15/12/2023
630
TÜRKMENISTAN-BMG: ADAMZAT BÄHBIDINE GÖNÜKDIRILEN HYZMATDAŞLYK
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe ata Watanymyz Türkmenistan Hormatly
Prezidentimiziň alyp barýan oňyn içeri we daşary
syýasatynyň netijesinde bedew bady bilen öňe barýar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara
hyzmatdaşlygynyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň
ösmegine düýpli itergi berdi. Türkmenistan gysga
wagtda halkara giňişliginde özboluşly daşary syýasatyny
amala aşyrýan döwlet hökmünde özüni tanatdy. Daşary
syýasatda bitaraplyk ýoluny saýlap alan döwletler
halkara ýagdaýlarynyň parahatçylykly ösmegine
möhüm goşant goşýarlar we döwletara gatnaşyklaryň
mümkin boldugyça durnukly we howpsuz alnyp
barylmagy üçin işjeň tagallalary alyp barýarlar.
Halkara gatnaşyklarynda bitaraplyk syýasatynyň
ençeme asyrlyk taryhy bolsa-da dünýä syýasaty barha
çylşyrymlaşdygyça, onuň ähmiýetini peseltmeýär,
gaýta parahatçylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk üçin
niýetlenen täze mazmuna eýe bolýar. Bitaraplygy
işjeň alyp barýan döwletler üçin has netijeli
usullar we ugurlar açylýar. Munuň hut şeýledigini
Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde öňe
sürýän başlangyçlarynda has aýdyň görünýär. Ynha,
şu tamamlanyp barýan 2023-nji ýylymyz hem dünýä
jemgyýetçiliginde “2023-nji ýyl – Parahatçylygyň kepili
hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýlip atlandyryldy
we parahatçylykly gatnaşyklara giň ýollary açýan
dialoga itergi berýän birnäçe möhüm çäreleriň amal
edilmegine ýardam berdi.
Muňa mysal edip, Hormatly Prezidentimiziň
Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilen Birleşen
Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky
Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji
maslahatynda (COP-28) taryhy çykyş edip, metanyň
zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara tagallalara
saldamly goşant goşýan Türkmenistanyň Ählumumy
metan borçnamasyna goşulýandygyny hem-de howa
meselelerini çözmek boýunça halkara guramalar,
hyzmatdaş döwletler bilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam
etdirjekdigini aýdypdy. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň
howa boýunça Pariž ylalaşygyna goşulmagy bilen
baglylykda birnäçe milli maksatnamalar kabul
edildi. Bu ýerde, gürrüň, ekologiýa, energetika we
ulag diplomatiýalary boýunça göz öňünde tutulan
maksatnamalary tapgyrlaýyn durmuşa geçirmek
hem-de peýdalanmak barada barýar. Şonuň üçin,
hormatly Prezidentimiz öz taryhy çykyşynda ýokary
derejeli köptaraplaýyn duşuşykda taýýarlanylan
resminamalary, hususan-da, Howa we saglyk boýunça
Jarnamany, Durnukly oba hojalygy, durnukly azyk
ulgamlary we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek
boýunça Emirlikler Jarnamasyny, şeýle hem birnäçe
başlangyçlary, şol sanda Howanyň üýtgemegine garşy
göreşmek boýunça belent maksatly, köp derejeli
hyzmatdaşlyk üçin “COP 28” koalisiýasyny döretmek
hakyndaky başlangyjy goldady. Çünki, bu başlangyçlar
ýer ýüzüniň bagtyýar we abadan geljeginiň bähbidine
halkara hyzmatdaşlygyny dowam etdirmelidigini
aňladýar.
Şunuň bilen baglylykda Gahryman Arkadagymyzyň
uly meşhurlyga eýe bolan “Bitarap Türkmenistan” atly
kitabynda: “Biz elbetde daşky dünýä täsir etmegiň
esasy görnüşi hökmünde saýlap alan ilkinji döwlet
däldiris. Ýöne meger hiç bir döwletde Bitaraplyk
Türkmenistandaky ýaly işjeň hem öndümli güýji
emele getirmeýär. Parahatçylykly gadamlarymyzy
amala aşyrmakda Bitaraplyk biziň üçin iň wajyp
ähmiýete eýedir. Bitaraplyk biziň üçin durmuşyň ähli
ugurlarynda amala aşyrylýan işleriň möhüm esasy bolup
hyzmat edýär” diýip belläp geçýär. Hakykatdanda biziň
Watanymyzyň ýol ýörelgesi, ösüşleri kämil jemgyýetiň
ynsan durmuşy baradaky iň döwrebap maksatlaryna
laýyk gelýär. Biziň döwlet syýasatymyzda halkymyzyň
bagtly ýaşamak baradaky arzuwlary ykrar edilýär we
hut şu ugurdaky wezipelere orun berilýär.
Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň, Türkmenistanyň
Bitaraplygynyň halkara bileleşikleri tarapyndan doly
goldanylyp we dünýäniň abraýly halkara guramasy
bolan BMG tarapyndan doly ykrar edilmegi, halkara
bilermenleriň, syýasaty öwrenijileriň hem tassyklaýşy
ýaly tutuş asyryň, diňe türkmen dünýäsiniň hem däl,
häzirkizaman adamzat dünýäsiniň örän uly, örän
möhüm wakasy boldy. Türkmenistanyň hemişelik
bitaraplygynyň sebitde parahatçylygy saklamak
we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça halkara
tagallalaryna öňüni alyş diplomatiýasynyň tejribesinde
aýdyň ýüze çykýar. Täze müňýyllygyň başynda
halkara hyzmatdaşlygynyň has möhüm ugurlarynyň
emele gelmegi bilen öňüni alyş diplomatiýasynyň
derwaýyslygy has-da wajyp häsiýete eýe boldy.
Döwletara gatnaşyklarynda jedelli meseleleri
gepleşikler ýoly bilen çözmeklik, uruşlaryň we ýaragly
çaknyşyklaryň öňüni almak, hoşniýetli araçylyk etmek
babatynda Türkmenistanyň toplan tejribesi BMG
derejesinde uly goldawa eýe boldy. 2007-nji ýylyň
dekabrynda Türkmenistanyň teklibi boýunça we BMGniň Baş sekretarynyň çözgüdine laýyklykda BMGniň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy
boýunça sebit Merkeziniň Aşgabatda açylmagyny
muňa mysal hökmünde getirmek bolar. Ýeri gelende
bellesek, bu Merkez – BMG-niň diňe bir sebitde däl
eýsem bütin dünýäde hem şu görnüşdäki ilkinji düzüm
birligidir. Elbetde her bir sebitiň, her bir ýurduň we
halkyň özboluşlylygy, öz aýratynlyklary, öz gymmatlyk
ölçegleri bar.
Türkmen halkynyň özboluşlylygyny bolsa aslyny
ata babalarymyzdan alyp gaýdýan, türkmeniň ganyna
siňen parahatsöýüji, hoşniýetli duýgularynda görmek
bolar. Nusgawy şahyrlarymyz Mollanepes özüniň “Ner
gezgin” atly goşgusynda
Iki adam uruşsa, öter ýaly ýol berme,
Birisine gep berip, ol birine al berme
-diýip bellemek bilen parahat durmuşda ýaşamagyň,
hoşniýetli gatnaşyklaryň, dostlugyň durmuş esaslaryny
aýdyň teswirleýär. Öňüni alyş diplomatiýasy hem
taraplaryň arasynda agzalalyklaryň öňüni almak,
öňden bar bolan dawalaryň açyk konfliktlere ulaşyp
gitmeginiň öňüni almak, şeýle hem eýýäm ýüze
çykan konfliktiň ýaýramagyny çäklendirmek bilen
bagly diplomatik hereketleri öz içine alýar. Ynha, şu
ýerde hem döwletleriň, halklaryň arasynda dialogyň
zerurlygy ýüze çykýar. Medeni diplomatiýanyň, sport
diplomatiýanyň, parlamentara dostluk toparlarynyň
üsti bilen parahatsöýüjilikli başlangyçlary öňe sürýän
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň tutýan adamzat bähbitli
işleri rowaç bolsun!
Yslam ŞÜKÜROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Gündogary öwreniş ugrunyň magistranty
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI