622
Türkmen halkynyň taryhy-parahatçylygy dörediji diplomatiýanyň nusgasy
Türkmen halkynyň gadymyýete ýaň salan baý taryhy bardyr. Elbetde, halk içinde mälim bolan «Geçmişi bolmadygyň geljegi bolmaz» diýilmegi hem ýöne ýere däl. Gündogaryň meşhur akyldary Konfusiniň «Gadymylyga söýgi hem-de ynam bilen garaýaryn» diýen sözleri geçmiş mirasyna sarpaly garaýşy, ondan peýdalanmagyň zerurdygyny aňladýar. Sebäbi geçmişimize ser salyp, ondan sapak alyp netije çykarmak, geljege bolan garaýşymyzy has ynamly ýola alyp barýar. Çünki haýsy zaman parhy ýok, adamlar mydama parahat durmuşy isläpdirler. Parahatçylygy saklamakda bolsa diplomatiýanyň, diplomatik wekilleriň orny örän uludyr.
Aslyna seretsek, türkmen halkymyza mahsus bolan, gadymyýetden aşyp häzirki günlerimizde hem giňden ulanylýan şeýle bir däp bar bolup, ol hem töwellaçylykdyr. Sebäbi, adamlaryň arasynda dörän düşünişmezligi aradan aýyrmagyň esasy ýoly hökmünde töwellaçylyk etmegiň ähmiýetine uly orun berilýär. Töwellaçylyk däbi asyrlaryň dowamynda kämilleşip, halkymyzyň medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülipdir. Töwella etmeklik söze, pähime daýanyp, ylalaşyga gelinmegini aňladýar. Halkymyzyň bu däbi parahat, gowy durmuşy gorap saklamagyň esasy guralyna, adamkärçiligiň asylly ýörelgeleriniň birine öwrülendir.
Şeýlelik bilen diplomatiki çözgüt bar bolan wagtynda, güýç ulanmak syýasaty soňraky orunda galypdyr. Aslynda töwellaçylyk — diplomatiýa, ylmy taýdan ýüze çykmazyndan ozal halk içinde giňden ulanylan usulydyr. Sebäbi iň bärkisi ata-babalarymyz duşman howpy abananda derrew ýaraga ýapyşmagyň deregine, özleriniň diplomatik wekillerini ugradyp, gan dökmekligiň öňüni almaklyga çalşypdyrlar. Şu ýerde bir zady nygtap geçesim gelýär, ol hem hormatly Arkadagymyz hem geçişi ýaly, nesilbaşymyz Oguz hanyň parahatçylykly ýörişleri barada taryhçylaryň ýazgylarynda saklanyp galypdyr. Ýagny, gadymy saklardan bolan Anaharsisiň: «... biz ýaraglarymyzy başga biriniň garşysyna ulanmak üçin edinmedik, biz olary gerek bolan ýerinde özümizi goramak üçin edindik» diýen pikiri hem doly tassyk edýär. Diýmek, asudalyk, parahatlyk türkmen halkynyň ganyna siňen häsiýetleriniň biridir.
Merdana ata-babalarymyzyň adamkärçilik kada-kanunlaryny belende göteren milli däp-dessurlary olaryň töwellaçylyk, arasyna tow düşen taraplaryň arasyndaky araçyllyk ornunyň hem pugtalanmagyna esas bolupdyr. Şunuň bilen baglylykda, Baýram han Türkmeniň pähimi hem-de ugurtapyjylygy Beýik Mogollar döwletiniň hökümdary Humaýunyň öz agalary bilen ýaraşdyrylmagyna täsirini ýetiripdir. XIII asyra degişli ýazgylarda aýdylýan şu sözlere hem üns beriň «Ýerliksiz uruşdan ýerlikli ýaraşyk ýagşy...Pikiriňizde bolmadyk zady ýüregiňiz bilen islemäň». Gaznawy türkmen döwletiniň hökümdarlarynyň biri bolan Mübärek şanyň şu sözlerinden görnüşi ýaly, abadançylyk ugrundaky tagallalaryň zerurdygy, ýaşaýşa weýrançylyk getirýän uruşlardan ýüz dönderip, rahatlyk hem parahatçylyk getirýän ýaraşyk, ylalaşyk gazanmagyň möhümdigi, şeýle-de hiç bir adamyň pikirinde uruş edip,üstünlik gazanmak meýliniň ýokdugy, sagdyn pikirleriň tersine gidip, nädogry ýola baş urmazlyk barada aýdylýar. Türkmen taryhynda Gowşut han, Atamyrat han, Nurberdi han, Amansähet serdar, Täçgök serdar, Hally batyr, Nepes serdar ýaly özleriniň ussat diplomatdyklaryny görkezen hanlar, begler, serdarlar ýaşap geçipdirler.
Taryhyň sahypalarynda, hiç bir ýaraga ýapyşylman, dutaryň owazynyň üsti bilen hem parahatçylygyň saklanan, duşmandan üstün çykylan ýerlere hem gabat gelinýär. Elbetde, gürrüň Şükür bagşy barada gidýär. Sebäbi Şükür agasyny boşatmak üçin, ençeme adamyň ölümine sebäp bolunmagyna, ýa-da obanyň bary-ýoguny syryp-süpürip, hana eltip berilmegine garşy bolýar. Özüniň ýeke gidip, agasyny dutar bilen azat etmegi maksat edinýär. Çekeleşikli bäsleşikden soň, Şükür bagşy uruşsyz öz agasyny duşman elinden halas edýär.
Şeýlelikde wagtyň geçmegi bilen gadymy döwletleriň arasynda diplomatiýa düşünjesi ýüze çykyp, diplomatik wekiller halkara sahnasynda peýda bolup başlapdyrlar. «Diplomatiýa» adalganyň söz hökmünde döreýşi soňky wagtlarda ýüze çykan bolsa-da, ýöne düşünje hökmünde mundan has öň hem bardygyna göz ýetirýäris. Şu ýerde, taryhda türkmen diplomatik wekiller nämäniň esasynda saýlandyka diýen gyzykly soragam ýüze çykýar. Diplomatiýada esasy agram söz baýlygy arkaly beýan edilýär we türkmençilikde aýdylyşy ýaly «Dagy-daşy ýel bozar,adam arasyny-dil», «Adamynyň özüne bakma, sözüne bak» diýlenidir. Şol sebäpli gadymy wagtlarda esasan diplomatik wekil saýlanlarynda dilewar, hemmetaraplaýyn düşünjeli, sowatly adamy göz öňünde tutulypdyr.
Durmuşda şeýle bir dilewar adamlar bolýar, şeýle adamlaryň diýýänlerine özüň hem berk ynanýarsyň. Dilewarlyk köp okap, köpi gören adamlarda ýüze çykýar. Şeýle adamlar il içinde hem arzyly adamlaryň biri bolýar. Seljuklaryň beýik weziri bolan we özüniň «Syýasatnama» atly meşhur eseri bilen taryha giren Nyzam al-Mülk özüniň bu kitabynyň «Ilçiler we olaryň edebi hakynda» diýen XXI babynda şeýle ýazýar: « Ilçi bolmak üçin şalaryň hyzmatynda bolan, dilewar, batyrgaý gürläp bilýän, ýöne az gepli, köp syýahat eden, her bir ylymdan baş çykarýan, ýatkeş, ätiýaçly, öz mertebesini bilýän, görk-görmekli bolmak gerekdir. Ilçi öz patyşasynyň beýik mertebesiniň we pähim-paýhasynyň aýnasydyr» diýip belläp geçýär.
Gahryman Arkadagymyzyň belläp geçişi ýaly, Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden ýurdumyzyň parahatçylygy, dost-doganlygy dabaralandyrýan oňyn Bitaraplyk ýoly saýlanyp alyndy. Bitaraplyk syýasatymyzyň netijesinde dünýäniň geosyýasy giňişliginde «Türkmenistan» atly parlak ýyldyzy döredi. Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryndaky orny we alyp barýan işleri ilki bilen türkmen döwletiniň daşary syýasatyna esaslanýar. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda hem ýurdumyz parahatçylygyň uly nusgasyny görkezdi. Ýagny Türkmenistanyň araçyllygy bilen, Aşgabatda geçirilen täjigara gepleşikleriň netijesinde 1992-nji ýyldan bäri dowam edip gelen raýatlyk urşunyň soňuna çykyldy. Bu ynsanperwer işde Türkmenistanyň tagallasyna BMG uly baha berdi.
Ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynda alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hem goňşy döwletler bilen gatnaşygy berkitmeklige gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň irginsiz tagallasy bilen Türkmenistanyň beýleki döwletler bilen araçägi dostluk, doganlyk serhedine öwrüldi. «Goňşy halyny goňşy biler»diýleni, türkmen döwleti goňşy döwletler bilen ysnyşykly ykdysady, syýasy, medeni gatnaşyklary ýola goýmak bilen çäklenmeýär. Goňşylaryň kyn güne düşen ýagdaýynda olara tizden-tiz kömege barmak-da ýurdumyzyň daşary syýasatynyň aýrylmaz bölegidir.
Türkmenistan parahatçylygy goramak, howpsuzlygy üpjün etmek boýunça daşary ýurtlar bilen işjeň syýasat alyp barýar. Gahryman Arkadagymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýan, çuňňur esaslandyrylýan başlangyçlary, ýagny parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, wajyp ykdysady we ynsanperwer meseleler boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşikleri ösdürmek ýaly möhüm ugurlarda konstruktiw özara hereketleriň hakyky mümkinçiliklerini görkezdi.
Häzirki wagtda ak şäherimiz Aşgabat dürli halkara maslahatlarynyň, netijeli duşuşyklarynyň we giňişleýin pikir alyşmalarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Eýýäm köp ýyllardan bäri paýtagtymyzda dürli halkara maslahatlaryň, forumlaryň, daşary ýurt wekilleriniň duşuşyklary geçirilip gelinýär. Garaşsyz, Baky Bitarap ýurdumyzyň häzirki wagtda dünýäniň abraýly guramalarynyň köp sanlysy bilen hyzmatdaşlyk edýär. BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet işleri baradaky guramasy ÝUNESKO, Çagalar gaznasy bolan ÝUNISEF, Daşky gurşaw maksatnamasy bolan ÝUNEP, Ilat gaznasy bolan ÝUNFPA, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk guramasy, Halkara walýuta gaznasy, Yslam Konferensiýasy guramasy we başgada birnäçe guramalar bilen gatnaşyk saklaýar we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürýär.
Türkmenistanyň parahat söýüjilige ýugrulan daşary syýasatynyň ugry «açyk gapylar» syýasatyna esaslanýar. Dünýä jemgyýetçiligi, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki iri halkara guramalary Türkmenistanyň möhüm başlangyçlaryny, sebit we has giň möçberdäki hyzmatdaşlyk boýunça tagallalaryny hem-de daşary syýasatda anyk ädimlerini goldaýarlar. Onuň aýdyň netijeleri hem biziň ýurdumyzyň teklibi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilýän çözgütlerde we halkara-hukuk resminamalarynda aýdyň görünýär.
2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni «diýip yglan etmek hakynda Rezolýusiýa kabul edildi. Şeýle ýokary halkara derejesindäki çözgüdiň kabul edilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň umumadamzat bähbitlerine laýyk gelýändigini we onuň hemişelik Bitaraplygynyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde wajyp orun tutýanlygyny subut etdi.
Diňe bir halkara gatnaşyklarymyzda syýasy,ykdysady babatda däl, eýsem sport hyzmatdaşlygy ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Halkara sport hyzmatdaşlygy ulgamynda, sport diplomatiýasynda esasy wezipeleriň biri, Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara giňişliginde sport ulgamynda alyp barýan syýasatyny we başlangyçlaryny durmuşa geçirmekden ybarat bolup durýar. Şeýlelikde, 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde 3-nji iýuny «Halkara welosiped güni» diýip yglan etmek baradaky kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Türkmenistanyň günsaýyn ösýän halkara hyzmatdaşlygynyň kämilleşdirilmegine ähmiýetli goşant goşdy.
Bitaraplyk, parahat söýüjilikli, özara bähbitli we birek-birege hormat goýmaklyga, goldamaklyga esaslanan hyzmatdaşlyk, halkara hukugynyň kadalaryna berk eýermeklik ýurdumyzyň daşary syýasy ugrunyň esasyny düzýär. Bu binýatlylyk esasda ýurdumyz halkara işlerine netijeli we döredijilikli çemeleşmeler arkaly gatnaşýar hem-de sebit we dünýä möçberinde parahatçylygyň,durnuklylygyň we howpsuzlygyň berkidilmegine ýardam edýär.
Goý, ýurdumyz parahat, abadan bolsun! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan her bir işi rowaçlyklara beslensin!
Şasenem Meýlisowa,
Mary welaýatynyň Mary şäheriniň
iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw dersleri
çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen
welaýat mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy.
Latest News
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI