň döwrebap maksatlaryna laýyk gelýär. Biziň döwlet syýasatymyzda halkymyzyň bagtly ýaşamak baradaky arzuwlary ykrar edilýär we hut şu ugurdaky wezipelere orun berilýär.
    Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara bileleşikleri tarapyndan doly goldanylyp we dünýäniň abraýly halkara guramasy bolan BMG tarapyndan doly ykrar edilmegi, halkara bilermenleriň, syýasaty öwrenijileriň hem tassyklaýşy ýaly tutuş asyryň, diňe türkmen dünýäsiniň hem däl, häzirkizaman adamzat dünýäsiniň örän uly, örän möhüm wakasy boldy. Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň sebitde parahatçylygy saklamak we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça halkara tagallalaryna öňüni alyş diplomatiýasynyň tejribesinde aýdyň ýüze çykýar. Täze müňýyllygyň başynda halkara hyzmatdaşlygynyň has möhüm ugurlarynyň emele gelmegi bilen öňüni alyş diplomatiýasynyň derwaýyslygy has-da wajyp häsiýete eýe boldy.
    Döwletara gatnaşyklarynda jedelli meseleleri gepleşikler ýoly bilen çözmeklik, uruşlaryň we ýaragly çaknyşyklaryň öňüni almak, hoşniýetli araçylyk etmek babatynda Türkmenistanyň toplan tejribesi BMG derejesinde uly goldawa eýe boldy. 2007-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň teklibi boýunça we BMGniň Baş sekretarynyň çözgüdine laýyklykda BMGniň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit Merkeziniň Aşgabatda açylmagyny muňa mysal hökmünde getirmek bolar. Ýeri gelende bellesek, bu Merkez – BMG-niň diňe bir sebitde däl eýsem bütin dünýäde hem şu görnüşdäki ilkinji düzüm birligidir. Elbetde her bir sebitiň, her bir ýurduň we halkyň özboluşlylygy, öz aýratynlyklary, öz gymmatlyk ölçegleri bar.
    Türkmen halkynyň özboluşlylygyny bolsa aslyny ata babalarymyzdan alyp gaýdýan, türkmeniň ganyna siňen parahatsöýüji, hoşniýetli duýgularynda görmek bolar. Nusgawy şahyrlarymyz Mollanepes özüniň “Ner gezgin” atly goşgusynda
    Iki adam uruşsa, öter ýaly ýol berme,
    Birisine gep berip, ol birine al berme
    -diýip bellemek bilen parahat durmuşda ýaşamagyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň, dostlugyň durmuş esaslaryny aýdyň teswirleýär. Öňüni alyş diplomatiýasy hem taraplaryň arasynda agzalalyklaryň öňüni almak, öňden bar bolan dawalaryň açyk konfliktlere ulaşyp gitmeginiň öňüni almak, şeýle hem eýýäm ýüze çykan konfliktiň ýaýramagyny çäklendirmek bilen bagly diplomatik hereketleri öz içine alýar. Ynha, şu ýerde hem döwletleriň, halklaryň arasynda dialogyň zerurlygy ýüze çykýar. Medeni diplomatiýanyň, sport diplomatiýanyň, parlamentara dostluk toparlarynyň üsti bilen parahatsöýüjilikli başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutýan adamzat bähbitli işleri rowaç bolsun!

    Yslam ŞÜKÜROW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Gündogary öwreniş ugrunyň magistranty

    https://www.mfa.gov.tm/uploads/vBVaApDAwzrrrydvn6YcwxjOpERtW03a.pdf

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI