Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
        • PRESENTATION COMPETITION WAS HELD
    • International cooperation
      • Meetings
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
        • SCIENTIFIC-PRACTICAL CONFERENCE WAS HELD
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Explanatory Dictionary of Magtymguly / T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (G-II)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (G-II) surady
    11/07/2023

    917

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (G-II)

    Gaş çytmak – bir zatdan nägile bolup gaharlanmak, maňlaýyň ýygrylmagy, gamlanmak.

    Gamdan dolup galdy boşan başlarym,

    Göz ýumuldy, çytyldylar gaşlarym,

    Gurhan okap gezen deňi-duşlarym,

    Mal isteýip, çete baryp seç kyldy (Uç kyldy).

    Gaş kakmak – gaşyňy hereketlendirip yşarat etmek, duýgyňy bildirmek.

    Batyllary kör edip, batylsyzy batyl bilen,

    Gaş kakyp, göz güldürip, gör niçeler oýun kylan,

    Zatyna göwnün alyp, köp dostlary duşman kylan, Gollaryna jyza tutan, sözünde tir dünýädir (Dünýädir).

    Gawunyň ýagşysyn şagal iýer – “her bir zadyň gowusy erbet adama nesip eder, gowy zady erbet alar” diýmek.

    Her kim güýçli bolsa, oňa «pir» diýrler, «Dertli guluň dermanyny biýr» diýrler,

    «Gawunyň ýagşysyn şagal iýr» diýrler,

    Ykbally bendäniň paýy, gözel sen (Gözel sen).

    Gaýra göwün bermek – başga birini söýmek, öz ýaryňdan başgany gowy görmek, başgany halamak.

    Perhat Şirin bilen döwran sürmedi, Seýpelmelek gaýra göwün bermedi.

    Aşyk Tahyr Zöhre diýip durmady,

    Mahyma bagş etmeý güli, dünýä, heý (Dünýä heý).

    Gaýrat atynyň gaýra tesmegi – güýjüň, kuwwatyň, gujuryň peselmegi.

    Bendilikden boşadara bir gurbatym ýok meniň,

    Gaýrat aty gaýra tesip, ömri-de gojalypdyr (Ygtyýarym alypdyr).

    Gaýrat atyna münmek – edenli, edermen, güýçli, kuwwatly bolmak.

    Pany jahan şirin jany ýandyran,

    Nar üstüne ataşyny indiren,

    Rüstem Zaly gaýrat atna mündüren,

    Äşkär kylsam, biliň, ol Ispendiýar (Namys bilen ar).

    Gazap donuny geýmek – gazaby güýjemek, hetdenaşa gaharlanmak, gazaplanmak.

    Bu günüň hasaby geçer ferdaýa,

    Asmany sust eýlär, zemini zaýa,

    Gazap donun geýip geler derýaýa,

    Derýalar gorkuban, gurar, ýaranlar (Galar, ýaranlar).

    Gazap tagtyna çykmak – ser. Gazap donuny geýmek.

    Bu pelegiň gahry ýaman, çykar gazap tagtyna,

    Eýleýip täleýni şor, gussa gatarmyş bagtyna... (Yspyhanda tapylmaz).

    Genje depmek – baýlyk ýygnamak, mal-mülküň ugrunda hars urmak.

    Istär sen, älemi gapsaň,

    Karun bolup genje depseň,

    Halal, haram, her ne tapsaň,

    Gözüň ýumup, ýuwdajak sen (Ädejek sen).

    Gep açmak – gürrüňe başlamak, dymyşlygy bozmak, gepläp başlamak.

    Çölde howalanar mydam dag aşan,

    Öwüner, gep açar saly gartaşan,

    Zar eýleýip, magşugyna sataşan,

    Näzirgenip, ýar dolansa neýlesin (Galsa neýlesin).

    Gep urmak – birine bir zat diýmek, gürrüňe başlamak, lak atmak. Göwünler köşgünde bigam oturan, Ol onki kişidir ryswa jahandan.

    Aryp bolup, aklyn dünýä ýetiren,

    Gep urarmyş ýetmiş iki zybandan (Ryswa jahandan).

    Gile etmek – şikaýat etmek, zeýrenmek, närazyçylyk bildirmek.

    Rusyýa sen magşar güni Kerime,

    Taňry sogabyňdan alar jerime,

    Imansyz ten iýdip elter jehime,

    Gile eder senden janyň, gybatkeş (Gybatkeş).

    Gol açmak – elini sermek, dilemek, tamakin bolmak.

    Magtymguly, akyl başymdan uçdy,

    Ykbalym ýatypdyr, döwletim göçdi,

    Pir-kazylar para istäp, gol açdy,

    Haram eýle, emma berme puluňy (Görer gözüň-iliňi).

    Gol atyşmak – raýdaşlyk etmek, agzybirlikde gezmek.

    Şa bilen geda ikewe zulmy bir deň ýetişip,

    Zarly geçdi barça-bary gezmedi gol atyşyp,

    Möminleri dert bilen gezdi birewni tutuşyp,

    Kalbyda zähri katyldyr, daşy göwher dünýädir (Dünýädir).

    Gol bermek – ynanmak, sygynmak, hyzmat etmek, şägirtlige durmak.

    Yhlas bile bir kämile gol beren, Ýeter bir menzile, ýetmeýin galmaz.

    Derýa içre ýüzen, çöllerde ýören,

    Dem hasabyn tükel etmeýin galmaz (Ýetmeýen galmaz).

    Gol sermek – dilemek, tamakin bolmak, bir zat bermeklerini haýyş etmek, kömek soramak.

    Özün yrak taşlap sarwansyz mallar,

    Söküp gidipdirler köp uzak ýollar,

    Ummanda gark bolşup eýesiz sallar,

    Gol serip, aglaýyp galdy diýdiler (Saldy diýdiler).

    Gol urmak – 1. Ozüňe degişli bolmadyk zady eýelemek, almak, özüňe geçirmek. 2. Iş etmek, bir işi edip başlamak. 3. Birini gahar

    bilen urmak, ýençmek. 4. Aýal maşgalanyň namysyna degmek.

    Pyragy ýüz tutar türkmen iline,

    Duşman gol urmasyn gyzyl gülüne,

    Dostlar, bizem ahyretiň siline,

    Gark etmänkä, rakyp çapylsyn indi (Görülsin indi).

    Gol üzmek – bir zatdan araňy açmak, dänmek, taşlamak, saklanmak, gaýdyp ýanaşmazlyk, terk etmek.

    Hyýalym ýamandyr, şeýtandyr pälim,

    Destim ganat baglar, bentdir bu golum,

    Malym ýer ýuwutdy, keçdir ykbalym,

    Gol üzüp men bu jahanda malyňdan (Gutulmadym zulumyňdan).

    Gol ýetirmek – 1. Eliňi ýetirmek, eliňi şol ýere eltmek. 2. Gol garmak, namysyna degmek.

    Adam ogly, gelip pany jahana, Pelegiň golunda hary-zar bolduň.

    Dahan açyp, gol ýetirdiň zybana,

    Çoh sözlär sen, dile bir azar bolduň (Hary-zar bolduň).

    Gola almak – biriniň ýa-da bir zadyň erk-ygtyýaryna eýe bolmak, öz erkiňe boýun egdirmek, özüňe almak, hünäri, käri, tilsimi özleşdirmek, ökdelemek.

    Ýoldaş bolsaň dile düşmez mur bile,

    Ferş tapmaýyn, bile ýatsaň mar bile,

    Ýigrim alty keret, ýüz müň är bile,

    Karun hazynasyn gola aldym tut (Ýeldim tut).

    Gola düşmek – tutulmak, ele düşmek, saklanylmak.

    Meňli hanym, eýýamyňdan gorkup, bara bilmeý boldum,

    Göz bilen gara gaşyňdan gola düşüp, bendi boldum (Bendi boldum).

    Gola gelmek – bir zady edinmek, özüňki etmek, almak, gazanmak. Janda derdim sözlär boldum, Il-ulusym biler diýip.

    Ýiten ykbal ― gözlär boldum,

    Gaýdyp, gola geler diýip (Biler diýip).

    Gola getirmek – ser. Gola gelmek.

    Meý mest bolup, gelen günüm ötürsem,

    Hana arzym aýdyp, golum ýetirsem,

    Göwünde islegim gola getirsem,

    Gamda galan göwnüm döwrana geler (Amana geler).

    Gola ilmek – ser. Gola gelmek.

    Azaşanlar girse ýola,

    Köňül islän ilse gola,

    Gözi ýaşly Magtymgula

    Handan kylyp, baz eýlediň (Ýol etdi).

    Goldan gelmezlik – hötde gelmezlik, edip bilmezlik, başarmazlyk.

    Ýigit oldur – söze eýlese amal,

    Goldan gelmez işe etmese jedel,

    Allanyň emrine kylmagyl bedel,

    Bege – berim, şaha – adalat ýagşy (Delalat ýagşy).

    Goldan gitmek – aldyrmak, eliňden sypdyrmak, gidirmek.

    Goldan gidendir dessanym,

    Göýä tenden çykdy janym,

    Gözi ýaşly Meňli hanym,

    Ýüregim içre nar kyldy (Har kyldy).

    Goluny goşmak – goşulmak, el gatmak, el urmak.

    Pelek golun goşar dünýä baryna,

    Bagyrtlar, duş geler adam zoruna,

    Gör, Isgender, Jemşit düşdi toruna,

    Süleýman wepatdyr, Rüstem Zal galmaz (Päl galmaz).

    Goluňy götermek – 1. El üzmek, el çekmek, peýda-şerinden geçmek, arany açmak, taşlamak. 2. Ýygnakda, saýlawda ses bermek. 3. Işiniň şowuna bolmagy üçin pata bermek.

    Gel göwün, käriňden goluň götergil, Ne jepaga düşdüň akyl-huş bilen.

    Ýesiriň men, bu zulumdan gutargyl,

    Dyza çöküp, ýyglar boldum ýaş bilen (Akyl-huş bilen).

    Goluny sermek – dilemek, bir zadyň berilmegini ýalbaryp haýyş etmek.

    Pelek golun serdi dünýä malyna, Eýesiz eýledi, sürdi-de bardy.

    Ýagşy-ýaman düşer bolsa ýoluna,

    Soňun sanman, baryn urdy-da bardy (Sürdi-de bardy).

    Goluňa gelmezlik – alyp bilmezlik, edinmezlik, arzuw eden zadyň saňa nesip etmezligi.

    Göwünde islegiň goluňa gelmez,

    Ne Hak aňar, ne-de erenler bilmez,

    Tartar baryn zemin ýuwdar, uýalmaz,

    Ne dagda gar, jülgesinde gül galmaz (Päl galmaz).

    Golundan goldamak – kömek bermek, goldaw etmek, haýsydyr bir işde, hereketde, wezipede kömekleşmek.

    Erenler çetr alyp, başyň daldarlar,

    Hydyr, Ylýas rekabyňyz ýeldärler,

    On bir ymam goluňyzdan goldarlar,

    Jylawňyzda ymam Aly siziňdir (Aly siziňdir).

    Goly bagly – erksiz, ygtyýarsyz, garaşly, bagly.

    Magtymguly, goly bagly perişan,

    Ajap dessanymdan goýmady nyşan,

    Zyndanda oturdy pirlerimiz, işan,

    Idegim kerwenden ýoldy, neýläýin? (Galdy, neýläýin).

    Goly döwlete ýetmezlik – baýlyga, mala-mülke höwes etmezlik, baýlyga eýe bolmazlyk.

    Daglar gojalandyr, dumany gitmez,

    Şuny anyk biliň, namartlar ötmez,

    Mert ýigidiň goly döwlete ýetmez,

    Gaýta başdan hyýal armana geler (Amana geler).

    Goşuny baglamak – bir ýere ugramak üçin zerur bolan zatlaryny jemlemek, goşlaryny bir ýere toplamak.

    Bizem düşdük indi kerwensaraýa, Goşun baglap ýola bu kerwen çykar.

    Kimse geler zary eýläp haraýa,

    Idegin ýitirip, bir sarwan çykar (Kerwen çykar).

    Gowga gopmak – dawanyň, gykylygyň, galmagalyň bolmagy.

    Gowga gopdy, rehmet boýandy düzler,

    Saçyldy gan ýaşlar, açyldy gözler,

    Ýygyldy derwüşler, döküldi paýzlar,

    Göýä diýr sen ahyrzamana geldi (Diwana geldi).

    Göç turmak – göçmek, bir ýerden başga ýere gitmek.

    Göç turar göwnüm goşuny, bakyban permanyna,

    Günde bir wekili ýollar, arz edip gaşymyza (Daşymyza).

    Gödeklikden aýrylmak – çagalykdan saýlanmak, ýaşyň ulalmagy.

    Gödeklikden aýryldyň, şiweligi biler sen,

    Her niçe jepa çekseň, ahyr bir gün öler sen... (Nahana geldiň).

    Latest News

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (L) surady

    20/01/2024

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (L)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-II) surady

    19/07/2023

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-II)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-I) surady

    19/07/2023

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-I)
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI