Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
        • PRESENTATION COMPETITION WAS HELD
    • International cooperation
      • Meetings
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
        • SCIENTIFIC-PRACTICAL CONFERENCE WAS HELD
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Explanatory Dictionary of Magtymguly / T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (E-II)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (E-II) surady
    07/07/2023

    744

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (E-II)

    Eliň ýetmek – mümkinçiligiň, wagtyň bolmagy, başarmak.

    Eliň ýetse, arzyň aýtsaň Suhana,

    Akyl haýran bolar beýle diwana,

    Ýürekde dert bolup deger hem jana,

    Şagal ýaryp gitse awuň ýagşysyn (Aýyň ýagşysyn).

    Eli ýetmezlik – mümkinçiligi bolmazlyk, güýji-kuwwaty çatmazlyk.

    Elim Saňa ýetmez arzym etmäge,

    Işimiň rowajy ýokdur bitmäge,

    Dilber derdi goýmaz meni ýatmaga,

    Bagyşlasaň neýlär, ýarym, ýa, Alla (Ýarym, ýa, Alla).

    Eline degmezlik – miýesser etmezlik, alyp, edinip bilmezlik, bolmazlyk.

    Bedew gerek — äre söweşde serhoş,

    Ýat bilen baryşsaň, bolar garyndaş,

    Ýagşy ogul, ýagşy aýal, gyz, gardaş,

    Bu döwlet her kimiň eline degmez (Malyna degmez).

    Elini baglamak – 1. Mümkinçilik bermezlik, çäklendirmek.

    2. Daňmak, saramak.

    Sakla gybatdan diliňi,

    Otdan baglarlar eliňi,

    Açylan täze gülüňi,

    Alla soldurmazdan burun (Daň atmazdan burun).

    Eliňi ýuwmak – boş, hiç zatsyz galmak, hemme zadyňy elden gidirmek.

    Oglanlaryň durar zary-girýana,

    Egsikler saç ýaýar, düşer lerzana,

    Malyň kysmat bolup girer talaňa,

    Eliň ýuwup, çyka-çyka gider sen (Baka-baka gider sen).

    Elip biliň burulmak – ejizlemek, hasratdan, gaýgy-gamdan, zulumdan agyr ýagdaýa düşmek, garramak.

    Magtymguly, elip bilim buruldy,

    Damarym dartyldy, ganym duruldy,

    Ölüm zarby üç tarapdan uruldy,

    Akylym dagylyp, haýrana geldi (Weýrana geldi).

    Elip biliň bükülmek– ser. Elip biliň burulmak.

    Magtymguly, kes tiliňi,

    Bükerler elip biliňi,

    Azara goýma iliňi,

    Barysy ygtybar kyldy (Har kyldy).

    Elip kaddyň dala öwrülmek– ser. Elip biliň bükülmek.

    Eý ýaranlar, sormaýyrlar bir kişi halym meniň,

    Bolmady kaddym elip dek, öwrüler dalym meniň... (Dalym meniň).

    Elip kaddyň duta eýlemek – ser. Elip biliň bükülmek.

    Köýdürer şum pelek zulmy-jepasy,

    Ýalandyr, ynanmaň, ähdi-wepasy,

    Magtymguly, ýok bu sözüň hatasy,

    Pelek elip kaddym duta eýledi (Reýgan eýledi).

    Elip kaddyn dal etmek – ser. Elip biliň bükülmek.

    Magtymguly aýdar, dünýäniň işi,

    Söz manysna ýete bilmez her kişi,

    Her kimsäniň ölse dogan-gardaşy,

    Pelek onuň elip kaddyn dal eder (Al eder).

    Elipden, biden bihabar – nadan, sowatsyz, okuwsyz.

    Hiç aňlamaý zir-u zeber, ger tapsa jezbämden eser,

    «Elipden», «biden» bihabar, her demde bir Gurhan çykar (Jan çykar).

    Em bolmak – 1. Kesele derman bolmak, keselden gutulmagyna sebäp bolmak. 2. Agyr ýagdaýdan çykmagyna çäre bolmak, kynçylykdan gutuldyrmak.

    Tapa bilseň hakykatyň merdini,

    Çeşmiňe totuýa kylgyl gerdini,

    Gulzum deý günähiň tereň-derdini,

    Çyn toba gurudar oňa em bolup (Jem bolup).

    Emeline çolaşmak – eden erbet işleri üçin özi zyýan çekmek, özi günäkär bolmak.

    On gat gyzgyn demir düşek ornuna,

    Nowhageriň başy düşer burnuna,

    Dili süýner, düşer ýeter garnyna,

    Emelne çolaşyp galsa gerekdir (Magşarnama).

    Emre boýun goýmak – buýrugy ýerine ýetirmek, tabyn bolmak, gürrüňsiz berjaý etmek.

    Magtymguly boýun goýgul bu emre,

    Mala meşgul bolup, galmagyl gümra,

    Ýüz ýyllyk tetärik bäş günlük ömre,

    Akyl eýläň, niçik işdir, ýaranlar (Keçdir, ýaranlar).

    Erkini almak – kimdir birine öz diýeniňi etdirmek, seniň diýeniň boýunça hereket etmäge mejbur etmek.

    Gaçmaz panydan uýalyp,

    Gelermiş ganatyn ýaýyp,

    Mert ýigidiň erkin  alyp,

    Görüň, pelek nadan eýlär (Pynhan eýlär).

    Erkine goýmazlyk – biynjalyk etmek, etjek hereketini etdirmezlik, gününe goýmazlyk.

    Aşyk oldy är Ýusubyň görküne,

    Saldylar ýedi gat ýeriň berkine,

    Alty hatyn goýmadylar erkine,

    Ýusup hem olara nätdi, ýaranlar (Atly, ýaranlar).

    Esbaby şaý bolmak – ähli zady üpjün bolmak, kem zady bolmazlyk.

    Hem han bolsa, hem dünýäsi taý bolsa,

    Hem ölmese, hem esbaby şaý bolsa,

    Hem bermese, hem çüýrimez baý bolsa,

    Ýagşy ady hem dünýäde dan bolsa (Don bolsa).

    Essinden gitmek – huşuny ýitirmek, özüňi bilmezlik, ysgynyň gaçmagy, haýallamak.

    Bir makama duş boldum, pikr onda pikre batdy,

    Jan onda jandan boldy − essinden gidip ýatdy... (Birýana boldum imdi).

    Essine gelmek – özüňe gelmek, güýjüni tijemek, özüňi dürsemek, ysgyna gelmek, kuwwatlanmak.

    Gözünde ot ýanar, dahanda tütün, Öz-özi iýermiş gijeler etin.

    Aly goparypdyr sag göznüň çetin,

    Essine gelende geçýär imandan (Ryswa jahandan).

    Eşret sürmek – lezzetli, bagtly durmuşda ýaşamak, hezillikde ýaşamak.

    Magtymguly, bäş gün eşret sürmäge,

    Jaý imesdir eglenmäge, durmaga,

    Kararym ýok oturmaga, turmaga,

    Agzyn açyp durmuş ýer bizim sary (Ýar bizim sary).

    Latest News

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (L) surady

    20/01/2024

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (L)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-II) surady

    19/07/2023

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-II)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-I) surady

    19/07/2023

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-I)
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI