
11/06/2024
823
Tehnologiýa pudagynyň ösen merkezi
Sanlylaşan dünýäde ýurtlaryň ýokary tizlikli internete eýe bolmagy wajyp meselä öwrüldi. Çünki internet ykdysadyýetiň islendik pudagynda ýüze çykan alysdaky meseleleri bir düwmäniň kömegi bilen çözmegiň hötdesinden gelýär. Şu nukdaýnazardan hem, ýurtlar internet tizligini ýokarlandyrmak, raýatlaryny internet bilen ýokary derejede üpjün etmek maksady bilen, ähmiýetli işleri durmuşa geçirýärler. Soňky ýyllarda internet tizligi boýunça Koreýa Respublikasy dünýäniň iň öňdebaryjysy bolmagy başardy. Häzirki wagtda ýurduň ilatynyň 90 göterimden gowragy internetden peýdalanýar. Bu bolsa, elbetde, ýurduň ykdysadyýetiniň, maglumat we aragatnaşyk tehnologiýasy bazarynyň gülläp ösmegine uly itergi berýär. Gazetimiziň şu sanynda maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösen merkezi hökmünde bilinýän Koreýa Respublikasynyň ykdysady kuwwaty hem-de mümkinçilikleri dogrusynda giňişleýin gürrüň etmegi makul hasapladyk.
Koreýa Respublikasynyň soňky 60 ýylda başdan geçiren ykdysady özgerişligi ýurduň global üýtgeşmelere çalt uýgunlaşmak ukyby bilen häsiýetlendirilýär. Geçen asyryň 60-njy ýyllarynda diňe oba hojalygyna esaslanýan ykdysadyýet innowasiýa goýlan oýlanyşykly maýa goýumlaryň hem-de amatly iş gurşawynyň döredilmegi netijesinde senagatlaşma gudratyny başdan geçirdi. Häzirki wagtda ýurt ýokary derejede ösen garyşyk ykdysadyýete eýe bolup, onuň jemi içerki önümi 1,72 trillion amerikan dollaryna deňdir. Halkara Pul Gaznasynyň soňky maglumatlaryna görä, ýurt jemi içerki önümi boýunça Aziýada 4-nji, dünýäde 14-nji ýerde durýar. Soňky ýyllarda Koreýa Respublikasy ykdysady güýjüni awtoulag, elektronika önümçiligi, maglumat tehnologiýasy ýaly ýokary derejede ösen pudaklara gönükdirýär. Hökümetiň ykdysady strategiýasy 1960 — 2019-njy ýyllar aralygynda ýurduň jemi içerki önüminiň ýyllyk ortaça 7,3 göterim ýokarlanmagyna ýardam berdi. Muňa garamazdan, 2020-nji ýylda dünýä ykdysadyýetini lerzana getiren pandemiýa sebäpli, ýurduň jemi içerki önüminiň ösüşi -1 göterime deň boldy. Bu 1998-nji ýyldan bäri hasaba alnan iň pes görkezijidir. Şeýle-de bolsa, Koreýa Respublikasynyň ykdysadyýeti «özüne gelmegi» başardy we 2021-nji ýylda ýurduň jemi içerki önüminiň 4 göterimlik ösüşi hasaba alyndy. Ýöne 2022-2023-nji ýyllarda ýurduň ykdysady ösüşi ýene pese gaçyp, degişlilikde, 2,6 we 1,4 göterime deň boldy. Halkara Pul Gaznasynyň hasabatyna laýyklykda, üstümizdäki ýylyň jemleri boýunça Koreýanyň ykdysadyýetiniň 2,2 göterim ösmegine, ilatyň jan başyna düşýän jemi içerki önüminiň 2027-nji ýylda 42 müň amerikan dollaryna deň bolmagyna garaşylýar. Ýeri gelende bellesek, hyzmatlar pudagy ýurduň ykdysadyýetiniň JIÖ-niň 63,6 göterimini, önümçilik pudagy bolsa JIÖ-niň 34,7 göterimini emele getirýär.
Ýurtda, esasan, saglygy goraýyş (lukmançylyk enjamlary, derman önümleri, biotehnologiýa), senagat himiýasy, maglumat tehnologiýasy (IT), ýarymgeçirijileriň önümçiligi, howa, energetika, daşky gurşaw tehnologiýasy, transport (gämi gurluşyk pudagyny dikeltmek hem girýär) pudaklaryna uly üns berilýär. Koreýa Respublikasynyň ykdysadyýeti dünýäde harytlaryň we hyzmatlaryň eksportuna garaşly senagat taýdan ösen ykdysadyýetli ýurtlaryň hatarynda bilinýär. Umuman alanyňda, ýokary hilli hyzmatlary we harytlary daşarky bazarlara çykarmagyň hasabyna ýurduň ykdysadyýetinde ýylsaýyn ýokary ösüş gazanylýar. Mysal üçin, 2024-nji ýylyň aprel aýynda ýurduň eksporty we importy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, degişlilikde, 13,3 we 4,77 göterim ýokarlandy. Has anyk aýtsak, şu ýylyň aprel aýynda Koreýa Respublikasynyň eksporty 56 milliard amerikan dollaryna, importy bolsa 54,7 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Netijede, ýurduň ykdysadyýetinde 1,28 milliard amerikan dollarlyk oňyn söwda balansy hasaba alyndy. Hasabat döwründe ýurt, esasan, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Hytaý, Wýetnam, Gonkong, Ýaponiýa, Awstraliýa, Saud Arabystany bilen söwda amallaryny alyp bardy.
Maglumat üçin, 2022-nji ýylda ýurt umumy bahasy 705 milliard amerikan dollaryna deň bolan haryt eksport edip, bu babatda dünýäniň 6-njysy boldy. 2017-nji ýylda bu görkeziji 601 milliard amerikan dollaryna deňdi. Şeýle-de şol ýyl importunyň umumy mukdary boýunça dünýäniň 10-njy döwleti boldy. Ýurduň esasy import önümlerine çig nebit, nebit gazy, arassalanan nebit, kömür degişlidir. Ýeri gelende bellesek, 2022-nji ýylda ýurduň söwdasy JIÖ-niň 80 göterimini düzdi.
***
Koreýa Respublikasynda hereket edýän kompaniýalaryň aglabasy önümçiliklerini awtomatik usulda alyp barmak we çykdajylaryny azaltmak maksady bilen, emeli aňdan peýdalanýarlar. Halkara maglumatlar korporasiýasynyň 2022-nji ýylda geçiren gözleglerine görä, ýurduň emeli aňy ornaşdyrmak üçin goýan maýa goýumynyň mukdary 2021-nji ýylda 824 million amerikan dollaryna deň boldy. Bu görkezijiniň 2025-nji ýylda 1,6 milliard amerikan dollaryna çenli ýokarlanmagyna garaşylýar. Belläp geçsek, ýurduň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýasy bazarynyň umumy bahasy 2022-nji ýylda 59,33 milliard amerikan dollaryna, 2023-nji ýylda bolsa 62,98 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Häzirki wagtda Koreýa Respublikasynyň hem-de dünýäniň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýasy bazarynyň ösmegine önjeýli goşant goşýan ýüzlerçe koreý kompaniýalary hereket edýär. Olaryň hatarynda «Samsung Electronics», «LG Electronics», «SK Hynix», «MagnaChip Semiconductor», «Hyundai Motor» kompaniýalaryny agzamak bolar.
«Samsung Electronics» kompaniýasy
«Samsung Electronicsiň» sanly metbugat, ýarymgeçiriji, telekommunikasiýa ulgamy, LCD sanly enjamlary öz içine alýan 4 bölümi bar. Kompaniýa «Sony», «Apple» ýaly tehnologiýa ägirtlerini litiý-ionly batareýalar we ýarymgeçirijiler ýaly elektron komponentler bilen üpjün edýär. 2002-nji ýyldan bäri «Samsung Electronics» dünýäniň iň öňdebaryjy LCD panelleri we telewizor öndürijisi hasaplanýar. 2022-nji ýylda kompaniýanyň global telewizor bazaryndaky paýy 30 göterime deň boldy. Häzirki wagtda «Samsung Groupyň» «Samsung Electronics», «Samsung Heavy Industries», «Samsung Fire & Marine Insurance», «Samsung Life Insurance» ýaly telekommunikasiýa, gämi gurluşygyna ýöriteleşen 230-dan gowrak golçur kärhanalary hereket edýär. 1969-njy ýylda esaslandyrylan köpmilletli ýarymgeçiriji we elektronika kompaniýasynyň söwda dolanyşygy 198,2 milliard amerikan dollaryna deňdir. Resmi maglumatlara görä, 2022-nji ýylda «Samsunga» degişli kärhanalaryň umumy girdejisi Koreýa Respublikasynyň jemi içerki önüminiň, takmynan, 22,4 göterimini emele getirdi. Hasabat ýylynda kärhanalar 486,4 trillion koreý wony möçberinde girdeji gazanyp, ilkinji gezek 400-lik sepgitden geçmegi başardylar. Dünýäniň 80 ýurdunda gurnama zawodlary we satuw torlary bolan «Samsung Electronicsiň» 2005 — 2023-nji ýyllar aralygynda halkara girdejisi has-da artdy. 2023-nji ýylyň jemleri boýunça kompaniýa 194 milliard amerikan dollary möçberinde girdeji gazandy. Ýeri gelende, kompaniýanyň global girdejisiniň, esasan, ABŞ-daky we Ýewropadaky bazarlaryndan gelýändigini bellemelidiris.
«Hyundai Motor» kompaniýasy
Ýylda 1,6 million sany awtoulag öndürmäge ukyply bolan «Hyundai Motor» kompaniýasy dünýäniň iň uly toplumlaýyn awtoulag önümçilik desgasyny dolandyrýar. «Hyundai» awtoulaglary 193 ýurtda 5000 diler we kompaniýanyň ýörite şahamçalary tarapyndan satylýar. «Bloombergiň» maglumatlaryna görä, «Hyundai» kompaniýasy «Toyoto Motor» we «Volkswagenden» soň önümçilik kuwwaty boýunça dünýäde 3-nji ýerde durýar. Kompaniýada umumylykda 75 müňden gowrak hünärmen zähmet çekip, olar tarapyndan krossowerleriň, gibrid, elektrik, wodorod, ýeňil söwda ulaglarynyň we jemgyýetçilik ulaglarynyň ýüzlerçe modeli öndürilýär.
«Hyundai Motor» kompaniýasy 2023-nji ýylyň 31-nji martynda tamamlanan çärýekde 2,649 milliard amerikan dollary möçberinde arassa girdeji gazandy. Bu görkeziji 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 108,94 göterim köpdür. 2022-nji ýylyň martyndan 2023-nji ýylyň martyna çenli dowam eden ýyllyk hasabata laýyklykda, kompaniýanyň arassa girdejisi 6,536 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Bu bolsa 2021-2022-nji ýylyň degişli döwrüniň görkezijisinden 206,81 göterim ýokarydyr.
Mälim bolşy ýaly, 2008-nji ýyldan bäri, Koreýa Respublikasynyň meşhur awtoulag öndürijisi «Hyundai» kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edip gelýär. 2008 — 2020-nji ýyllar aralygynda ýurdumyza ýokary rahatlykly we has gowulandyrylan howpsuzlyk şertleri bilen tapawutlanýan «Hyundai» awtobuslarynyň 1200-den gowragy gelip gowuşdy.
Türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary
Özara bähbitli hyzmadaşlyga esaslanýan türkmen-koreý gatnaşyklary soňky ýyllarda has netijeli häsiýete eýe bolýar. Muňa özara guralýan ýokary derejeli saparlar hem şaýatlyk edýär. Hususan-da, 2022-nji ýylyň noýabr aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde netijeli gepleşikleriň geçirilendigi, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň şu gün ýurdumyza döwlet sapary bilen gelendigi hem-de onuň çäklerinde birnäçe resminamalara gol çekmegiň meýilleşdirilýändigi hem muňa mysaldyr.
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy ugurlary hökmünde ýokary tehnologiýalaryň önümçiligini, maýa goýum, ulag we gämi gurluşyk pudaklaryny görkezmek bolar.
Jahantäç ÖWEZOWA,
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň