Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
        • PRESENTATION COMPETITION WAS HELD
    • International cooperation
      • Meetings
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
        • SCIENTIFIC-PRACTICAL CONFERENCE WAS HELD
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Explanatory Dictionary of Magtymguly / T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (D-II)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (D-II) surady
    04/07/2023

    794

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (D-II)

    Dogry ýöremek – dek gezmek, hiç kime azar bermän ýaşamak, kada-kanunlara laýyklykda  hereket etmek.

    Dogry ýören, dogry gezen dok bolar,

    Biwagt ýören melamata çoh galar,

    Ömrüň boýy ýygnaganyň ýok bolar,

    Haram söýen ýigitlere baş bolmaň (Baş bolmaň).

    Donuna sygmazlyk – 1. Gopbamsylyk, ulumsylyk etmek, hondan bärisi bolmak. 2. Begenjinden monça bolmak, öwünmek.

    Mest ýigit sygmaz donuna

    Üflasy tartar ýanyna,

    Namartlar öz juwanyna,

    Pikir kylmaň, ärlik etmez (Duman gitmez).

    Dost bilmek – ýakyn saýmak, ýakynlaşmak, araňy sazlamak.

    Özüňe dost bilme pany dünýäni,

    Ýalançyda gazanmagyn günäni,

    Baş atyp, göz gypyp, etme zynany,

    Gabr içinde çygyr, waýlar görer sen (Öýler görer sen).

    Döwleri permana salmak – güýçlülere diýeniňi etdirmek, güýçlüleri buýrugyňa tabyn etmek.

    Lukman kibi dertli dermanyn berseň,

    Rüstem dek döwleri permana salsaň,

    Isgender dek ýeriň ýüzüni alsaň,

    Ýere ýegsan bolsaň, ýer dek bolar sen (Bolar sen).

    Döwlet düşmek – işiň şowuna bolmazlygy, betbagtçylyga uçramak.

    Aklym-huşum gerdan içre çaşypdyr,

    Nar roýuny görmän, janym bişipdir,

    Ol abat salyňdan döwlet düşüpdir,

    Umman içre galar boldum salyňdan (Gutulmadym zulmuňdan).

    Döwlet gelmek – işiň şowuna bolmagy, bagtyň getirmegi, baýamak, mal-mülk edinmek.

    Hakdan bize döwlet gelse,

    Ýyglan gözler oýnap, gülse,

    Misginler ýurt gadryn bilse,

    Ýürekde hijran eýledi (Weýran eýledi).

    Döwletiň gitmek – bagtyň ýatmak, işi gaýtgynçylyga uçramak.

    Eý ýaranlar şu bir beýle eýýamdyr, Adamlary gezer ýaman päl bilen.

    Döwlet gidip bidöwletlik gelendir,

    Öý öýe ýagydyr, iller il bilen (Päl bilen).

    Döwlet gözlemek – baýlygyň, mal-mülküň yzynda hars urmak, baýlyga çapmak.

    Kimse malyň yzyn yzlap,

    Kimseler deşt içre ýazlap,

    Kimler, görüň, döwlet gözläp,

    Gözi bagly uçup barmyş (Akyl-huş bilen).

    Döwlet guşuny uçurmak – ser. Döwletiň gitmek.

    Aryp  bolar dünýä ýüzün syçyran,

    Selpäp gezer deşte malyn gaçyran,

    Pelek urup, döwlet guşun uçuran

    Zary-girýan aglar, han sesin aňsa (Jeň sesin aňsa).

    Döwlet guşy asmana galmak – bagtyň çüwmegi, baýlyga eýe bolmak.

    Döwlet guşy asman galdy, Hak sylady, nazar saldy,

    Aý-günler görüp uýaldy,

    Nadan pelek, aman-aman (Aman-aman).

    Döwlet guşy gonmak – ser. Döwlet guşy asmana galmak.

    Bidöwletiň çagasy,

    Bilmez ata-enesi,

    Arşa çykmyş nalasy,

    Döwlet guşy gonar diýip (Biler diýip).

    Döwlet tapmak – baýlyga, mal-mülke eýe bolmak.

    Kim tutar buýrugyň, kim çykar ýoldan,

    Kim jyda göz-gaşdan, kim galar goldan,

    Kimse döwlet tapar ol haram maldan,

    Kimlere gussany sen nan eýlediň (Jan eýlediň).

    Döwlet tutmak – ser. Döwlet tapmak.

    At gerek yrak atmaga,

    Näz gerekdir oýatmaga,

    Gelen döwleti tutmaga,

    Her ýurda pälwan han gerek (Jan gerek).

    Döwlete daýanmak – mala-mülke, baýlyga daýanmak, baýlygyňa buýsanmak.

    Namazhon derwüşler, döwletli baýlar, Pelegiň gerdany keçdir, ýaranlar.

    Minnetde okalan namaz ýol almaz,

    Döwlete daýanmaň, puçdur, ýaranlar (Keçdir, ýaranlar).

    Döwleti artmak – ser. Döwlet tapmak.

    Her kişiniň öz zürýady, – Jan hoşy – köňül kuwwaty,

    Artsyn jomardyň döwleti,

    Muhannesde aş bolmasyn (Joş bolmasyn).

    Döwran eýlemek – miýesser etmek, nesip etmek.

    Biakyl nadanlar, mert dörän ärler,

    Ol ýedi gat asman, ýedi gat ýerler,

    Akyl sözlän diller, bikemal serler,

    Her kime bir käri döwran eýlediň (Jan eýlediň).

    Döwran geçmek – ýaşaýşyň iň gowy pursatlarynyň geçmegi, ömrüň lezzetli wagtynyň ötmegi.

    Ne ýagşylar geçip, söhbetler tutdy,

    Ne döwranlar gelip, hoş bolup ötdi,

    Ömrüň ötdi, ýaşyň ýetdi, hal gitdi,

    Magtymguly, senden döwran geçipdir (Köp jan geçipdir).

    Döwrana gelmek – lezzetli, şatlykly geçirilýän pursada, wagta ýetmek.

    Hoş günüň azdyr başyňda,

    Jeýhun silidir daşyňda,

    Ýigrimi bäş sen ýaşyňda,

    Bir ajap döwrana geldiň (Jana geldiň).

    Döwran sürmek – şatlykda, lezzetli durmuşda ýaşamak.

    Niçeleriň ömür-ahyr roýy düşmez gözele,

    Niçeler döwran sürüp, günde bir gözel guçar (Heder eder).

    Döwre guramak – bir zadyň daşynda ýa içinde egrilişip oturmak, töwerekleýin oturmak.

    Hemme owaz eýläp, «Aleýk!» aýdylar,

    Yşarat eýleýip: «Ötgül» diýdiler,

    Döwre gurap, jama şerap guýdular,

    Maňa ýetgeç, golum açdym, ýaranlar (Uçdum, ýaranlar).

    Döwüş etmek – söweşmek, uruşmak, maksada ýetmek üçin jan aýamazlyk.

    Bahar-gyşy gitmez, serinden garlar,

    Daga bakyp zarlar magşugyn ýarlar,

    Döwş edip, jan alyp üstünde ärler,

    Läş bilen baglady ýolun daglaryň (Pälin daglaryň).

    Döz gelmezlik – çydamazlyk, öňünde durup bilmezlik.

    Üçünji ýer ady Arkaýy-Apak,

    Oduny demirden, döz gelmez toprak,

    Dowzah engury bar dagdan ulurak,

    Hakykat imansyz gullar onda bar (Onda bar).

    Duza myhman bolmak – ýaşaýşyň wagtlaýyndygy, az pursatlykdygy.

    Magtymguly, aýdar, iller sözümde,

    Ölüm ýadymdadyr, gorky gözümde,

    Her niçe ýaşasaň ýeriň ýüzünde,

    Adam ogly bäş gün duza myhmandyr (Göze myhmandyr).

    Duzy ýetmezlik – kämil bolmadyk, doly taýýar däl, bişişmedik.

    Kimsäniň ýetmez duzy,

    Uýalmaz gelni-gyzy,

    Kimleriň bagly gözi,

    Jahany görüp barmyş (Gidip barmyş).

    Dünýä gelmek – dogulmak.

    Adam ogly, dünýä geldiň gitmäge,

    Görüp dur sen bargu ýeriň ýatmaga,

    Jäht eder sen çalnyp jahan tutmaga,

    Bu işlere, meger, aklyň ýetmez hiç (Köňül ýatmaz hiç).

    Dünýä inmek – ser. Dünýä gelmek.

    Ataňyň bilinden önüp,

    Dokuz aýda dertden dynyp,

    Bu ýalançy dünýä inip,

    Ençe jepalary gördüň (Tutmaý bardyň).

    Dünýä köýüne gitmek – dünýä barada pikirlenmek,  dünýäniň, mal-mülküň aladasyny etmek.

    Magtymguly, gitdiň dünýä köýüne,

    Jahyllykda köňül goýduň oýuna,

    Imdi aýak basdyň otuz öýüne,

    Göz ýaşy saçylar çagdyr bu çaglar (Çagdyr bu çaglar).

    Dünýä küýüne düşmek – ser. Dünýä köýüne gitmek.

    Düşmüşem dünýä küýüne, Gysdy neýlärem, öýüne,

    Dostlar bu gün ýar roýuna

    Müşki-anbar seper boldum (Tapar boldum).

    Dünýäni almak – dünýä eýe bolmak, köp mal-mülküň eýesi bolmak.

    Rüstem Zal dälmidi dünýäni alan?

    Merdana-mert bolup, döwüşler kylan.

    Rafyk dälmi söwer hemrasy bolan?

    Namyssyz ýigitler gümana geler (Amana geler).

    Dünýäni behişt kylmak – bu dünýäni eşret mekanyna öwürmek, ýaşaýşy lezzetli etmek.

    Bu pelegiň çarhyny sen, erki bilen eýeläp,

    Bu dünýäni kyldyň behişt, eski jahana meňzemez (Meňzemez).

    5*

    Dünýäni çapmak – köp ýurtlar bilen söweş etmek, üstüne goşun sürmek.

    Ol kimsedir, baryp dünýäni çapdy,

    Ol kimsedir yslam dinini tapdy,

    Ybraýym haýsy ýyl Mekke düzetdi,

    Daglardan haýsy dag haja gidipdir (Öwjden öwje gidipdir).

    Dünýäni sürmek – eşretde ýaşamak, kem zadyň bolman, bol-elinlikde döwran sürmek.

    Sürdüň, dünýäni sürdüň,

    Ahyr wepasyn gördüň,

    Kyrkyňa gadam urduň,

    Kämil sen, huşa ýetdiň (Joşa ýetdiň).

    Dünýäni tutmak – köp mal, pul-zat toplamak, baýamak.

    Bu dünýäni tutma gyzgyn,

    Ýoldan çykyp, bolma azgyn,

    Biwepadyr, umyt üzgün,

    Gum guwanar, läşiň galar (Ýoldaşyň galar).

    Dyzdan kuwwat gitmek – garramak, gojalmak, kuwwatdan gaçmak.

    Goç ýigitden hem gylyç, at gidipdir,

    Merdanadan, görüň, gaýrat gidipdir,

    Gözüm gubar, dyzdan kuwwat gidipdir,

    Ýa ki beýle permanmydyr ynsana (Pelek beren döwrana).

    Dyzlaryň gurby gitmek – ser. Dyzdan kuwwat gitmek.

    Ýaňňy halym tagna kylyp, bak, kibir etdiň meni, Ýow-le üflaslara menzil-mekandar etdiň meni.

    Gurby giden dyzlarma bigadyr bar etdiň meni... (Meni).

    Latest News

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (L) surady

    20/01/2024

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (L)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-II) surady

    19/07/2023

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-II)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-I) surady

    19/07/2023

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-I)
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI