30/11/-0001
644
Taryha uzan dostlukly gatnaşyklar
Türkmenistan bilen Mongoliýa Halk Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň aprel aýynyň 23-ne ýola goýuldy. Şu ýylyň aprel aýynyň 23-ne hem diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl boldy. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Mongoliýa özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmek babatynda uly işleri alyp barýar, hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär.
Iki ýurduň arasynda Söwda-senagat ulgamyny ösdürmeklige hem aýratyn üns berilýär. Hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak babatynda iki dostlukly ýurduň paýtagtlarynda birnäçe maslahatlar, duşuşyklar geçirilýär. Geçirilýän duşuşyklarda ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň — ykdysadyýet we ösüş, energetika, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, azyk we dokma senagaty, saglygy goraýyş, awtoulag, şeýle hem “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň, “Türkmenpagta” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşýarlar hem-de tejribe alyşýarlar.
2015-nji ýylda Mongoliýanyň paýtagtynda geçirilen maslahata Mongol tarapyndan maslahatyň işine energetika, dokma önümlerini öndürmek hem-de ýerlemek, saglygy goraýyş we derman senagaty, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän hem-de azyk senagaty, logistika, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, maslahat hyzmatlaryny bermek hem-de beýleki ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen döwlet we hususy kärhanalarynyň 30-synyň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri gatnaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar öz çykyşlarynda ilkinji gezek geçirilýän we Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga, iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasynda uzak möhletleýin özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam berýän türkmen-mongol işewürler maslahatynyň möhüm ähmiýetini nygtadylar.
Türkmen wekiliýetiniň agzalary ýygnananlary durmuşa geçirilýän içeri we daşary syýasatyň esasy ugurlary, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän, Türkmenistanyň okgunly ösüş depginlerini, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen iri möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyrdylar.
Türkmenistanyň maýa goýum syýasaty babatynda hem-de hereket edýän milli kanunçylyk barada giň maglumatlar berildi, onda, hususan-da, ýurdumyzda işleýän maýa goýujylar, daşary ýurt kompaniýalary üçin ep-esli salgyt, gümrük, wiza we beýleki ýeňillikler göz öňünde tutulandyr.
Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň halklaryny netijeli döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ygtybarly esasy bolan dünýäde parahatçylyga we ylalaşyga gyzyklanmanyň birleşdirýändigini nygtamak bolýar.
Beggeldi GUTLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň II ýyl talyby.
Şeýle hem bu barada okap bilersiňiz: